|

Men bagt diýlende soňa düşünýän

Men bagt diýlende soňa düşünýän MEN BAGT DIÝLENDE ŞOÑA DÜŞÜNÝÄN

Sen elewreýäň, hars urýaň çar ýana
Bagtyň asyl manysyna düşünmän.
Janym sagat, demim rahat alýan-a
Men bagt diýlende şoňa düşünýän.

Gezip ýör gör niçe, baýlyga gyzyp
Nebsine haý diýmän, serhetden ozup
Hanha otyr ejem-kakam çaý süzüp,
Men bagt diýlende şoňa düşünýän.

Saklap bilsem abraýymy, şanymy
Ilim üçin gaýgyrmasam barymy
Ýoldaş etsem ömür söýen ýarymy
Men bagt diýlende şoňa düşünýän.

Belli dälem entek näçe görjegim
Perzent görsem.
Görsem ilki ýörjenin
Nesip etse görmeklige geljegin
Men bagt diýlende şoňa düşünýän.

Tiz islemen, bolubersin az-azdan
Name bolsa bolubersin saz-sazdan
Köp bagtym bar eken, barmak sanardan
Men bagt diýlende şoňa düşünýän.

Ylham GURBANALYÝEW.

2021. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle