Mamam gözýaş döküp aglaýar eken
Mamam gözýaş döküp aglaýar eken
Jeňden söz açylsa telewizorda,
Ýa-da kino görkezilse söweşli.
Mamam gözýaş döküp aglaýar eken:
«Meniň agalamam şeýdip söweşdi.
Bilýän, olar şeýdip söweşendirler,
Mertdiler, ýüzlerni çytman gitdiler.
Yzlaryndan garap galdyk, hoşlaşdyk,
Olar yzlarna-da bakman gitdiler».
Iki agasy-da gelmändir gaýdyp,
Pahyr urşuň agyr labyryn çeken.
Iller ýeňiş günün baýram etseler,
Mamam gözýaş döküp aglaýar eken.
Indi ondan bäri ençe ýyl geçdi,
Bu dünýeden ötdi hatda mamamam.
Köneje jaýyndan nyşan galmady,
Ulaltdylar onuň bolan tamynam.
Käte babamlarda mazam bolanok,
Oturjak ýerimde bar ýaly tiken.
Göwnüme bolmasa, sesi gelip dur,
Mamam gözýaş döküp aglaýar eken.
Güljan DURDYÝEWA. Goşgular