| | |

Mäti Kösäýew

Mäti Kösäýew Professor Mäti Kösäýew tutuş manyly ömründe geçmiş edebiýatymyzy, türkmen halk döredijiliginiň nusgalaryny öwrenmekde, olary okyjylara ýetirmekde uly işeňňirlik görkezen alymlaryň biridir. Mä­lim bolşy ýaly, ylym bilen meş­gullanýan adamlaryň arasynda “Geç­mişi öwrenmezden, geljege gadam basmak mümkin däl” diýen wagtyň synagyndan geçen ýö­relge bar. Hakykatdan-da, geç­mişimizde nusga edinäý­meli ýol-ýodalar, düzgün-kadalar bar. Bu ruhy gymmatlyklarymyzyň kemala gelmegine uly goşant goşan Mä­ti Kö­sä­ýew, Ata Gowşudow, Aman Kekilow, Baý­muhammet Garryýew, Berdi Kerbabaýew, Ruhy Alyýew… ýaly, şu ajaýyp günlerimiziň bagtyýar ýaş­larymyz üçin gö­relde mekdebi bolan meş­hur alymlarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz bar. Bu tanymal şahsyýetlerimiz geçen asyryň birinji ýarymynda türkmen edebiýatynyň, edebiýaty öwreniş ylmynyň başyny baş­lan adamlardyr.

Bularyň arasynda meş­hur alymymyz professor Mä­ti Kö­sä­ýew tutuş manyly ömründe geç­miş edebiýatymyzy, türkmen halk dö­redijiliginiň nusgalaryny öwrenmekde, olary okyjylara ýetirmekde uly işeň­ňirlik görkezen alymlaryň biridir. Mä­ti durmuş, dö­redijilik ýolunyň ýeňil bolmandygyna garamazdan, dyngysyz zähmeti bilen köpleriň söý­gü­sine we hormatyna mynasyp boldy. Ol türkmen halk dö­redijiliginiň ençeme eserlerini toplap, çapa taý­ýarlan, olaryň okyjylara ýetmegini, ylmy taý­dan öwrenilmegini gazanan alym hökmünde tanalýar. Meş­hur “Gorkut ata”, “Gö­rogly” eposlarynyň, “Şasenem-Garyp”, “Ýusup-Ahmet”, “Asly-Kerem” ýaly dessanlaryň, Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eseriniň toplanylmagynda, kitap görnü­şinde okyjylara ýetmeginde Mä­ti aganyň abyrsyz hyzmaty bardyr.

Galyberse-de, bu meş­hur alymymyz beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserlerini toplamakda, neşir etmekde, sözlüklerini düzmekde, ýaşyny, döwrü­ni anyklamakda, oňa bagyş­lanan ylmy maslahatlary taý­ýarlamakda, geçirmekde ýadawsyz iş­län Magtymgulyşynasdyr. Mä­ti aga XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli şahyrlarynyň ençemesiniň eserleriniň toplanylmagyna, çap edilmegine, ylmy taý­dan derňelmegine gatnaşan alymdyr. Mä­ti Kö­sä­ýew 1906-njy ýylda Herrikgala obasynda daý­han Annadurdynyň (ýörgünli lakamy – Kö­se) maş­galasynda eneden bolýar. Bu maş­galada ol ýeke-täk perzent bolan. Mä­ti bäş ýaşyndaka, onuň kakasy maş­galasynyň ýeter-ýetmezçiligi zerarly, eklenç gözläp, Tejeniň Bagşymiriş obasyna (hä­zirki Agalaň) dü­ýeli gö­çüp barýar.

Ol 1922-1925-nji ýyllarda ilki Bagşymiriş­dä­ki mekdepde, soň­ra Agalaň­da açylan mekdepde okaýar. 1926-njy ýylda bilime bolan hö­wesi ony Mary şä­herindä­ki oba mekdepleriň mugallymlaryny taý­ýarlaýan bir ýyllyk okuwa alyp gelýär. Ol 1926-njy ýylyň sentýabryndan 1928-nji ýylyň güý­zü­ne çenli Tejeniň Aksopy obasyndaky mekdepde mugallymçylyk edýär. Gündiz çagalary okatsa, agşamlaryna ululara sowat öwredýär. Mugallymçylyk eden döwründe türkmen halkynyň baý edebiýaty bilen gyzyklanyp baş­laýar. Obalara aý­lanyp, ençeme wakalaryň şaýady bolan ýaşulylardan ýazyp alan lä­lelerini, hüwdilerini, monjugatdylaryny Aş­gabatdaky şol wagtky Türkmen kultura (Türkmen medeniýet instituty) iberip durýar. Ýaş zehinli mugallym Tejene işe çagyrylýar. 1928-1930-njy ýyllarda ol Tejendä­ki mekdep-internatyň terbiýeçi-mugallymy, soň­ra bolsa mü­diri bolup iş­leýär. Şol dö­würlerde ýaş şahyryň goş­gulary, aý­dymlary we lä­leleri şol wagtky “Pioner” (hä­zirki “Gü­neş”) žurnalynda, “Türkmenistan” hem “Daý­han” gazetlerinde çap edilýär.

1926-1931-nji ýyllarda Mä­ti Kö­sä­ýew magaryf guramalarynda iş­leýär. Ýaş şahyr 1931-nji ýylda tä­ze açylan Aş­gabat mugallymçylyk institutynyň (hä­zirki Magtymguly adyndaky TDU) dil-edebiýat fakultetine okuwa girýär. 1934-nji ýylda instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Ony şu ýerde mugallym edip galdyrýarlar. Munuň sebä­bi Mä­ti Kö­sä­ýew latyn dilini gowy bilýärdi hem dö­redijilik bilen meş­gullanýardy. Ol professor A.P.Poseluýewskiniň assisenti hem şä­girdi bolup, ene dili, halk dö­redijiligi, nusgawy edebiýat hem kö­ne türkmen ýazuwyndan okadýar. Soň­ra uly mugallym, 1939-1952-nji ýyllarda bolsa dosent bolup iş­leýär. Ol şol ýyllardan baş­lap, mugallymçylyk hem ylmy iş­leri utgaş­dyryp alyp barandygyna onuň mekdepler hem ýokary okuw mekdepleri üçin ýazan okuw maksatnamalary, okuw gollanmalaryny düzmä­ge işeň­ňir gatnaş­magy, aspiranturada okan ýyllary “Türkmen dilinde omonimler” diýen mowzukdan ylmy iş ýazandygy gü­wä geç­ýär.

Mä­ti aga B.Kerbabaýew, A.Gürgenli, R.Alyýew, A.Kekilow, A.Gowşudow, B.Garryýew ýaly meş­hur şahyrlar, alymlar bilen türkmen edebiýatyny hem halk dö­redijiligini ilkinji öwrenjilerden biridir. M.Kö­sä­ýew özü­niň ilkinji okuw kitabyny, 2-nji synp üçin “Ene dili” kitabyny 1938-nji ýylda ýazýar. Bu kitap 30 gezek neşir edilip, soň­ky neşiri 1987-nji ýylda çap edildi. M.Kö­sä­ýew 1942-1946-njy ýyllarda “Sowet Türkmenistany” gazetiniň redaktorynyň orunbasary, şol mahalky “Sowet edebiýaty” (hä­zirki “Garagum”) žurnalynyň redaktory bolup iş­leýär. Mä­ti aga 1962-1973-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň mü­diri – professory wezipesinde iş­ledi.

1934-nji ýyldan bä­ri iş­läp gelýän kafedrasynyň mugallymy, dosenti, professory, mü­diri hö­münde türkmen halk dö­redijiligi, gadymy türkmen edebiýaty, XVIII-XIX asyrlaryň türkmen edebiýaty ýaly taryhy-edebiýat maksatnamalarynyň iş­lenip taý­ýarlanylmagyna ýolbaş­çylyk etdi. Nazar Gullaýew, Kakajan Ataýew, Abdyrahman Mülkamanow, Kakajan Durdyýew, Öre Sapaýew, Babyş Mämmetýazow, Sä­het Rejebow, Kä­be Borjakowa… ýaly ençeme ýaş alymlaryň alymlyk dissertasiýalaryna ylmy ýolbaş­çylyk etdi, türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymlaryny saý­lap-seçip, Türkmenistanyň ruhy medeniýetini kämilleşdirdi, iň esasy bolsa, ýüzläp-ýüzläp edebiýat mugallymlarynyň, onlap ylmy iş­gärleriň, edebiýatçylaryň, žurnalistleriň ösüp ýetiş­megine uly tagalla etdi. Mä­ti aga 1984-nji ýylda aradan çykdy. Gö­zel paý­tagtymyzyň kö­çeleriniň biri Mä­ti Kö­sä­ýewiň adyny gö­terýär. Bu bolsa, Mä­ti Kösäýew ýaly, il-gü­nü­ne halal hyzmat eden adamlaryň hemişe ýagşylykda ýatlanjakdygyna gü­wä geç­ýändir!

Jennet Şamyýewa, Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy. Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle