Men gaýdyp gelerin
Men gaýdyp gelerin
Ykbalyň çöwrülip, ýyllaň azalna,
Boş hanada ýel däliräp hazanda,
Düýnki dostlaň seni oka dözende –
Men gaýdyp gelerin,
Gaýdyp gelerin.
Hiç haçan kalbyňa syraman syrgyn,
Badhyz pissesi dek gurgun bol gurgun,
Ummanda azaşyp ýitirseň ugruň –
Men gaýdyp gelerin,
Gaýdyp gelerin.
Ýylylyk gidende göz bilen demden,
Ýürek ýaralarňa Hak bermän hemdem,
Derdiň paýlaşara tapmaňda hemdem –
Men gaýdyp gelerin,
Gaýdyp gelerin.
Sende günä ýokdur – baryny alýan,
Ýerler yrananda – balyny alýan,
Bedewiň bagt saýyp – nalyny alýan –
Men gaýdyp gelerin,
Gaýdyp gelerin.
Suw perisem gidýär ahyr kamatdan,
Guşlaram çökýärler galyp ganatdan,
Aýap,
gorap, ýaman gepden,
gybatdan –
Men gaýdyp gelerin,
Gaýdyp gelerin.
Çig süýt emen adam pelegiň çarhyn –
Aýlap, ýör goý munda ýagşylyk dursun,
Oýnadanyň galar, bilmersiň ýarsyp –
Men gaýdyp gelerin,
Gaýdyp gelerin.
Kämil tapyp, günä duzuňdan gitmek,
Geçilmez jenaýat – ÖZÜŇDEN gitmek,
Türkmeniň seň ýaly gyzyndan gitmek –
Bolmaz. Men gelerin,
Gaýdyp gelerin.
Ýandyranyň üçin, ýananyň üçin,
Daşa adyň aglap ýazanyň üçin,
Meniň soňky söýgüm bolanyň üçin –
Ölmesem gelerin,
Gaýdyp gelerin… Goşgular