Maňa «Zehinli şahyr» diýlende «Zehinli» sözüni çyzan edebiýatça
Maňa «Zehinli şahyr» diýlende «Zehinli» sözüni çyzan edebiýatça
Zehin nämişlesin bu däli başda.
Özümem şol sözi rowa görmezdim
Magtymguly bilen Puşkinden başga.
«Ýer-gök arasynda ýeke hudaý bar —
Ol hem aýal!»—diýen Kerbaba dagy,
Diýerdim: «Berdişka, inim, ýaş bolýaň,
Saýgaryp bileňok sol bilen sagy».
Lorkaň şygyrlarny ykrar etmezdim!
Gepletmezdim nemeslerde Geýnäni.
Haýýama diýerdim: «Meý janyň aljak,
Ne Maňňydy bilýäň, ne-de Daýnany».
Alatoganyňy oňar Ýesenin!
Kemine, geziber içmegiň bilen.
Walla, ataň-babaň şygyr ýazypmy,
Dogru-da, namartlap gaçmagam bolar.
Kepelede öýüň dik-de, şeýle diý:
«Besdir indi, goý, özgäni çekeläň».
Zehin näme, ýarowjana gygyr-da,
Gez yzynda bir bölejik çekenäň…
1984 ý. Goşgular