|

«Men gaýgy…»

"Men gaýgy…" «MEN GAÝGY…»

Men gaýgy,
Meni gören gynanýar,
Edeni ugruna bolmaýanlardan.
Men telbe,
Edenin bilmeýänlerden.
Adam ýaly,
Emma welin adam däl.
Ruhum bolsa eýýäm taşlap gidipdir.
Ýitipdir.
Unudupdyr tenimi.
Belki azaşan bolmagam ahmal.
Ýaşap ýörendir ol başga birinde,
Ýa menden öýkelän borly.
Aý, ýöne menden…
Ruhum telbe,
Ruhum gaýgy,
Bedensiz.
…A siz?

Remezan MÄMETGURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle