Mähriň
Mähriň
Señ mähriñ ýeterlik
törüm bezäre .
Ýylylyk tapamok tomusda ,
gyşda ,
Seniñ ýyly mähriñ bile deñäre .
Kä mübtela bolup zerur işlere ,
Gaýgylañ gatynda galan çaglarym ,
Ýüregime giñlik beren ,
güýç beren
Mähriñ bilen
çöken göwnüm çagladym .
Seniñ ala gözleñ ,
görküñ ,
edebiñ
Ýugrulan
ýürek deý ýyly mähriñe .
Men şeýle mähiri arzuw ederin ,
Eger arzuw etsem adam ähline .
Ýürekleñ hyrujy galyp belende ,
Gitsemem gazaply şygyr şährine ,
Agyr söweşlerden aryp gelen deý ,
Dolanaryn seniñ ýyly mähriñe.
Gylyçmyrat Kakabaýew. Goşgular