Mämmede iñ soñky hat
Mämmede iñ soñky hat
Ikimiziñ aramyzda jellat dur.
Jellatdan başga hem meniñ ýüregim
ýakymsyz oýnuna başlady ýene.
Oglum Mämmet, indi seni görmerin,
göresim-ä gelýär, ýöne görmerin.
Boz ýeriñ bugdaýy ýaly ösersiñ,
nurana, gelşikli, uzyn bolarsyñ,
ýaş wagtlarym menem şeýle adamdym.
Ejeñ ýaly gara gözli bolarsyñ,
Aklyñ dury bolar, mañlaýyñ uly.
Sesiñ sesjan bolar, mähriban oglum!
(Meniñ sesim bolsa bu çak ýakymsyz).
Aýdymyñ ýol tarap her bir ýürege,
Senem borsuñ meniñ ýaly dilewar.
Nepesiñ duruka her sözüñ bal bor.
Aklyny ýitirer seni gören gyz.
Atasyz çagany ulaltmak kyndyr,
ejeñi ynjytma, mähriban oglum.
Oña şatlyk sowgat berip bilmedim,
sen ber şol sowgady. Ejeñ gowudyr.
Ejeñ ýüpek ýaly ýumşak adamdyr,
Ejeñ ýüpek ýaly mährem adamdyr.
Eje owadan bor ene bolsa-da,
Men ony on ýedi ýaşly gyz wagty
meşhur Altyn şahyñ edil düýbünde
birinji mertebe gördüm tötänden.
Ejeñ şonda gözel ekeni biçak.
Aýyñ şöhlesidir, Günüñ nurudyr,
bişen garaly dek süýjüdir sözi,
dünýäde özünden owadan ýokdur.
Şu hili ejedir seniñ ejeñjan.
Bir bulutsyz ertir biz aýrylyşdyk.
Aýrylyşdyk ýene duşuşmak üçin.
Duşuşmak miýesser etmedi bize.
Dünýäde ejeñden akylly ýokdur,
ejeñden gowy hem ýokdur dünýäde,
ýüz ýyllap ýaşasyn, ölmesin ejeñ…
Oglum Mämmet, men ölümden gorkamok,
ýöne käwagt goşgy ýazyp otyrkam,
ýüregim tisginýär. Ýalñyzlyk ýaman.
Ömrüñden galanda hasaply günler,
ýalñyzlyk has ýaman bolýar ekeni.
Durmuşdan doýma ýok, ýaşasyñ gelýär,
ýaşasyñ gelse-de ýaşap bolanok.
Dünýäde ýaşaman kwartirant dek
atañyñ öýünde ýaşaýan ýaly,
ýaşa bu dünýäde, oglum Mämmet jan,
Uýgun deñze, ýere, uýgun sen dänä,
emma ilki bilen adama uýgun.
Söý buludy, söý maşyny, kitaby,
emma ilki bilen adamy söýgün.
Ýene bir aýtjagym, guraýan şaha,
öçýän bir ýyldyza, maýyp haýwana,
goý nebsiñ agyrsyn, emma iñ ilki
adamlara seniñ nebsiñ agyrsyn.
Guwan gündizlere hem gijelere,
güýze, tomsa, ýaza hem gyşa guwan?
guwan bu durmuşyñ bar eşretine,
emma ilki bilen adama guwan.
Bir ajaýyp ýurt bar ýurtlar içinde,
Ol ýurt Türkiýedir — biziñ ýurdumyz.
Türkler gönümeldir, zähmetsöýerdir.
Batyrdyr, dogruçyl adamdyr türkler,
ýöne olar örän garyp adamlar.
Hupbat çekýär türkler,
türkler bir zaman
bagtyny hem çekip çykarar hökman.
Biziñ ýurdumyzda uly il bilen
Kommunizmi hökman gurarsyñ, Mämmet,
Kommunizmi eliñ bilen alarsyñ,
Reñkini gözüñ bilen görersiñ.
Türk sözünden, aýdymyndan uzakda,
Türk duzundan-çöreginden uzakda,
ejeñi hem seni göresim gelip,
dost-ýarymy, halky göresim gelip,
ölmeli bolaryn.
Ýok, sürgünde däl,
ýat ýurtda däl, arzuw eden ýurdumda —
iñ bagtly günleri başdan geçiren
ak şäherde men ölmeli bolýaryn.
Türküñ Kommunistik partiýasyna
oglum Mämmet, seni men tabşyrýaryn
hem durmuşdan gidýärin men arkaýyn.
Öçen, emma ebedilik ýaşajak
ömrüm welin seniñ üstüñ bilen hem
dowam eder halkymyzyñ içinde.*
■ DEREK
Türk şahyry Nedim diýdi: «Serwä bak,
üstünde şybyrdar kümüşden ýaprak,
düýbi suwda başy asmana uzan.
Berýoza bir şahyr boldy-da aşyk,
diýdi: «Berýozalar — gelinlik-magşuk».
Ol şahyryñ doglan ýeri Rýazan.
Ilimden düşmeli boldum men jyda.
Bir ýalñyz derege meñzedim juda.
Derek hä hiñlenýär, kä edýär perýat.
Başga agaçlar dek, derek hem günde —
Ömürboýy durar aýak üstünde.
Durýar, onuñ garaşýany niçik zat?
Sary, ýyly günde, ýagny, iýulda
deregiñ gözleri günuzyn ýolda.
Garañky düşýänçä äñedýär derek.
Dañ atyp, dünýäni ýagtyldýança nur,
Maña-da bir derek şol garaşyp dur,
kä mahal gygyryp, gepläp adam dek.
Tutuş ömrümizi bilýär ol agaç:
Har bolduk, bitledik, galdyk ýalañaç,
wejera-da bolduk, düşdük aýra-da.
Biz gurban-da bolduk asyrlar boýy,
başdan-da geçirdik gör näçe gaýy.
Dogrumy, deregim? Geple, saýra-da.
Seniñ deregiñi söýýärin, diýar,
emma bu söýgüden näme peýda bar?
Bu gürrüñler — bu öwgüler biderek.
Söýüp göbek ganyn daman ýerimi,
döküp ajy, gyzgyn mañlaý derimi,
gögerdip bilmedim ýurdumda derek.
1956.
Nazym HIKMET.
___________________________
* Bu goşgy «Ölenimden soñ çap etmeli» diýen bellik bilen ýazylypdyr. 1955-nji ýylda ýoldaşlary goşgyny çap etmäge şahyry yrypdyrlar.
Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. Goşgular