|

Men ajal bilen dost boldum…

Men ajal bilen dost boldum… MEN AJAL BILEN DOST BOLDUM…

Men ajal bilen dost boldum,
Dostlugymyz berkeşipdi günsaýyn.
Eger islän çagy janym sorasa,
Razy men dostum üçin, jan bermä taýyn.

Ol adaty adamlar ýaly,
Emma,
Edýän işine ussat.
Men ony çagyrýan gelenok neçün,
Gelmegni isleýän…
Ýüregim gysýa…
Ikimiziñ dostlugymyz müdümi,
Ol söz berdi.
Menem söz berdim oña.
«Gerek wagty senden janyñ sorajak»
Diýdi-de, myssa ýylgyrdy maña.

Ýeri dostum!
Goý seniñ diýeniñ bolsun!
Göz sorasañ ikisinem bereýin,
Jan gerekmi?
Şu wagt diýseñem taýyn.
Menem saña birje haýyş soraýyn!
Menden öñ almagyn başgalañ janyn…

© Remezan MÄMETGURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle