Men dagly
Men dagly
Men dagly men
Emer-damarym bilen.
Daglaryñ düýbünde mesgenim bardyr.
Men dagly men,
Bütin dabaram bilen.
Diñe şol daglarda mes günüm bar.
Men dagly men
Daglylygna buýsanýan
Daglañ arasynda dagly ilim bar.
Ýaşlygym, goşgulam,
Hastatym, şadym
Daglara hem, dagly ile baglanan.
Men dagly men
Dagdan arkalydyryn.
Ýöne daşdan däldir ýüregim meniñ.
Şol daglaryñ aýlaw-aýlaw ýollary,
Altyn halkam-altyn ýüzügim meniñ.
Men dagly men
Käte goşgyñ joşundan,
Daglañky deý dumanlanýar bu serim
Ýöne bir arzuwym şu daglar ýaly,
Ilime ýaýrasyn meniñ eserim.
Durdymuhammet GURBАN. Goşgular