|

Maña uzak õmür miýesser etmez

Maña uzak õmür miýesser etmez MAÑA UZAK ÖMÜR MIÝESSER ETMEZ

Günleriñ birinde
birehim ajal:
"Bol, goşuñ düw!
Seniñ sanalgyñ doldy"
Diýer-de
Duýdansyz gapymy açar.

Howlukmaryn gözlerimi ýummaga,
Gursagymda jigläp gider jigerim.
Men ajala
"İşim başymdan agdyk,
Gyssama-da,
Biraz garaş" diýerin.

Diýerin ýene-de:
"Hãzire çenli
Ýaşadym şatlanyp,
dert-elem dartyp.
Ýatlamalañ hazynasy hakydam,
Diñe sen o ýerde gerekmez artyk.!

Açarma garaşýar ummasyz syrlar,
Köp işlem edilmän ýatyr ýene-de.
İllere aýtmaly sözlem kän
hatda
Wagtym ýok señ bilen gürleşere-de.

Eşrepi deý tutup her bir pursady,
Oýlanýan
İşlermi dynmak hakynda…
Ähli pikir-küýüm
Şolara bagly,
Ajal,
Sen bir häzir
Ara sokulma.

Robert ROŽDESTWENSKIÝ.

Rus dilinden terjime eden: Kakabaý GURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle