Maňa ganat peşgeş berdiň
Maňa ganat peşgeş berdiň
Maňa ganat peşgeş berdiň, uçýaryn!
Pelpelleýän guş mysaly gökde men.
Arzuw edýän ýene bagty guçmagy,
Göwnüm götermäge ussat, ökde sen.
Sen — Zeminde iň bir gowy bagbansyň,
Öň üstünde gatap ýatan topragyň,
Ýalňyz hem ýabany gyzgan bar bolsa,
Indi gül açyldy ýaýyp ýapragyn.
Güne ymtylan deý, gönükdi saňa,
Gunça köp ýatypdy ukuda ozal.
Emaý bilen kakdyň göwün taryna,
Gözlerňe göründi ol has-da gözel.
Gülýapraklar galpyldady enaýy,
Säherdäki her damja çyg Gün ýaly.
Ylahy gözellik bezär zenany,
Mähir berseň, ideg etseň gül ýaly…
Terjime eden Orazmyrat Myradow Goşgular