|

Melekleriñ konkursy

Melekleriñ konkursy Nobatguly REJEPOW

▶ MELEKLERIŇ KONKURSY

Munda jem şäheriň peri-peýkeri,
Munda jem dünýäniň hüýri-melegi,
Olar tas ýalaňaç!
(Indi nä dünýäde gabahat barmy?!)
Güjeňläp sagrysyn,
güjeňläp göwsün
Durlar auksiona düşen at ýaly.
Göwüsleri gupba,
(hersi bir lukma!)
Boýny garyş,
eginleri terezi.
Şöhle taýýar gözelleriň budundan
(Munda üýşen erkekleriň geregi.)
Hersi bir şa gyzy
Hut ugrunda ýüwrüp-ýelesiň gelýär,
Ýok, olary söýmek gelenok göwne
Ýöne weli bile bolasyň gelýär.
Munda jem şäheriň peri-peýkeri,
Munda jem dünýäniň melegi-hüýri,
Pah, ynha hüýr gyzlar atýarlar owsun
Wah, indi türkmende Görogly barmy!?
Açgöz bilen synlap sagrysyn-göwsün,
Inçe biliň,
uýluklaryň iň gowsun
Saýlap bilmän juda horlanýar žýuri.
…Hol yzky hatarda bir aşyk ýigit
Diýýär: «Hüýri tapyşyňyz göreli,
Siz ony nireden gözleýärsiňiz
Meniň ýanymdaky dünýä gözeli!»

* * *

Men görmedik şäherlerim söýýärin.
Ýola gitmelimi—taýyndyr ýüklem.
Hezil ahyr
göwnüň batberek ýaly,
Uçuryp goýberseň
Boşadyp ýüpden.

…Seýl edýän nätanyş seýran baglarda,
Ykýan. Duşma aladaň ýok tanşyňa.
Agyr mähelleli restoranlarda
Saçym silkip çykýan ýaşlaň tansyna.
Münýän gidýän gabat gelen ulaga,
Ýolum—halan tarapyma rowana.
Azaşamok—sebäp barýan ýerim ýok,
Alakjamok—sebäp ajap howa-da!

Unudýaryn çagalarmyň barlygyn,
Dostu-duşmanlarym, hossa-aladam,
(Biledim alyngy). Galan baýlygym
Hasap ýöretmezden sowýan aýaman.

Men nätanyş şäherleri söýýärin,
Söýýärin näbelet myhmanhanamy.
Ýaşap, hasyl edip köňül söýlänim,
Çykýan öz dünýämden.
Ýykýan kadamy.

Lak atýaryn zyba gelni saýlaýyp,
Heser bile jigerimi ezýärin.
Ata araba däl,
ata aýlawy,
Aýlawa ýaýlany arzuw edýärin.
Men görmedik şäherlerim söýýärin… Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи