|

Mekdebim

Mekdebim MEKDEBIM

Klas — höwürtgämiz,
Mekdep — bagymyz,
Uçduk
höwürtgäni,
bagymyz taşlap.
Ýyllar kesek deýin pytratdy bizi,
Höwürtgämiz başga, bagymyz başga.

Her kim bir maksadyñ ugrunda uçdy,
Belli däl nirlere baryp gonany.
Bardyr maksadyna ýeten
ýa-da bar
Arzuwyn düýnünde ýygnap goýany.

Gonardan beýikdik,
degmedi ýere,
Söýginiñ ugrunda gedem dyzlarmyz.
Özge şahalara baryp gondular,
Bile ganat biten gözel gyzlarmyz.

Bar indi her kimiñ öznüñ Dünýäsi,
Gitdi her kim öwrülip bir ykbala.
Birmahal ugradan gögüne bakyp,
Mekdebimiz gözün dikýär ak ýola.

Ak başyñy ak nurlara sypadyp,
Gözleme, mekdebim, ýyldyzdan, Günden.
Durmuş ganatlary ýere baglandyr,
Geleris biz ýöräp ýeriñ üstünden.

* * *

Ýaşlyk ýyllarymyñ paýawlan wagty,
Gara saçlarymyñ gyrawlan wagty,
Kän zada seredýän indi başgaça,
Durmuşyñ lezzeti diýseñ başga-la.
Bilinmändir posalaryñ parhy hem,
Şoñ üçin bagtdan kimsäñ rysgy kem.
Gözümiz baglapdyr ýaşlyk ýelgini,
Däl eken durmuşyñ ýollary göni.
Indi beýniñ barha agralyp barýar,
Ýol — egri, ädimleñ dogralyp barýar.
Ýaşlygyñ başyna getirdiñ oýny,
Howalanyp, ah, çal beýni, çal beýni,
Geçip gitdi duýgulara eýlenip,
Wagtyndan ir garramakdan eýmenip,
Akyl käsesini doldurýar ýyllar,
Indi gidip bolmaz öñki deý ýyndam.
Ýeñil däldir dolan zady götermek,
Dökmän-saçman ahyryna ýetirmek.

Aşyrguly BAÝRYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle