Mapuiniň öýi (Hekaya)

Mapuiniň öýi (Hekaya)

Jek LON­DON, ame­ri­kan ýa­zy­jysy

Gabarasynyň kiçi-girim däldigine garamazdan, «Aorai» gämisi pessaýja şemalyň ugruna çakganlyk bilen ýüzüp barýardy. Gämibaşy labyr taşlamazdan ötri gämini adanyň golaý-goltumynda, tolkunlaryň heniz göterilip ýetişmeýän ýerinde saklady. Ini-boýy ýigrimi mil bolan, suw joşan mahaly ondan bary-ýogy dört-bäş fut ýokarda galýan Nikuery adasynyň tutuş erňegi ýüz ýard giňlikde üwelen merjen çägesiniň halkasy bilen gurşalypdy. Düýbi görnüp duran dury suwly ýalpak aýlag dür balykgulaklaryndan doludy, gäminiň gerşine çyksaň, halka görnüşli merjen adasynyň aňyrsynda suwa çümüp-çykyp ýören dür gözleýjilere gözüň düşýärdi. Ada has golaý barmaga söwda gämisi hem milt edip bilmeýärdi. Çaklaňrak kürekli gaýyklara ugurdaş ýeliň öwüsýän wagty egrem-bugram bogazyň üsti bilen ada aralaşmak başartsa-da, gämiler sesýetim aralykda labyr taşlap, kenara gaýyk ugratmak bilen çäklenýärdiler.

«Aoraiden» çakganlyk bilen gaýyk suwa goýberildi, billeri gyzyl guşakly birnäçe garaýagyz deňizçi gämiden gaýyga böküp düşdi. Olar küreklere ýapyşdylar, ak jalbarly ýaş ýigit gaýygyň burnunda ornaşdy. Bu jelegaýlarda beýle biçüwli eşikleri ýewropalylar geýýärdiler. Her nähilem bolsa, ol garnuwsyz ýewropaly-ha däldi; akýagyz bedeniniň altynsow öwüşgini, mawy gözlerinde oýnaklaýan altynsow uçgunjyklar onuň ganynda polinez garnuwynyň bardygyny mesaňa mälim edip durdy. Bu alty sany söwda gämisiniň eýesi Mari Raulyň kiçi ogly Aleksandr Rauldy. Gaýyk bogazyň agzynda emele gelen girdapdan aman-esen geçdi-de, kenara urlup möwjeýän tolkunlary böwsüp, aýna dek tekiz aýlaga çykdy. Raul ak çägäniň üstüne böküp düşdi, ýerli ilatdan bolan uzyn boýly ýaş ýigit bilen elleşip görüşdi. Döşleri gapak ýaly, eginlek ýaş ýigidiň jonnuk sag eliniň wagtyň geçmegi bilen ap-ak bolan süňki görnüp durdy. Bu onuň akula bilen pete-pet gelendiginiň alamatydy, indi suwuň düýbünden dür gözlemek oňa ýat bolup, ol bir ownuk desmalça öwrülipdi.

Desmalçy salam-helikden soň, göni habaryny aýtdy:

— Alek, sen entek eşiden däl bolsaň gerek. Mapui dür tapdy. Tüýs dür jan-da! Beýle dür heniz Hikueruda, tutuş Paumotada, asyl dünýäde tapylan däl bolsa gerek. Satyn al, sypdyrma, dür henizem onda. Ol bir bikemal ahyry, köp pul sorap durmaz-la. Ýadyňda sakla, muny saňa ilki men aýdandyryn.

Raul dessine kenaryň boýy bilen ýokarlygyna, beýik agajyň aşagynda garalyp görünýän külbä tarap ýöneldi. Ol ejesiniň elinde işleýärdi, Paumotu adalaryna aýlanyp, hoz maňzyny, balykgulakdyr dür satyn almak onuň wezipesine girýärdi.

Ol bu işe täzelikde baş goşupdy, bu jelegaýlara ilkinji gezek gelşidi. Şonuň üçinem düri takyk bahalandyryp bilmerin öýdüp alada galýardy. Mapui oňa tapan dürüni görkezende welin, ol içki göçgünini basyp, söhbedi biperwaý äheňde dowam etmegi başardy. Dür, dogrudan-da, dür jandy. Ol birkemsiz şekilli, kepderi ýumurtgasynyň ululygyndaky dürdi, jowur aklygy bilen beýleki ähli reňkleri öçügsi alawa öwrüp, serpikdirip duran bu dür onuň aňyny aldy. Onuň edil jany bar ýalydy. Raul heniz beýle ajaýyp zat görmändi.

Mapui aýasynda goýan dürüniň eline agram salşyna haýran galdy. Bu onuň juda üýtgeşikdigini aňladýardy. Ol düri ulaldyjy aýnanyň aşagynda goýup, hernäçe üns bilen synlasa-da, ondan ýekeje kem tapaýsa nädersiň. Ol şeýlebir päkizedi welin, göýä, hä diýmän, howada eräp gidäýjek ýalydy. Kölegede ol Aý kimin kümüşsöw öwüsýärdi. Onuň durulygyna-da söz ýokdy, suwly bulgura taşlan Raul ony suwdan zordan saýgardy. Dür dessine bulguryň düýbüne çökdi, bu-da onuň birkemsizliginden ýene bir nyşandy.

Ahyrsoňy, ol:

— Bu dürüň üçin näçeräk isleýäň? — diýip, biperwaýlyga salan bolup sorady.

— Maňa gerek… — diýip, Mapui peltekläp söze başlady.

Mapuiniň eginleriniň üstaşyry, Güne ýanan goňras ýüzüniň her gapdalynda iki aýal bilen bir gyzjagazyň ýüzi göründi. Olar tolgunmakdan ýaňa uçganaklaýan gözlerini myhmana dikip, boýunlaryny süýndürip, öý eýesiniň her bir sözüni tassyklamaga häzir bolup durdular.

— Maňa öý zerur — diýip, Mapui sözüni dowam etdi. — Poslamaýan demir üçekli bolmaly, diwarda-da sekiz burçly sagat asylgy durmaly. Onuň daş-töweregi eýwanly, uzynlygy bolsa kyrk fut bolmaly. Ortada ullakan otag, onda-da tegelek stol bolsun, diwarda-da agramlykly sagat… Uly otagyň her tarapynda iki sany, jemi dört sany ýatalga otagy bolsun; her ýatalga jaýynda-da polatdan ýatalga, iki sany oturgyç bilenem elýuwar goýulsyn. Öýüň ýeňsesinde bolsa, ojakly, gazandyr çemçe-çanakly hakyky aşhana gerek. Seň şeýle öýi meň ýaşaýan adamda — Fakarawada gurup bermegiň gerek.

— Şu hemmesimi? — diýip, Raul ynamsyz sorady.

— Goý, tikin maşyny-da bolsun — diýip, Mapuiniň aýaly Tefara söze goşuldy.

Ejesi Nauri hem kem galyp barýan ýaly:

— Agramlykly diwar sagady-da hökman bolaýmaly… — diýip dillendi.

— Ine, indi hemmesi şu — diýip, Mapui jemledim etdi.

Raul gülüp hezil etdi. Ýöne ol gülküsiniň arasynda öz ýanyndan hasap öwürýärdi. Ol häzire çenli jaý gurup görmänsoň, bu işi anyk göz öňüne-de getirip bilenokdy. Raul gülküsini gowzatman Taitiden gurluşyk harytlaryny getirtmekligiň, olary Fakarawa düşürtmekligiň hem-de gurluşyk işleriniň çykdajysyny hasaplady.

Bu zatlaryň baryna, eger tegelekläp alsaň, dört müň fransuz dollary, başgaça aýdylanda, ýigrimi müň frank gerek boljakdy. Bu akyla sygjak zat däldi. Onsoňam dürüň şonça pula degip-degmeýänligi belli däldi. Ýigrimi müň frank juda kän puldy, onsoňam ejesiniň puludy.

— Mapui — diýip, ol ahyrsoňy dil ýardy. — Sen akmak. Bahasyny pul bilen aýt.

Mapui «ýok» diýen terzde başyny ýaýkady, ýeňsesindäki üç kelle hem şol bir hereketi gaýtalady.

Gaýtam ol:

— Maňa öý gerek — diýip, şol öňki heňine tutdurdy. — Uzynlygy kyrk funt bolmaly, daş-töweregi eýwanly…

Raul oňa geplemäge maý bermedi:

— Hawa, hawa. Men näme isleýäniňe düşündim, ýöne mundan netije çykmaz. Men saňa bir müň çili dollaryny bereýin…

Dört kelle bu teklibi ret edýän şekilde deňje yraň atdy.

— Ýene ýüz çili dollarlyk nesýe bereýin.

— Maňa öý gerek…

Mapui bir depen ýerini depdi durdy. Raul hem ýeň bermedi:

— Öýüň saňa nämä zerurlygy bar? Birinji gaý-tupan ony süpürip, deňze taşlar. Ony özüň gowy bilýäň. Gämibaşy Raffi dek häzir hem tupana garaşybermeli diýýär.

Ýöne Mapui özüniňkiden dänmek islemedi:

— Fakarawada beýle bolmaz, ol ýerde kenar ep-esli beýik. Bärde, mümkin, süpürip taşlar; Hikueruda islendik tupandan gorkubermeli. Maňa Fakarawadan öý gerek, uzynlygy kyrk fut, daş-töweregi eýwanly…

Raul onuň öý hakyndaky gürrüňini ýene bir gezek diňlemeli boldy. Onuň jaý hakyndaky arzuwyndan el üzdürmek isläp, ol esli sagat jan çekdi, ýöne aýalydyr ejesi we Ngakura atly gyzy tarapyndan gop berilýän Mapui raýyndan gaýdarly däldi. Arzyly öý hakyndaky jikme-jik gürrüňi ýigrimi gezek dagy diňlän Raul külbäniň açyk gapysyndan «Aoraiden» ikinji gaýygyň hem kenara gelendigini gördi. Gaýykdakylar bada-bat yzyna dolanmakçy bolýan ýaly, ellerini kürekden aýranokdylar. Gämibaşynyň kömekçisi dabany çägä degen dessine golak desmalçydan bir zatlar sorady-da, Raulyň ýanyna ýöneldi. Howa duýdansyz garaňkyrady — Günüň öňüni gara bulut tutupdy. Aýlagdan aňyrda tüýsi bozuk şemal tolkunlara meçew berip, ýakynlaşyp gelýärdi.

Kömekçi gyssanmaç söze başlady:

— Gämibaşy Raffi: «Bärden gaty tiz garany saýlamaly. Dür bolsa-da gitmeli, soň alyp ýetişeris» diýýär. Barometr ýigrimi dokuz we ýetmişden aşak düşdi.

Güýçli şemal Raulyň üstüne saýa salyp duran kokos palmasynyň şahalaryny silkeläp, bişen hozlaryň ep-eslisini ýere gaçyryp geçdi. Esli aradaşlykda böwedi ýarylan ýagyş şemal bilen bilelikde süýşüp gelýärdi, aýlagyň suwunyň ýüzi çil-çil bolupdy. Ýagşyň ýapraklara degip çykarýan şabyrdysy Rauly aýak üstüne galmaga mejbur etdi.

Ol ýerinden turansoňam janyny barlamak isledi:

— Mapui, nagt bir müň çili dollary bilen iki ýüz dollarlyk nesýe…

— Maňa öý gerek…

Mapui sözüni soňlaman goýdy.

— Mapui! — diýen Raulyň sesi ýeliň şuwwuldysyna garylyp gitdi. — Sen tüýs akmak ekeniň!

Ol gämibaşynyň kömekçisi bilen bile külbeden atylyp çykdy-da, gaýygyň garaşýan ýerine, kenara tarap haýdady. Gaýyk görnenokdy. Güýçli çabga olaryň daşyny egelän galyň diwara çalym edýärdi, olar diňe kenaryň bir bölegini we kenara agyz urýan kiçijik tolkunlary saýgaryp bilýärdiler. Gapdalda kimdir biriniň sudury göründi. Bu golak Huru-Hurudy.

— Düri aldyňmy? — diýip, ol Raulyň gulagyna gygyryp sorady.

— Mapui samsyk! — diýip, ol ganygyzgyn seslense-de, bedreden guýulýan ýaly bolup ýagýan ýagyş gep-söz alyşmaga maý bermedi.

Ýarym sagatdan ýüzüni deňze tarap öwrüp duran Huru-Huru iki gaýygyň hem gämä galdyrylanyny we «Aorainiň» adadan uzaklaşanyny gördi. Az salymdan göýä tupana atlanyp gelen dek, başga bir gämi peýda boldy. Labyr taşlanan ol gämiden hem suwa gaýyk sallandy. Huru-Huru bu gämini hem oňat tanaýardy. Ol metis söwdagär Torikiniň gämisi «Orohenady». Onuň özi adalara aýlanyp dür satyn alýardy, häzir gaýygyň burnunda dim-dik duran hem onuň hut özüdi. Huru-Huru ýeserlik bilen ýylgyrdy. Ol Mapuiniň geçen ýyl nesýe alan harytlary üçin Toriki bilen üzülişip bilmän ýöreninden habarlydy.

Tupan hiç bolmadyk ýaly geçip gitdi. Ýaldyrap Gün çykdy, aýlagyň suwy ýene öňküsi ýaly aýna dek tekizlendi. Howa welin edil ýelim ýaly şepbeşikdi, öýkeniňe agram salyp, dem almagyňy kynlaşdyrýardy.

— Toriki, täzelik eşitdiňmi? — diýip, Huru-Huru oňa sowal bilen ýüzlendi. — Mapui bir dür tapdy. Hikueruda häzire çenli olar ýalysy tapylmandy, Paumotunyň, hatda dünýäniň hiç bir ýerinde-de tapylan däldir. Mapui akmagyň biri. Üstesine-de, saňa bergisi bar. Bu habary saňa ilki bolup kimiň ýetirendigini unutmagyn!

Toriki Mapuiniň saman külbesine tarap haýdady. Bu hökümi güýçli, ýöne akyly kemter adamdy. Ol täsin düre ähmiýetsiz bir zat ýaly çala göz aýlady-da, arkaýyn jübüsine salyp goýberdi.

— Seniň bagtyň geldi! — diýip, ol sözüni dowam etdi. — Dürüň-ä oňat eken. Men saňa nesýe haryt goýbermäge dükanlaryma tabşyryk bererin.

Gorkudan ýaňa dili diýenini etmeýän Mapui:

— Maňa öý gerek… — diýip, zordan gepledi. — Uzynlygy kyrk fut…

— Sen şol öýüň bilen jähenneme gitsene! — diýip, söwdagär onuň sözüni böldi. — Sen ilki bilen bergileriňi bermegiň aladasyny et! Unutmadyk bolsaň, maňa çili dollarynda bir müň iki ýüz bergiň bolmaly. Ajap! Indi maňa bergiň ýok. Üzülişdik. Üstesine, iki ýüz çili dollarlyk nesýe açaýyn. Eger şu düri Taitide gymmadrak ýelmäp bilsem, nesýäni ýene ýüz dollar artdyraýyn, jemi üç ýüz dollar bolýar. Unutma, onam gymmat satyp bilsem. Entek belli däl, zyýan çekmegimem ähtimal.

Mapui ellerini döşünde çalşyryp, keýpsiz halda başyny egdi. Onuň hazynasyny ogurladylar. Indi täze öýe gözüň düşmänjik geçer. Ol bergisini üzülişipmiş. Dür üçin onuň eline düşen zat bolmaz.

Tefara:

— Sen barypýatan akmak! — diýip hüňürdedi.

— Sen samsyk — diýip, kempir Nauri hem onuň sözüniň üstüni ýetirdi. — Näme üçin oňa düri berdiň?

Mapui özüni aklamakçy boldy:

— Eýsem, men näme etmelidim?! Oňa bergim bardy. Ol meniň dür tapanymy bilýär. Onuň düri görkezmegi haýyş edendigini özüňem eşitdiň-ä. Men oňa hiç zat aýtmadym, onuň özi bilipdir. Oňa başga biri aýdypdyr. Meniň bolsa oňa bergim bardy.

— Mapui akmak — diýip, Ngakura-da sugşurdy. Ol heniz akyly goýalyşmadyk on iki ýaşly gyzjagazdy. Ozalam jany ýanyp duran Mapui elini salgap goýberdi welin, gyzjagaz ýere ýazylyp gitdi, Tefara bilen Nauri bolsa ýarym-ýaş bolşup, zenan halkyna mahsus terzde igenme kemini goýmadylar.

Huru-Huru kenarda duran ýerinden üçünji bir tanyş gäminiň hem adanyň erňeginde labyr taşlap, suwa gaýyk sallanyny gördi. Gäminiň ady «Hirady», özem bu at oňa ýöne ýere dakylmandy; onuň eýesi adybelli dür söwdagäri, nemes jöhitlerinden bolan Lewidi, «Hira» bolsa Taitide ogrulary hem balykçylary penalaýan taňry hasaplanýardy.

Äpet kelleli, betgelşik ýüzli we dolmuş göwreli Lewi kenara aýak basandan, Huru-Huru:

— Täzeligi eşitdiňmi? — diýip, oňa sowal berdi. — Mapui dür tapdy. Olar ýalysy entek Hikueruda, Paumotuda, hatda tutuş dünýäde-de gabat gelen däldir. Paňkelle Mapui ol düri Torikä bir müň dört ýüz çili dollaryna satdy, men olaryň gürrüňini eşitdim. Toriki hem akmak. Sen düri ondan arzanjak satyn alyp bilersiň. Ýöne ýadyňda sakla, bu habary saňa ilki men aýdandyryn.

— Toriki nirede?

— Gämibaşy Linçiňkide. Ol bir sagat bäri şol ýerde otyr.

Lewi bilen Toriki şerbet içip, dür söwdasyny etdiler, Huru-Huru bolsa olaryň gürrüňini diňledi. Olaryň akyla sygmajak baha — ýigrimi bäş müň franka ylalaşandyklaryny eşitdi.

Edil şol wagt «Orohena» bilen «Hira» gämileri ada juda golaý gelip, gezekli-gezegine top atdylar, bu olaryň tiz gitmek isleýändikleriniň alamatydy. Kapitan Linç myhmanlary bilen öýden çykyp, iki gäminiň hem gyssanmaç yzyna öwrülip, ýüzugra-da bogaldagyň aşaky göni ýelkenlerinidir öň tarapdaky üçburç ýelkenlerini aýryp, harasata bäs gelip bilmän köpürjikläp ugran suwuň ýüzünde bir tarapa gyşarylyp, kenardan daşlaşýandyklaryny gördüler. Olar soňra güýçli ýagşyň aňyrsynda gözden ýitdiler.

Toriki:

— Olar tupan köşeşensoň dolanarlar — diýdi. — Bu ýerden garamyzy saýlamak gerek.

— Barometr ýene aşak düşen bolsa gerek… — diýip, gämibaşy Linç ünjüli gepledi.

Ol deňze çykmakdan el üzüp, öz demgysmasy bilen diňe Hikueruda ýaşap biljegine göz ýetiren, saç-sakgaly çalaran gojady. Ol barometre göz aýlamak üçin öýe girdi.

— Eý, Taňrym!

Onuň sesine hemmeler öýe kürsäp girdiler. Ol barometriň ýigrimi dokuzda ýigrimi derejäni görkezýän diline howatyrly seredip, doňup durdy.

Olar ýene kenara çykdylar, howsala bilen deňze, soňam asmana äňetdiler. Ýagyş geçse-de, asmanyň ýüzüniň şol çytyklygydy. Iki gämi hem ýene bir gämini yzyna tirkäp, ýelkenleriniň ählisini ýele tutup, ada tarap haýdap gelýärdiler. Birden ýel ugruny üýtgetdi, olar ýelkenlerini azaltdylar. Ýene bäş minutdan güýçli şemal olaryň üstüne düýbünden başga tarapdan, edil çat maňlaýyndan süründi. Kenarda duranlar gämidäkileriň öň tarapky ýelkenleri ilki gowşadyp, soňra bütinleý ýygnandyklaryny gördüler. Deňziň äpet tolkunlary aýylganç güwwüldi bilen kenara urulýardylar. Güýçli ýyldyrymyň ýagtysy garalan asmanyň ýüzünde yz ýasap geçdi, dem salymda-da gulagyňy gapyp barýan gök gümmürdisi eşidildi.

Toriki bilen Lewi gaýyklaryna tarap haýdadylar. Lewi edil jany bokurdagyna gelen begemot dek ýaýkyldap ylgaýardy. Aýlagdan çykylýan ýerde olara tarap «Aorainiň» gaýygy ýüzüp gelýärdi. Gaýygyň burnunda kürekçileri gyssap Raul durdy. Ýaňky dür onuň aňyndan çykmandy, ol Mapuiniň şerti bilen ylalaşmak üçin yzyna dolanypdy.

Ol böküp, çägäniň üstüne düşdi, ýeliňdir ýagşyň derdinden Huru-Huruny saýgaryp bilmän, onuň bilen çaknyşdy.

— Gijä galdyň! — diýip, Huru-Huru batly gygyrdy. — Mapui ony müň dört ýüz çili dollaryna Torikä satdy, Toriki bolsa ýigrimi bäş müň franka Lewä ýelmedi, Lewi bolsa Fransiýada ony ýüz müňe ýerlär.

Raul ýeňillik bilen dem aldy. Onuň özüni gynamalary tamam boldy. Özüne nesip etmedik hem bolsa, indi dür hakynda pikir etmeseň boljakdy. Ýöne ol Huru-Hura ynanyp bilmedi, Mapui düri müň dört ýüz çili dollaryna satyp biler, ýöne Lewiniň, köpügören täjiriň onuň üçin ýigrimi bäş müňi gaýgyrmazlygy… Raul takyk jogap üçin gämibaşy Linçiň ýanyna ýöneldi, goja deňizçi tüneginde barometriň öňünde doňup durdy.

— Näçäni görkezýändir öýdýäň? — diýip, gämibaşy howsalaly dillendi-de, äýnegini süpürdi, soňra ýene barometre tiňkesini dikdi.

Raul:

— Ýigrimi dokuzda on — diýdi. — Men onuň beýle pese düşenini hiç wagt görmändim.

— Bu ýerde geň galyp durasy iş ýok — diýip, gämibaşy hüňür-hüňür etdi. — Men elli ýyl deňizde ýüzübem beýle ýagdaýa gabat gelmändim. Eşidýäňmi?

Olar gaýa urulýan tolkunlaryň öýi sarsdyrýan güwwüldisine diň salyp, daş çykdylar. Şemal köşeşdi. Demirgazyk-gündogardan tirkeşip gelişlerine özlerini kenara urýan äpet tolkunlar bir mil töweregi aradaşlykda duran «Aoraini» iki tarapa zyňýardy.

Raulyň kürekçileriniň biri bogazyň agzyny görkezip, başyny ýaýkady. Şol tarapa sereden Raulyň çogup ak köpük syçradýan deňze gözi düşdi.

— Men gijäni siziňkide geçirmeli boljak öýdýän.

Ol deňizçä gaýygy kenara çykarmagy, özüne hem beýleki deňizçilere düşelge tapmagy tabşyrdy.

Ýene bir gezek barometre seretmek üçin öýe girip çykan gämibaşy Linç:

— Takyk ýigrimi dokuz… — diýip habar berdi.

Ol öýden çykaran oturgyjynyň üstüne çökdi-de, deňze nazaryny dikdi. Bulutlaryň aňyrsyndan Gün jyklady, howa dymykdy, entegem hiç hili öwüsgin ýokdy. Tolkunlar welin barha möwjeýärdi.

— Düşünemok, beýle tolkunlar nireden peýda bolýarka? — diýip, Raul eginlerini gysdy. — Ýelem-ä ýok… Serediň… Oňa bir serediň-ä…

Ep-esli mil aralyga uzalyp gidýän tolkunlar on müňlerçe tonna suwy ejizje adamyň üstüne eňterdiler welin, ol edil ýer goduklan ýaly sarsyp gitdi. Gämibaşy Linç aňk bolup galdy.

— Eý, Taňrym! — diýip, ol oturgyçdan sähel galyp, ýene göwresini aşak goýberdi.

— Ýel ýok ahyry — diýip, Raul şol bir sözlerini gaýtalady. — Ýel bolan bolsa, bu zatlara düşünse-de boljak…

Gämibaşy gaşlaryny çytyp oturyşyna jogap berdi:

— Howlukma, ýelem bolar.

Dymdylar. Bedenlerine inen san-sajaksyz der damjajyklary aşaklygyna syrygyp gaýdyp, ýere damdylar. Howa ýetenokdy, gojanyň demgysmasy tutdy. Äpet tolkun kenaryň esli bölegini örtüp, palma agaçlarynyň daragtyny ýalap geçensoň, gämibaşy Linçiň aýaklaryna ýetip-ýetmän yzyna gaýtdy.

Gämibaşy:

— Soňky bellikden ep-esli ýokary — diýdi. — Men bolsa on bir ýyl bäri şu ýerde ýaşaýan.

Soňra sagadyna seretdi:

— Göni üç boldy.

Kenarda töweregini çagalardyr itler gallap alan bir aýal bilen erkek kişi peýda boldy. Öýüň deňinden geçip, birbada aýgyt edip bilmän aýak çekdiler, soňra uzak wagtlap bir netijä gelip bilmän, ahyry çägäniň üstüne çökdüler. Birnäçe minutdan soň beýleki tarapdan, öý goşlaryny arkalaryna alyp, ýene bir maşgala peýda boldy. Tiz wagtdan gämibaşy Linçiň öýüniň töweregine birnäçe ýüz adam — aýal-erkek, garry-gurty, çaga-çuga ýygnandy. Gämibaşy eli bäbekli bir aýal bilen gürleşdi, onuň öýüni dek häzir tolkun deňze syryp äkidipdir.

Gämibaşynyň öýi adanyň iň beýik ýerinde ýerleşendi, onuň sagyndan-çepinden urýan ägirt tolkunlar eýýäm halka şekilli adanyň töründäki güzere agyp ýetişipdiler. Bu halkanyň aýlawy ýigrimi mile, giňligi bolsa käýerinde üç ýüz futa barabardy. Dür gözlemek möwsümi bolansoň, töwerek-daşdaky ýerli ilatyň ençemesi bu ýere üýşüpdi, hatda Taitiden hem gelenler bardy.

Gämibaşy Linç:

— Häzir bu ýerde müň iki ýüz adam bar, ýöne olaryň näçesiniň ertire diri çykjagyny aýtmak aňsat däl — diýdi.

Raul:

— Düşünip bilemok, näme üçin ýel ýok? — diýip sorady.

— Howsala düşüberme, ýakymsyz zatlar gaty tiz başlar.

Gämibaşy Linç sözüni soňlap ýetişmänkä, äpet tolkun adanyň depesinden eňterildi. Deňiz suwy çägäniň üstüni üç dýuýmlyk beýiklikde örtüp, olaryň oturgyçlarynyň töwereginde pagşyldady. Gorkan aýallaryň üznüksiz ah-wahy eşidildi. Bir-biriniň ellerinden ýapyşyp duran çagalar mähnet tolkunlardan gözlerini aýryp bilmän duruşlaryna, zaryn aglaýardylar. Towukdyr pişikler suwda ilki jülpüldeşip, soňra bolsa edil dil düwşen ýaly, jaýyň üçegine okduryldylar. Kimdir biri içi ýaňy dünýä inen güjüjeklerden doly sebedi eline alyp, palma agajyna dyrmaşdy-da, ony ýerden ýigrimi fut beýiklikde agaja baglap, aşak düşdi. Güjüjekleriň enesi çyňsap, suwda şarpyldap, agajyň daşyndan aýlanyp ýördi.

Gün welin ýalpyldap ýagty saçyp durdy, entegem ýeliň ady-sory ýokdy. Olar oturan ýerlerinde «Aoraini» eýläk-beýläk pyzýan tolkunlary synlaýardylar. Gämibaşy Linçiň dag gaýalary ýaly bolup, ýokary göterilýän tolkunlary uzak synlap durmaga mejaly bolmady, ol elleri bilen ýüzüni ýapdy-da, öýe girip gitdi.

Sähel salymdan ol öwrülip geldi:

— Ýigrimi sekizde altmyş.

Onuň elinde ýogyn ýüpüň ýumagy bardy. Ol ýüpi on fut uzynlykda kesişdirdi-de, birini Raula uzatdy, birini özüne aldy, galanlaryny bolsa aýallara paýlap, olara agaçlara dyrmaşmagy maslahat berdi.

Demirgazyk-gündogardan pessaýja şemal öwüsdi, Raulyň süňňüne jan giren ýaly boldy. Ol «Aorainiň» ýelkenleri çekdirip, kenardan daşlaşýanyny gördi-de, bu ýerde galanyna ökündi. Gämi aman sypar, ýöne ada welin… Adanyň erňeginden aşyp geçen tolkun ony tas ýykypdy, ol dyrmaşar ýaly daragt saýlady, birdenem barometr ýadyna düşdi-de, öýe ylgady. Bosagada gämibaşy Linç bilen pete-pet geldi.

— Ýigrimi sekizde ýigrimi — diýip, goja aljyraňňy seslendi. — Ahyrzaman gopjaga çalym edýär! Bu näme boldugy?

Howa ýyldyrym çaltlygynda tüýsüni üýtgetdi, öý yraň atdy, aýylganç güwwüldi eşidildi, penjireleriň aýnalary şaňňyrdady. Bir aýna döwüldi; öýüň içine şeýlebir güýçli şemal kürsäp girdi welin, olar zordan aýak üstünde saklanyp bildiler. Gapyň kildi döwlüp, gümpüldäp ýapyldy. Ak reňkli gapyň tutawajy parçalara bölünip, ýere döküldi. Otagyň diwarlary ýel berlen howa şary dek çişdi. Soňra tüpeň seslerine meňzeş täze galmagal eşidildi, tolkun gelip jaýyň diwaryna urlupdy. Gämibaşy Linç sagada seretdi. Öýlän sagat dörtdi. Ol gök mawut güpbüsini egnine sokdy, diwardan barometri alyp, iň ygtybarly jübüsine saldy. Tolkun uly gopgun bilen özüni ýene öýe urdy, harsal salnan tünek binýadynyň üstünde ters öwrüldi-de, aşak çökdi, soňra on gradus gapdala gyşardy.

Raul ilki bolup atylyp daş çykdy. Ýel ony göterip, kenaryň ugry bilen idenekledip äkitdi. Ol indi ýeliň gündogardan öwüsýändigini duýdy. Ol zordan aşak ýatyp, ýere ýapyryldy. Ýeliň ugruna sypal ýaly gaýyp gelýän gämibaşy Linç onuň üstüne ýykyldy. «Aorainiň» iki deňizçisi palma agajyndan böküp düşdüler-de, şemaldan sowlup, her ädimde ýer bagyrtlap, olara kömege howlukdylar.

Gämibaşy Linç agaja dyrmaşardan garry bolansoň, deňizçiler birnäçe gysga ýüpleri birikdirip, ony daragtyň üstüne çekip çykardylar-da, ýerden elli fut ýokarda agajyň depesine gaýym daňdylar. Raul ýüpüni başga bir agajyň sütünine atyp, töweregine göz aýlady. Ýel ýetjek derejesine ýetipdi. Beýle gazaply şemaly ol entek düýşünde-de görmändi. Halka şekilli adanyň erňeginden aşan tolkunlar ony mazaly ezip, adanyň ortasyndaky suwly güzere inipdiler. Gün ýitirim bolup, agyr gurşun dek iňrik adanyň üstüne çökdi. Ýagyş damjalary seçme dänelerine çalym edip, böwrüni çygjartdy, göýä şarpyk çalnan dek, ýüzüne duzly köpürjik uruldy; yzadan çekgelerine ot basylan dek boldy, gözüne ýaş indi. Ýüzlerçe adam aýagaldygyna agaçlara dyrmaşýardy, başga wagt Raul agaçdan salkym ýaly asyl-asyl bolup duran adamlary görüp, heziller edinip gülerdi. Ýöne ol Taitide doglansoň, näme etmelidigini bilýärdi; ol agajy gujaklap büküldi-de, dabanlaryny ynamly basyp, ýokaryk dyrmaşdy. Agajyň çür depesinde ol eýýäm iki sany aýalyň, iki gyzjagazyň, birem erkek kişiniň bardygyny gördi; gyzjagazlaryň biri pişigini bagryna basyp otyrdy.

Ol oturan ýerinden goja gämibaşa elini bulaýlady, ol hem ellerini talawladyp jogap gaýtardy. Asmanyň keşbi Rauly aňk etdi, ol edil depäňde sallanyp durşuna, has-da garalyp barýardy. Adamlar entegem topar bolup, agajyň düýbünde onuň sütünine ýapyşyp otyrdylar. Käýerde doga okaýanlar hem görünýärdi, bir topbak adamyň öňünde ruhany ybadat edýärdi. Raulyň gulagyna uzaklardan bir ýerden çekirtgäniň jyrryldysyny ýada salýan pessaýjadan sazlaşykly sesler eşidildi. Ol bir minutdan uzaga çekmedi, ýöne şol gysga wagtyň içinde onda jennet we asman sazy barada bulaşyk pikirleri döredip ýetişdi. Ol yzyna gaňrylyp, beýleki bir agajyň düýbünde ýüpe hem-de birek-birege ýapyşyp duran birtopar adamlary gördi. Olaryň ýüzlerine hem-de deň gymyldaýan dodaklaryna seredip, mynajat edýändiklerine düşündi.

Ýeliň welin barha bujurygy artýardy. Ony hiç bir ölçeg bilen ölçäp bolar ýaly däldi, bu tüweleý onuň ýel hakyndaky ozalky ähli göz öňüne getirmelerini ho-ol ýeňsede galdyrypdy. Muňa garamazdan, ol ýeliň barha güýçlenýändigini bilýärdi. Golaýjakda bir agaç köki bilen sogrulyp, üstünde asylyp duran adamlary ýere pylçap urdy. Tolkun inçejik çäge zolagyny alyp geldi welin, adamlar gürüm-jürüm boldular. Ähli zat diýseň çalt bolup geçdi. Raul güzeriň ak köpükli suwunyň ýüzünde gara kelledir goňur eginleri görüp ýetişdi. Bir pursatdan olar hem gözden gaýyp boldular. Agaçlar edil otluçöp dänesi ýaly egilýärdiler, döwülýärdiler hem gapdala agyp gidýärdiler. Ýeliň güýji Rauly entegem aňk edýärdi; onuň gaçybatalga edinen kokos palmasy hem ikibaka yraň atyp durdy. Aýallaryň biri gyzjagazy gujagyna gysyp, doga okaýardy, ol bolsa elinden pişigini sypdyrarly däldi.

Ikinji çagany saklap oturan erkek kişi Raulyň egnine elini ýetirdi-de, aşak seretmegi ündedi. Raul oturan agajyndan ýüz ädim çemesi aradaşlykdaky ybadathanajygyň serhoş adam ýaly çaýkanyp gelýänini gördi. Ýel binasyndan goparyp alsa, tolkunlar ony güzere tarap süýräp barýardy. Kuwwatly bir tolkun ony göterdi-de, palmalaryň üstüne pyzyp goýberdi. Olaryň üstünde oturan adamlar bişen kokos mysaly ýere döküldiler. Tolkun geçip gitdi, olaryň käbiri dem-düýtsüz, käbiri bolsa towlanyp ýatyberdi. Raulyň gözüne olar garynjalardan enaýy däldi. Ol gorkmady, indi ony hiç zat gorkuzyp biljek däldi. Raul indiki tolkunyň ýerde dyr-pytrak bolup ýatan bu adamlary deňze sary syryp-süpürip äkidişini parahat synlap oturdy. Öňkülerden esli mähnet üçünji tolkun ybadathanajygy güzeriň suwuna pylçap uransoň, ol ýarpy göwresini suwda gizläp, edil Nuhuň gämisi ýaly tümlüge tarap ýüzüp gitdi.

Raul gözleri bilen gämibaşy Linçiň öýüni gözledi, haýran galaýmaly ýeri, öýden nam-nyşan ýokdy. Ähli zat göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi. Ol bitin agaçlardan hem köpleriň ýere düşendigini gördi. Ýel welin barha güýjeýärdi, Raulyň oturan agajy indi öňe-yza yraň atmakdan elli bizar, ýeliň ugruna eglip gymyldaman diýen ýaly durşuna diňe titreýärdi. Agajyň titremesi onuň ýüregini bulady. Bu kamertonyň ýa-da gawaý gitarasynyň tarlarynyň titremesini ýadyňa salýardy. Ýaman ýerem, palma agajy diýseň çakgan sandyraýardy. Ýel köki bilen goparyp taşlamasa-da, ol beýle güýje uzak çydam edip bilmän, omrulsa gerek. Ine, saňa gerek bolsa! Bir agaç döz gelip bilmedi! Ol agajyň haçan döwlenini görüp ýetişmedi, görse, kesindi — pürsüň ýarysy dur. Gözüň bilen görmeseň, nämeleriň bolup duranyny bilmänjik geçersiň. Agaçlaryň şatyrdysy, adamlaryň ahy-nalasy deňziň arryldysydyr ýeliň şuwwuldysy bilen garyşyp gitdi. Edil şol pursat Raul gämibaşy Linçe tarap göz aýlanyny duýman galdy. Ol agajyň gap bilinden omrulandygyny, onuň ýokarky böleginiň üç deňizçi we goja gämibaşy bilen bilelikde ýere düşmän, sypal dek güzere tarap gaýyp gidendigini gördi. Raul ony gözden salmady, ol kenardan ýüz ädimlik aradaşlykda suwa gaçdy. Ol görejine zor saldy, gämibaşy Linçiň ahyrky pursat özüne hoşlaşýan dek elini galgadandygyny görenine ant içip biljekdi.

Raulyň mundan artyk garaşyp oturmaga takady ýetmedi, ol erkek kişiniň egnine elini ýetirdi-de, oňa aşak düşmelidigini ümläp görkezdi. Ol razylaşjak ýaly etse-de, aýallar gorkudan ýaňa tokga daşa dönüp oturansoňlar, şolar bilen galdy. Raul ýüpi daragtyň daşyna aýlap, aşaklygyna düşdi. Onuň üstüne dessine duzly suw eňterildi. Agaja ýelimlenen ýaly bolup durşuna, demini saklady. Tolkun çekildi, agaç sütünine ýaplanyp, dem-dynjyny aldy, soňra ýüpüni has berk daňdy. Şu ýerde-de, ýetip gelen täze tolkun onuň üstüni basdy. Aýallaryň biri aşak düşdi, erkek kişi bolsa beýleki aýal, çagalar hem-de pişik bilen agajyň depesinde galdy. Raul heniz palmanyň üstündekä beýleki agaçlaryň düýbüne gysmyljyraşýan adamlaryň barha azalýandygyny saýgarypdy. Bu ýagdaý indi onuň sagynda-solunda, çar tarapynda bolup geçýärdi. Onuň özi-de saklanmak üçin bar güýjüni jemledi; gapdalyndaky aýalyň barha tabynyň gaçýany bildirýärdi. Her gelip geçen tolkundan soň, ol ilki özüniň, soňra bolsa gapdalyndaky aýalyň heniz hem alnyp gidilmändigine haýran galýardy. Ahyrsoňy ýene bir tolkundan soň onuň täk özi galdy. Ol başyny galdyrdy, agajyň depesi hem ýom-ýok bolupdyr. Gap bilinden omrulan sütün titreýärdi. Raul halas bolandygyna düşündi: agajyň kökleri berkdi, indi ýel oňa gorkuly däldi. Ol sütüne dyrmaşdy. Halys ysgyndan gaçansoň, haýal gymyldaýardy, ýokary dyrmaşýança, ýene birnäçe tolkun onuň üstüni basdy. Ol özüni sütüne daňansoň, gijäni hem özüne garaşýan nämälimligi mertlerçe garşy almaga häzirlendi.

Tüm garaňkyda täk özüniň ýüregi gysýardy. Kähalat ahyrzaman gopup, bir özi diri galan ýaly bolup görünýärdi. Ýel bolsa sagatsaýyn güýjeýärdi. Raulyň hasabyna görä sagat on bir töwerekleri ýel ýetjek hetdine ýetipdi. Bu juda aýylganç we hopukdyryjydy — ol arlaýan ýyrtyja, öňünden çykan ähli zady ýykyp-ýumransoň, deňiňden geçip gidýän diwara çalym edýärdi, ýöne ol gaýtadan dolanyp gelýärdi. Bu ýagdaý üznüksiz dowam edýärdi. Göwnüne bolmasa, onuň özi hem ýelek ýaly ýeňläp, tükeniksiz, goýras bir suwuklygyň girisine düşüp, akyla sygmajak tizlik bilen öňe okdurylyp barýan ýalydy. Ýel eýýäm hereket edýän howa däldi — ony suw, simap ýaly duýup bolýardy. Raulyň göwnüne, eliňi öňe uzadyp, ondan bir bölek goparyp alyp boljak, ondan pugta ýapyşyp hem gaýa arkaňy beren dek, oňa ýaplanyp boljak ýalydy.

Ýel ony demikdirýärdi. Agzydyr burnundan girip, öýkenini çişirýärdi. Şeýle pursatlarda Raula göwresi toprak bilen dykylyp doldurylan ýaly görünýärdi. Dem almak üçin dodaklaryny daragtyň sütünine degirmeli bolýardy. Bu üznüksiz tüweleý ony soňky güýjünden hem mahrum edip, bedendir aňynyň lejini çykarypdy. Indi ol ne töweregini synlap, ne-de pikir edip bilýärdi, ol huşuny ýitirmegiň öňýanyndady. Muňa garamazdan, bir pikir beýnisinde daşa ýazylan ýaly bolup durdy: «Diýmek, bu gaý-tupan bolmaly». Bu pikir, mahal-mahal köräp gidýän ölügsi ot ýaly, beýnisinde hötjetlik bilen uçganaklap durdy. Sähelçe wagtlyk özüne gelende ol: «Diýmek, bu gaý-tupan-da» diýip, ýadyna salýardy, soň ýene özünden gidýärdi.

Tupan sagat on birden gije üçe çenli beterine tutdy, hut sagat on birde-de Mapuiniň maşgalasy bilen gaçybatalga edinen agajy omrulypdy. Mapui gyzy Ngakurany elinden sypdyrman suwuň ýüzüne çykdy. Beýle ýagdaýda diňe ýerli kişi janyny gutaryp biljekdi. Mapuiniň özüni baglan agajynyň depesi tolkundyr köpürjikleriň arasynda guduz açan dek pyrlanýardy. Kä sütüne ýapyşyp, käte bolsa özüniň hem gyzynyň kellesini suwdan çykarmak üçin ony gujaklap, demikmän saklanmagyň hötdesinden geldi, ýöne öýkene howa bilen birlikde gytaklap ýagýan ýagyşdyr syçraýan suw damjalary hem düşýärdi.

Güzeriň garşy kenaryna çenli on mil aralyk bardy. Bu ýerde güzeriň suwuna gark bolmadyk her on betbagtyň dokuzysy agaç sütünlerine, tagta-tugta, öýleriňdir gaýyklaryň böleklerine urlup heläk bolýardylar. Mapuiniň bagty getirdi, ol diri galanlaryň arasyna düşdi, tolkun ony çägäniň üstüne çykardy. Ngakuranyň ýüzi-gözi pers-alady. Mapui bir eli bilen agaja ýapyşdy, beýleki eli bilen bolsa gyzyny saklady, iňläp diýen ýaly demini dürsedi. Güzer tarapdan gelýän tolkunlar onuň kä dyzyna, käte bolsa biline ýetýärdi.

Daňdan sagat üçde tupan birneme gowşap başlady. Sagat bäşde howa şemallydy diýäýmeseň, üýtgeşik aldajy zat ýokdy, sagat altyda bolsa, asudalyk aralaşdy, Gün hem ýüzüni görkezdi. Deňiz köşeşip başlady. Entek tolkun örtgüsi sypyrylmadyk güzerde Mapui gury ýere diri ýetip bilmedikleriň göwrelerini gördi. Kim bilýär, onuň aýalydyr ejesem şolaryň arasyndadyr. Ol çägede ýöräp barýarka, birden ýarpy göwresi suwdan çykyp duran aýaly Tefarany gördi. Mapui özüni ýere goýberdi-de, wagşy haýwan ýaly uwlap aglady, olar adat boýunça betbagtlyklaryny şeýdip mälim etmelidi. Birden aýaly çala gobsunyp iňledi. Mapui oňa çiňerilip seretdi, aýaly diňe bir diri bolman, oňa ýekeje ýara-da düşmändir. Ol uklap ýatan ekeni! Tefara az sanly bagty çüwenleriň biridi.

Tupanyň öňýany adada bar bolan bir müň iki ýüz adamdan bary-ýogy üç ýüzüsi diri galypdy. Ruhany bilen žandarm olaryň sanawyny düzdüler. Tutuş adada abat galan ýekeje öý, ýekeje külbe hem ýokdy. Kokos palmalarynyň ählisi diýen ýaly köki bilen goparylyp taşlanypdy, heniz duranlary bolsa omrulypdy, olarda ýekeje kokos hem galman ýere dökülipdi. Agyz suwy ýokdy. Ýagyş suwlary akýan ýalpak guýularda duz toplanypdy. Birki halta ezilen uny suwdan çykaryp aldylar. Ýere dökülen kokoslary kesip, maňzyny iýdiler. Olar çägede çukur gazyp, demir üçekleriň galyndylary bilen üstüni ýapdylar-da, sürenlere sümüldiler. Ruhany deňiz suwuny arassalaýan ýönekeýje güp ýasady, ýöne üç ýüz adama ýeterlik suw taýynlap ýetişmedi. Ikinji gün giçlik güzerde suwa düşüp çykan Raul teşneligiň özüni juda bir heläk edip barmaýandygyny aňşyrdy. Ol bu açyşy barada hemmelere habar edensoň, aýal-ebtat, çaga-çuga, garasaý, üç ýüz adam tiz wagtda bokurdaklaryna çenli suwa girip, teşneliklerini gandyrmaga çalyşdylar.

Şol aralykda maşgalasyndan aýra düşen Nauriniň bolsa, tupanyň başyna salan betbagtlygyna bir özi döz gelmeli bolýardy. Bedeniniň döwük-ýenjigine pitiwa etmän, özüni üstüne atyp, berk ýapyşan tagtasy bilen bile, tolkun ony deňze oklapdy. Bu ýerde dag ýaly äpet tolkunlaryň demine düşüp, ol tagtasyny ýitirdi. Nauri altmyş ýaşap barýardy, ýöne ol şu adalarda doglup, tutuş ömrüni deňziň eteginde geçiripdi. Tümlükde duzly suw ýuwdup, demigip, agzy bilen dem alyp ýüzüp barýarka, egnine bat bilen kokos miwesiniň urlanyny duýdy. Indiki etmeli hereketlerini dessine ölçerip-dökensoň, kokosy garbap aldy. Bir sagadyň dowamynda ýene ýedi kokos onuň çolpusyna ildi. Olary bir-birine daňyp, suwuň ýüzünde saklanyp biler ýaly, halasgär guşak edindi, ýöne ahmal bolsaň, kokoslara süssürilmegiň hem mümkindi. Nauri semizdi, tiz wagtdan onuň endam-jany gök nil boldy, ýöne ol tupany birinji gezek görmeli däldi, Taňra akulalardan goramagy nalyş edip, ýeliň gowşaşaryna garaşdy. Ýöne sagat üçe çenli tolkun ony üwräp ukladansoň, ol bu pursady gözden sypdyrdy. Ol sagat altyda ýeliň halys gowşanyny-da bilmedi. Diňe tolkun özüni çägä oklanynda oýandy, elleri bilen çägäni peşäp, suw yzyna, deňze äkitmez ýaly, kenar bilen ýokarlygyna emedekledi.

Ol nirededigini bilýärdi, tolkun ony Takokota atly kiçijik ada oklapdy. Bu ýerde güzer ýokdy, hiç kim ýaşanokdy. Adajyk Hikuerudan on bäş millik uzaklykda ýerleşýärdi. Hikueru görnenokdy, ýöne Nauri onuň günorta tarapdadygyny bilýärdi. Ol on günläp özüni gark bolmakdan halas eden kokoslar bilen oňňut etdi; şiresini içdi, köp wagta ýeter ýaly, az-azdan maňzyny iýdi. Onda halas edilerin umydy ýokdy. Alysda halas ediş gämileriň tüsseleri görünýärdi, ýöne adam-garasyz kiçijik ada sowlup geçmek kimiň kellesine geljek…

…Onunjy gün diýlende soňky kokos iýildi, teşnelik Naurini halys guradypdy. Ol kokos gözläp, çägäniň üstünde emedekläp ýördi. Ahyrsoňy halys ýadansoň, çägäniň üstünde süýndi. Umyt edere zat galmady, diňe ajalyňa garaşybermelidi.

Nauri özüne gelip, ilki suwda gark bolan biriniň aksowult çypar saçly kellesini gördi. Tolkun ony golaýa getirip, soň ýene yzyna äkitdi, ahyry arkan öwürdi. Aksowult çypar saç oňa, birhili, tanyş ýaly bolup göründi. Ýene bir sagat geçdi. Indi ol gark bolany tanajak bolup duranokdy, ol ajalyna garaşýardy, onuň ozal kim bolany Naurini indi jinnek ýalyjagam gyzyklandyranokdy.

Ýöne bir sagat geçensoň, zordan tirsegine galyp, çypar saçla çiňerilip seretdi. Güýçli tolkun ony göterip, kiçiräk tolkunlaryň eltip bilmejek ýerine taşlapdy. Hawa, ol ýalňyşmandy, beýle çypar saçlar Paumotu adalarynda diňe bir adamyň kellesinde bitýärdi; bu Lewidi — Mapuiniň dürüni satyn alyp, ony «Hira» gämisinde alyp giden nemes jöhididi. Bir zat anykdy, «Hira» gark bolupdy. Balykçylaryň hem ogrularyň taňrysy dür söwdagärinden ýüz öwrüpdir.

Ol emedekläp, çypar saçla golaý bardy. Onuň köýnegi sypyrylypdyr, ýasy gaýyş guşagy görnüp durdy. Nauri demini almaga gorkup ýatyşyna kemeri çözmekçi boldy. Bu kyn düşmedi, ol kemeri süýräp bu ýerden arany açmaga howlukdy. Kemere ildirilen bir haltajygy, ikinjini, ahyrynda-da, üçünjini açdy — boş. Nirä ýitirim etdikä? Iň soňky haltajykdan gözleýän zadyny — çyparyň şu saparynda satyn alan ilkinji hem iň soňky dürüni tapdy. Nauri kemeri taşlap, ondan birki ädim ýeňsä çekildi-de, düri synlady. Bu Mapuiniň tapan, Torikiniň bolsa gaňryp alan dürüdi. Ol düri elinde saldarlap gördi, hezil edip aýasynda eýläk-beýläk togalady. Onuň keýpini göteren dürüň owadanlygy däldi, Nauri ol daşda Mapuidir Tefara bilen bilelikde öz arzuwynda yhlas bilen bina eden öýüni görýärdi. Düre bakyp oturyşyna, ol bu öýi jikme-jikligi bilen, diwardan asylgy sekizburçly sagada çenli görýärdi. Şeýle öý üçin ýaşanyňa degýärdi.

Ol eteginden bir bölek mata ýyrtyp aldy-da, düri dolap, gaýym daňybam ony boýnundan asdy. Soňra kenaryň boýy bilen asgyryp-üsgürip barşyna, kokos miwelerini gözläp başlady. Tiz wagtdan ilki bir kokos, soň ýene birini tapdy. Kokosy ýaryp, heňläp başlan şiresini içdi, maňzyny hem zat goýman iýdi. Birsalymdan soň ol döwük gaýygyň üstünden bardy. Onuň küregi saklaýan enjamy ýokdy, ol umytdan düşmän gözledi, garaňky gatlyşyberende agtarýan zadyny tapdy. Her tapyndy onuň üçin gowulygyň alamatydy. Dür oňa bagt getiripdi. Gün ýaşmazynyň öňýany Nauri suwuň ýüzünde çaýkanyp ýören agaç gapyrjagy gördi. Ony kenara çekip çykaranda, içinde nämedir bir zat takyrdaýardy. Gapyrjakda on guty balyk gaplamasy bar ekeni. Gaýygyň böwrüne urup olaryň biriniň gapagyny deşdi. Şol deşikden ilki çorbasyny içdi, soňra birnäçe sagatlap gutudan gyzylbalygyň etini bölejikden-bölejikden çykaryp iýdi.

Nauri ýene sekiz günläp kömege garaşdy. Şol günleriň dowamynda ol şylhasy çykan köýneginiň eteginden ýyrtyp, hindi hozunyň süýümlerinden ýüp işip, kürek saklaýjyny gaýyga berkitdi. Gaýyk jaýryk atypdy, ony ýamar ýaly hiç zat ýokdy. Nauri gaýyga doljak suwy egismek üçin hindi hozunyň gabyklaryny zyňman goýdy. Indi kürek ýasanmalydy; ol bir bölek galaýy bilen saçyny kesdi-de, olary örüp ýüp ýasandy, üç funtluk tagtany içinden balyk gaplamasyny tapan gapyrjagyna daňdy, dişleri bilen gemrip ýasanan kiçijik çişleri bilenem gaýyga berkitdi.

On sekiz gün diýlende, ýary gije Nauri gaýygy suwa goýberdi, kenara urulýan tolkunlardan aman-esen geçip, Hikueru adasyna, öýüne tarap ýola düşdi. Bu güzaply günlerden soň, Nauri kempir süňk bilen deri bolup galypdy. Üç sany güýçli kürekçä niýetlenen gaýyk uludy, ýöne ýasama kürek bilenem onuň bir özi ähli zada ýetişýärdi; gaýygyň içine dolýan suwy yzyna — deňze serpmäge wagtynyň üçden birini sarp edýärdi. Eýýäm daň atyp gelýärdi, Hikuerudan bolsa nam-nyşan ýokdy. Takokota yzda, gözýetimden aňyrda galdy. Gün ýakyp barýar, Nauriniň ýalaňaç teni garader boldy. Iki guty balyk gaplamasy galdy, günüň dowamynda ol gutularyň gapagyny deşip, çorbasyny içdi, balygy çykaryp alara welin wagty bolmady. Akym gaýygy günbatara äkidýärdi, özüniň günorta tarapa ýüzýäninden ýa ýüzmeýäninden kempir bihabardy.

Günortana golaý gaýygyň içinde ör-boýuna galyp durşuna, ol Hikueruny gördi. Onda-munda göze ilýän omrulan agaç sütünleri diýäýmeseň, hüžžük depeli kokos palmalaryndan derek galmandyr. Adany görüp kempir ekezlendi. Ol ada beýle golaýdadyr öýtmändi. Akym ony günbatara alyp barýardy. Nauri gaýygy günorta gönükdirmek üçin aldygyna kürekleýärdi. Kürekleri saklaýan ýüpleriň dişjagazlary gopup başlady, Nauri her gezek olary ýerine oturtmaly bolanda, köp wagt ýitirýärdi. Gaýygyň düýbüne-de dyngysyz suw ýygnanýardy. Nauri her iki sagatdan küregi taşlap, kokos gabygy bilen suw serpmeli bolýardy. Akym bolsa gaýygy günbatara itýärdi.

Gün gözýetimiň aňyrsynda gizleniberende, Hikueru onuň günorta-günbatarynda, üç mil uzaklykdady. Asmanda dolan Aý peýda boldy, sagat sekizde ada eýýäm onuň gündogaryndady, oňa çenli iki mil aralyk galypdy. Nauri ýene bir sagat görgi baryny görse-de, gury ýere sähelçe-de golaýlamady, akym ony gysajyna alypdy; gaýyk uly, kürekden hem haýyr ýok, gaýykdan suwy serpmäge-de kän wagt hem güýç sarp etmeli bolýar. Üstesine, ol halys ýadapdy, pursatmasaýyn güýji gaçýardy. Nähili jan çekse-de, gaýygyň ümzügi günbatarady.

Ol akulalaryň taňrysyna mynajat etdi-de, suwa böküp, ýüzüp başlady. Kempir suwda serginledi, tiz wagtdan gaýyk honda galdy. Bir sagatdan soň ýeriň golaýlany bildirdi. Ine, şu ýerde-de iň gorkunç zat bolup geçdi. Onuň alnynda, ýigrimi fut aralykda äpet ýüzgüç suwy kesip, ýakynlap gelýärdi. Nauri hötjetlik bilen oňa tarap ýüzýärdi, ol bolsa assa-assadan daşlaşýardy, soňam birden saga öwrüldi-de, kempiriň daşyndan aýlandy. Nauri ýüzgüji gözüniň aýtymyndan sypdyrman ýüzüp barýardy. Ýüzgüç gözden ýitse, ol ýüzin ýatyşyna gymyldaman garaşýar, ol gaýtadan göze ilenden — ýüzüp başlaýar. Akulanyň howlukmaýany görnüp durdy; araky tupandan bäri ol özüni iýmitden kemmändi. Aç akulanyň dessine oljasyna topuljagyny Nauri bilýärdi. Onuň uzynlygy on bäş fut dagy bardy, bir agyz urandan adamy ýalmap-ýuwutjakdy.

Nauriniň akula güýmenere wagty ýokdy, akym ony erjellik bilen adadan daşlaşdyryp barýardy. Ýene ýarym sagat geçdi, akula has ekezlendi. Özüne hiç zadyň howp salmaýanyny bilip, ol Nauriniň daşynyň halkasyny barha daraldyp, oňa açgözlük bilen tiňkesini dikip başlady. Akulanyň iru-giç üstüne topuljagyna güman ýokdy. Kempir onuň topularyna garaşman töwekgellik etmeli, herekete geçmeli diýen netijä geldi. Aç-suwsuzlykdan taby gaçan Nauri deňiz şasy bilen ýüzleşip, ondan öňürtmegi, onuň üstüne ilki topulmagy ýüregine düwdi. Ol ýüzüp barşyna amatyny peýleýärdi. Ine, akula onuň sekiz fut gapdaljygyndan ýüzüp geçip gitdi. Nauri hüjüm edýän dek öňe okduryldy. Akula guýrugyny gazap bilen suwa palçyldadyp gaçdy, şol barmana-da, büdür-südür böwri galtaşyp, aýalyň tirsekden egnine çenli derisini sypyrdy. Akula halka ýasap batly ýüzüp barşyna, ahyrsoňy gözden ýitdi.

Esli gazylyp, üsti bölek-büçek demir bilen ýapylan çukurda ýatan Mapui bilen Tefara sene-mene edýärdi.

— Meni diňlänligiňde — diýip, Tefara eýýäm müňünji gezek igesini süýkeýärdi. — Düri bukup saklardyň, hiç kimiň ýanynda-da dil ýarmazdyň, häzir ol sende bolardy.

— Näçe gaýtalamaly, düri tapanymda Huru-Huru gapdaljygymda durdy diýip?!

— Indi biziň öýümiz bolmanjyk geçer. Raul maňa şu gün «Eger sen düri Torikä satmadyk bolsadyň…».

— Men ony satmadym. Toriki meni talady.

— «…Eger satmadyk bolsadyň, bäş müň fransuz dollaryny bererdim» diýdi. Bu bolsa, on müň çili dollaryna barabar.

— Ol ejesi bilen geňeşendir — diýip, Mapui öz pikirini aýtdy. — Ol zenan düre düşünýär.

— Indi bizde dür ýok-da! — diýip, Tefara öwhüldäp goýberdi.

— Her näme-de bolsa, Torikä bergimi berdim. Diýmek, bir müň iki ýüzi gazanypdyryn-da.

Tefara janyýangyn gygyrdy:

— Toriki öldi! Onuň gämisinden derek ýok. Ol «Aorai» hem «Hira» bilen gark bolandyr. Indi ol saňa wada edişi ýaly, üç ýüz dollarlyk nesýe berermi? Ýok, sebäbi Toriki öldi. Eger şol düri tapmadyk bolsadyň, seniň Torikä müň iki ýüz bergiň bolardymy? Elbetde, ýok! Sebäbi Toriki öldi. Ölülere bolsa bergi berilmeýär.

— Lewi welin Torikä hiç zat tölemedi — diýip, Mapui onuň sözüni böldi. — Ol Papeýetde pul almak üçin oňa kagyz berdi; indi Lewi amanadyny tabşyransoň töläp bilmeýär; Toriki-de wepat boldy, kagyz hem onuň bilen bile harap boldy, düri bolsa Lewi alyp gitdi. Seňki dogry, Tefara. Dürüm köýdi, ondan maňa gara şaýy peýda bolmady. Indi bolsa ýataly.

Birden ol elini galdyrdy-da diňşirgendi. Daşardan geň sesler eşidildi, kimdir biri agyr dem alýardy we girelgäni örtüp duran boýrany sermeleýärdi.

Mapui:

— Kim bar? — diýip gygyrdy.

— Nauri — diýen jogap eşidildi. — Aýtsaňyzlaň, meniň oglum Mapui niredekä?

Tefara çirkin gygyryp, adamsynyň egninden ýapyşdy:

— Bu ruh! Hakyt ruh!

Gorkudan Mapuiniň ýüzi ak tam boldy. Ol aýalyna gysmyljyrady.

— Mährem aýal! — diýip, ol sakawlap, sesini üýtgedibräk söze başlady. — Men seň ogluňy gowy tanaýan. Ol güzeriň gündogar kenarynda ýaşaýar.

Eňsiniň aňyrsyndan biriniň uludan dem alýan sesi eşidildi. Mapui ekabyrlandy, ol hut ruhy aldawa salyp bildi.

Ol:

— Mährem aýal, sen nireden geldiň? — diýip sorady.

— Deňizden — diýen gussa gatyşykly jogap eşidildi.

Tefara çaýkanjyrap gygyrdy:

— Men aýtdym ahyry, aýtdym ahyry.

Bu gezek Nauri sowal berdi:

— Haçandan bäri Tefara kesekiň öýünde ýatýar?

Mapui gorky gatyşykly igenç bilen aýalyna seretdi, onuň sesi ikisini hem paş edipdi.

— Haçandan bäri oglum Mapui öz garry enesinden ýüz öwürýärkä? — diýip, Nauri ganygyzgyn seslendi.

— Ýok, ýok, men… Mapui senden ýüz öwrenok! Men Mapui däl. Onuň gündogar kenarda ýaşaýandygyny aýtdym-a.

Ngakura oýanyp, aglap başlady. Eňsi gymyldady.

Mapui:

— Näme etjek bolýaň? — diýip sorady.

— Içerik girjek bolýan.

Boýranyň bir çeti ýokary galdy. Tefara ýorganyň aşagyna sümüljek boldy, ýöne Mapui ony goýbermedi, ol nämedir bir zatdan ýapyşmalydy. Sandyr-sandyr edip, dişlerini şakyrdadyp, är-aýal gözüni gapa dikip otyrdy. Üsti-başy öl-myžžyk Nauri emedekläp çukura girdi. Är-aýal gapydan gaýra tesip, bürenmek üçin Ngakuranyň ýorganyny hersi öz tarapyna çekip başlady.

— Garry eneňe içmäge suw ber ahyry — diýip, ruh naýynjar dillendi.

Tefara sesini sandyrakladyp:

— Içmäge suw ber! — diýip buýurdy.

Mapui bolsa gyzyna buýruk berdi:

— Içmäge suw ber!

Olar iki bolup Ngakurany ýorganyň aşagyndan itip çykardylar. Bir minutdan Mapui gözüniň gytagyny aýlap, ruhuň suw içýändigini gördi. Soňra ruh titräp duran elini onuň eline ýetirdi welin, onuň agramyny duýan Mapui öňünde duranyň ruh däldigine göz ýetirdi. Onsoň ol aýalyny hem çekeläp, ýorganyň aşagyndan çykdy. Indiki pursat olaryň hemmesi Nauriniň başdan geçirenlerini diňläp otyrdylar. Ol Lewi hakynda gürrüň berensoň, düri Tefaranyň aýasyna goýdy. Şonda hatda ol hem gaýynenesiniň ruh däl-de, adamdygyna boýun boldy.

Tefara howlukman söze başlady:

— Ertir ir bilen sen düri Raula bäş müň fransuz dollaryna satarsyň.

— Öý näme? — diýip, Nauri garşy çykdy.

— Ol öý gurup berjekmiş. Munuň üçin dört müň artygy bilen ýeter diýýär. Bir müň fransuz dollaryna-da nesýe berer. Bu iki müň çili dollary bolýar.

Nauri sowal bermän saklanyp bilmedi:

— Öýüň uzynlygy kyrk fut bolarmy?

— Hawa — diýip, Mapui jogap berdi. — Kyrk fut.

— Ortaky otagda agramlykly sagat hem bolarmy?

— Hawa, tegelek stol hem bolar.

— Onda maňa iýer-içer ýaly bir zat beriň, men gaty ajykdym — diýip, Nauri hoşallyk bilen dillendi. — Soňam ýatalyň, gaty ýadadym. Ertir bolsa düri satmankak, öý hakdaky gürrüňe ýene dolanyp geleris. Gowusy, bir müň fransuz dollaryny nagt almaly. Nesýe alanyňdan, haryt üçin nagt töläniň mydama amatlydyr.

Rus dilinden terjime eden Jumageldi MÜLKIÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle