|

Maňa-da düşün!

Maňa-da düşün! MAÑA-DA DÜŞÜN

Özümi kän goýdum seniň ornuňa,
Mydam ýagdaýyňy düşünjek boldum.
Çarkandakly ýoldan ylgap goýnuňa,
Ýedide ýykylyp, sekizde galdym.

Juda howlukdym men,
gowuşjak bolup
Sensiz günleň ençedigne ökündim.
Telim sapar itdim, yzyndan baryp,
Çydam etmän ýöreýşine sekundyň…

Geljek sary ýöriş etdim küýimde,
Ýolda ýoldaş edip, ynamy aldym.
Ykbal gelip: «seňki bolmaz» diýende,
Gaharma dulugna bir şarpyk çaldym.

Akylym, ýüregim — bary seniňki,
Almasaň — barybir şum ajal alýar.
Gussamy al diýmen, olar meniňki
Ýene şatlyk bilen dolansaň bolýar..!

Ylham GURBANALYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle