Mähriban
Mähriban
Dünýäme nur bolup geldiň mähriban,
Üýtgedi ykbalym, ýaşaýyş terzim.
«Seni eý gördüler, söýdüler diýip»
Syryldy kalbymda berç bolan derdim!
Dünýämde aý bolup dogduň mähriban,
Garaňka duwlanan ýollar göründi.
Tümlük bagra basyp gussalarymy,
Uky bürän arzuwlarmy örüzdi.
Dünýäme gün bolup dogduň mähriban,
Doňan yürekleriň buzun eredip.
Ýaşap ýörün ýagşy niýet päl bilen,
Bu barlyga kalp gözünden seredip.
Ömre ömür bolup geldiň mähriban,
Sensiz manysy ýok tutuş barlygyň.
Baky bagta golun bulap çagyrýar,
Seň ýüpe serilen akja arlygyň…
Bagtygül TEKÄÝEWA. Goşgular