|

Mandariniñ waspy

Mandariniñ waspy

MANDARINIÑ WASPY

Sýuý Ýuan bizuñ günlerimize gelip ýeten ilkinji gadym hytaý ýazyjysy. Ol biziñ ýyl hasabymyzdan öñki 340-278-nji ýyllarda ýaşapdyr. Töhmede sezewar bolan, mesgeninden sürgün edilen keç ykbally şahyr watana söýgini, edermenligi, buýsanjy, ynsan mertebesini wasp edipdir.

Senden lezzet alýaryn,
Eý, buýsançly mandarin.
Bir geñsi seniñ durkuñ,
Ýapraklaryñ, pudagyñ.
Hiç haçam biliñ bükmän,
Barha belende çykýañ.
Günorta mesgenlerde,
Ajaýyp hem mes ýerde
Topraga ornan köküñ
Sogrardan berkdir, çakym.
Ýyllar näçe gesse-de,
Ýan berenok hiç kese.
Ýapraklaryñ bir geñsi,
Jana hiş ýakýar reñki.
Gür ýaprakly pudagyñ
Göz-guwanjy ynsanyñ.
Ujy ýiti tikeniñ
Düzüm-düzüm ekeni.
Ýüzläp iri miweler
Pudagy aşak eger.
Ilkibaşda gök olar,
Soñ tylla-sary bolar.
Gün düşende, miweler
Misli lowurdap ýanar.
Miwesiz kesseñ eger,
Dup-durudyr dilimler.
Meñzeş dury dilkawlar
Tämiz ynsan kalbyna.
Ýöne, onuñ lezzetin,
Jana tenelar ysyn,
Boýun alaýyn bada,
Deñäp bilmen hiç zada.

*  *  *

Senden lezzet alýaryn.
Batyr, daýaw, eý, hanym.
Dursuñ bir özüñ, anha,
Adamlañ arasynda.
Belende ümzük atýañ,
Hiç haçan biliñ bükmän.
Añk edýäñ adamlary
Senem mandarin ýaly.
Eziz topraga ornan
Çuññur kökleñ, eý, juwan,
Seniñ öñe ümzügiñ
Çenimiz däldir biziñ.
Içinde ynsyñ-jynsyñ
Özbaşdak, pugta dursuñ.
Ýüzýän zatdan çekinmän,
Derýañ tersine bakan.

*  *  *

Ýanbermez erkiñ seniñ,
Hüşgärlik berkiñ seniñ.
Ýalñyşlykdan, säwlikden
Özüñ gorap bilýäñ sen.
Deñeýän mähremligiñ
Seniñ päkligiñ bilen.
Ýaşa, ýaşa, eý, hemdem,
Aý dek, Gün dek röwşen sen.

*  *  *

Takdyryñ peşgeş beren
Bütin ömrüni menem
Geçirmekçi, hyýalym,
Dostuñ bolup ygrarly!
Seniñ öz päkligiñ bile
Bendi edýäñ özüñe.
Ýöne, hakykat üçin
Mert göreşýäniñem çyn.
Boluber bolsañ juwan,
Goý, az bolsun tejribäñ.
Senden tälim öwrense,
Bolmaz armany gojañ…

Rusçadan terjime eden A.BERDIÝEW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle