Maşa / erteki-poema
Maşa / erteki-poema
Bir obada Maşa atly,
Ýetim ösen bir gyz bardy.
Zalym eneligi oña,
Ýersiz ýere sögünýärdi.
Enebaşga uýasy hem
Gün bermezdi çytyp gaşyn.
Maşa gyz sessiz aglardy,
Gizlin döküp gözde ýaşyn.
Ýaman söz agza almazdy,
Maşa görgüli gowjady.
Söz aýtmaga gelenleri
Aýal dogany sowsa-da.
Maşañ täze toý köýnegnem
Ýygnady enelik zalym.
Bezenere zat ýok gyzda,
Ýigitler soranok halyn.
Gezip ýör köne köýnekli,
Köýnekde telim ýama bar.
Eneligiñ gyzy welin,
Monjuk, ysyrga dakynýar.
Il-günüñ beren zadyndan
Täze köýnek tikdi Maşa.
Atynan mawy ýaglygy
Gelişdi ol galam gaşa.
Ybadathana gitjekdi,
Ol bezenip bilse eger.
Şonuñ üçin eneligne
Diýdi: «Maña monjuk äber».
Eneligi gazap bilen
Topulanda çyzgap goly.
Gözi gorkan ýetim gyzyñ
Bada-bat tutuldy dili.
Aglap çykan Maşa nätsin,
Ýok başga barara gapy.
Ene mazaryna gitse,
Onam biljek däldi tapyp.
Ýollary gömüpdir syrgyn,
Giñ giden gözýetim gardy.
Penjireleñ öñleri hem
Syran gardan dolup durdy.
Daş gapyda duran Maşa
Aglaýardy, teñdi haly.
Şuwlap-şuwlap ýel ösýärdi,
Gorkunçdy gije bir hili.
Öýüñ çüñküne duwlanyp,
Maşañ şol aglap oturşy.
Ýaşly gözlerini sylýar,
Köýneginiñ öñne garşy.
Gitdigiçe sowuk güýjeýär,
Ýelem gazabyna çykýar.
Maşañ gözünden dür ýaly,
Damja-damja ýaşlar akýar.
Bulutdan çykan Aý nury
Älem-jahany tutanmyş.
Görse Maşa, basgançakda
Bir üýşmek hünji ýatanmyş.
Maşa örän begenipdir,
Hünjüjikler dürden eken.
Ol üşän elleri bilen
Çöpläp alýar ýeke-ýeke.
Soñ Maşa gapyny açyp
Öýlerine girjek bolup.
Üýşmek garyñ añyrsyndan
Garry adam ylgap gelip,
Diýýär oña: «Eý, gözel gyz,
Hany bir azajyk duruñ!
Görmediñmi, şu ýerlerde
Gaçyran ekenim dürüm».
Maşanyñ gorkudan ýaña,
Titiräp, ini dyglady.
Soñ sakawlap, diýdi garra:
«Ýañja olary ýygnadym».
Utanjyndan boz-ýaz bolan,
Ýüzüni sowup dessine.
Ýygnan dürün dökjek boldy,
Doñan basgançak üstüne.
Şonda garry şeýle diýdi:
«Dur gyzym, dur, dökme, dökme!
Men senj synajak boldum,
Al, olar señki, bek sakla».
Maşa begenjinden gülüp,
Gyzaryp dur oña bakyp,
Garry gyza şeýle diýdi,
Az salymlyk ünsün çekip.
«Gördüm gyzym, ençe gezek,
Señ nähak gözýaş dökeniñ.
Öýden kowan eneligiñ
Bagry daş, zalym ekenin.
Öýde bsa gyz doganyñ
Beslenýär saçlaryn darap.
Gynanman, gülýärdi gaýta,
Penjireden saña garap.
Syrgynda aglap durşyny,
Görüp, gynandym keseden,
Döken ýaşlaryñ doñduryp,
Men olardan dür ýasadym.
Seniñ halyña gynanyp,
Halys saklap bilmän özüm,
Doñdurdym men eneligñi
Hemem oñ doñýürek gyzyn.
Olar ýaly zalym bolma,
Gulluk et haýra-sogaba.
Bu wesýetim, dür sowgadym,
Meniñ adym Aýazbaba».
Soñ ol garry gaýyp boldy,
Maşa dürlerne seretdi.
Biraz daşaryk diñ salyp,
Soñ öýlerne girip gitdi.
Ertesi ir bilen Maşa
Ugrady gabyr gazmaga.
Şol gün şanyñ nökerlerem.
Şa buýrupdy nökerlerne:
«Aýlanyñda bütin ili,
Iñ bir gözel gyzy saýlañ,
Maña gelin bolar ýaly».
Ol nökerler Maşa duşup,
«Biz seni saýlajak» diýdi.
Ýöne Maşa: «Ilki bilen
Ölimi jaýlajak» diýdi.
Jaýlady. Soñ ýasyn tutdy,
Gaýgy-endişe sowuldy.
Şeýdip, Maşa atly ýetim,
Hut, patyşa gelin boldy.
Sergeý ÝESENIN.
Terjime eden: Ahmet GURBANNEPESOW. Poemalar