«Men barly öýlere myhman barmaýan…»
"Men barly öýlere myhman barmaýan…"

Men barly öýlere myhman barmaýan,
Lezzeti ýok, etseler-de hezzeti.
Setanda-seýranda barsam-da eger,
Näçe günläp soň çekýärin ezýeti.
Barly öýüň haramy kän nanynda,
Bir bendäniň gözleriniň ýaşy bar.
Daban azaby däl onuň binýady,
Pulmesi adamyň göwün hoşy bar.
Sanamaýyn ýekän-ýekän bar zady,
Dostum, muňa seň özüňem beletsiň.
“Pukara men” diýip, egniňi gysma,
Sen meň üçin, bilseň, beýik Keletsiň.
Ýasalsa-da diwarlary jäjekden,
Men barly öýlere barmaýan myhman.
Bir dostumyň horaşaja öýi bar,
Öýme barýan ýaly barýan her zaman…
28-29.05.2024.