|

Men dünýäň aşygy

Men dünýäň aşygy MEN DÜNÝÄŇ AŞYGY

Men aşyk,
Bu gözel dünýäň aşygy,
Gözlerim hemişe barlyga teşne.
Meniň magşugymyň bir gowy ýeri,
Ýok onda artykmaç näz-u-kereşme.

Aslynda söýginiň nämedigini
Maňa öwredenem dünýäniň özi.
Hak syrdaşym – dostum dünýäň perzendi,
Ýassykdaşym – söýgim dünýäniň gyzy.

Aslynda, hyýaly pikirem däldir
Perileriň, hüýr-melekleň barlygy.
Ýöne dünýä maňa olary däl-de,
Özüm ýaly öz perzendin baglady.

Söýgi näme?
Birje gyzmy aslynda?
Ýok, ol müň gyzyňam çygryndan giňdir.
Guşlar,
Baglar,
Çeşme,
Siňňin ýagyşlar…
Okuw,
Işim,
Köçe,
Ýatlar-tanyşlar…
“Salam!”,
“Hoş geldiňiz!”,
“Balam!..”,
“Nemeler”…
Dükan,
Bazar…
Hem köp sanly ş.m-ler –
Bulaň bary dünýä bolan söýgimdir.

Dünýäde ýaşamak üçin söýemok,
Söýmek üçin ýaşaýaryn dünýäde.
Her ädimde million sany sebäp bar
Bu dünýäni söýmäge… Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle