Mejlishalarlar
Mejlishalarlar
MEJLISHALARLAR
"Düýn men "Izwestiýada" Maýakowskiniñ syýasy temadaky goşgusyny tötänden okadym. Men onuñ şahyrçylyk tarantyna maýyllardan däldirin, onsoñam şahyrçylyk barasynda özümiñ habarymyñ ýokdugyny doly boýnuma alýaryn. Emma men syýasy we adminstratiw nukdaý nazardan garamda köp .de kommunistler hemişe mejlis edip otyrlar we mejlis üstüne mejlis geçirýärler diýip olaryñ üstünden gülýär. Poeziýa dogrusynda nähilidigini bilmeýärin, ýöne syýasat dogrusynda munuñ bütinleý dogrudygyna kepil bolýaryn".
W.I.Lenin.
Gije geçip,
ýañy dañ atan bada,
Kimiñ baş edara,
ýa başga birne,
Kimiñ syýas,
Kimiñ añ-bilim
ýa-da
Komlaryñ birne
Ýüzüniñ ugruna
Haýdap barşyn
görýän
Her gün ertirne.
Hat işi ýagyp dur
ýagyş dek bolup,
Edara girdigiñ sussuñ basýarlar.
Ýarym ýüz
Iñ wajyp
hat işin alyp,
Işgärler mejlise
ýelk ýasaýarlar.
Diýersiñ:
"Men gelip
gidýän örän kän
Kabul künjeginden
orun tutmaga!"
"Ýoldaş Iwan Wanyç
Teo hem Gukon
Birlige gitdiler
mejlis etmäge!"
Ýüz basgançak ýöräp iki arada
Irersiñ.
Diýerler:
"Bir sagatdan gel!
Bir çüýşejik syýa
almak barada,
Gubkoopyñ
mejlisi gidýär şu mahal".
Bir sagatdan welin —
ne sekretary,
Ne özgesin
görýän gulluk ýerinde.
22 ýaşa çenlileñ bary
Otyrlar komsomol mejlislerinde.
Ýene
Ýüzüm tutup garañka bakan.
Çykýan beýik jaýyñ soñky gatyna.
Diýýän:
"Iwan Wanyç geldilermikän?"
Ol bolsa gidipdir
A-be-we-ge-de-ýe-že-ze-komuñ
Maslahatyna.
Gazap bilen
Länet okap,
Küpürsäp,
Girýän mejlise
Bat bilen kürsäp.
Görsem:
Ýarym göwre adam barysy.
Bu nä şumluk!
Diýýän özüm dürsäp —
Nirdekä
Göwreleñ galan ýarysy?
"Gyrdylar!
Soýdular!"
diýip, men aşa
Gygyryp urundym
Añdym hemmesin.
Bu elhenç görnüşe
akylym çaşa,
Eşidýän kätibiñ anjaýyn sesin:
"Olar bir mahalda
iki ýygnakda,
Günde biz
Ýigrimi mejlis etmeli.
Bialaç bölünýäs —
ýygnanyşmakda —
Guşaklyga çenli bolup bu ýerde,
Galan ýary bolsa
köp mejlislerde
Özüne
hemişe
orun tutmaly."
* * *
Tolgunyp ýatmadym
ekip bolsady:
"Mejlisleriñ baryn ýok etmek hakda
Ýene-de
Käşgä bir mejlis bolsady!"
Diýen arzuw möwç urýar gursakda.
1922 ý.
Wladimir MAÝAKOWSKIÝ.
Goşgular