| | |

Mährem enäniň ýazgylary -16/ soňy

Mährem enäniň ýazgylary -16/ soňy MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY

Dördünji bölüm
IV bap

Ene mähri hakynda

Çagalar är­-aýal söýgüsini şeýle bir pugtalandyrýar­lar, şeýle bir artdyrýarlar welin, sahawatly hem duý­gur aýal durmuşa çykanynda, çagaly bolmak bagty­nyň näçe hupbat ýuwutdyrýandygyny bilse­de, çagaly bolmagy arzuw edişi ýaly, hiç zady arzuw edýän däl­dir. Ene diýen hormatly at göýä bolmasa, onuň dur­muşyny, akyl-­paýhasyny, kalbyny bezäp duran ýaly. Ol çaga hatyrasy üçin ýaşamakdan ötri saglygyny aýaýandyr, oňa görelde bolmak üçin sahawatyny art­dyrýandyr, onuň bilen paýlaşmak üçin bilim-­sowat al­ýandyr. Ene mährini suratlandyrmaga hiç kimiň gur­by çatýan däldir, onsoňam dünýäde hiç bir hamraklyk onuň hamraklygyna taý gelip bilýän däldir.
Gyzym, bu kiçijik bapda men saňa, Hudaý berse, ça­galaryňy söýgün diýip maslahat berip durjak däldirin. Beýle ýagdaýda wagşy haýwanlar hem öwüt­-ündewe mätäç däldirler. Men diňe saňa enäniň borçlaryny gys­gaça beýan edip, çagalaryňy nähili söýmelidigini öw­retmek isleýändirin.
Biziň jynsymyzyň ejizligini bilmek bilen, Hudaý­tagala biziň borçlarymyzy hem çäklendiripdir. Öz üs­tüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zenan maşgala güýçli kalp, artykmaç zehin, üýtgeşik sowat­lylyk gerek däldir, oňa diňe syzgyr ýürek, sagdyn paý­has, maşgala imi­salalygy zerurdyr. Şeýle şertlerde ol göwnaçyk gyz, uýa, jora, öý eýesi, raýat aýal we ene bolup biler. Ene bolmaklyk olaryň hemmesinden degerlidir, ol akyl-­paýhasyň, aladaçyllygyň bolmagy­ny talap edýändir, sebäbi çagalary mylaýymlyk bilen söýmeklik ýeterlik däldir (bu duýgynyň enäniň süň­ňüne ykjam ornaşany üçin, ony bitirilen hyzmat hasap etmek bolmaz), çagany akyl­-paýhas bilenem söýmek gerekdir. Çendenaşa hem­de paýhassyz söýgi köplenç çagalara perwaýsyzlykdan hem kän zyýan berýändir.
Enäniň çagasyna bolan borjy bäbek dünýä inmän­kä başlanýandyr. Ol ene boljagyny bilen dessine özüniň saglygyny aýamak, artykmaç hereketlerden gaça durmak we çaga üçin zerur ähli zatlary taýynlap goýmak bilen, çagasyna bolan söýgüsini subut edýändir. Eger enäniň ja­ny sag bolup, gurby çatsa, onda çagasyny özi emdirmeli­dir. Bu borjuň birentek hysyrdysy we ýakymsyz tarapla­ry bardyr, ýöne çaganyň ýekeje ýylgyryp bermesi, mähri, sagatjalygy, sagdynjalygy bu zatlaryň barysynyň öwezini dolýandyr. Eger ene ysgynsyzlygy ýa göwsi zerarly bu zatlary özi ederden ejiz bolsa, eneke tutanynda juda se­resap bolmalydyr, ol şeýle ýagdaýda enekäniň saglygy­na we häsiýetine üns bermelidir we onuň bilen birlikde mümkin bolan oňaýlyklaryň aladasyny etmelidir. Bäbek gundagdan çykan badyna ene ondan gözüni aýyrmaly däldir we onuň mundan beýläkki terbiýesi barada oýla­nyp ugramalydyr. Adam çagalykdan başlap, erbet görel­dä ýykgyn etgiç bolýandyr, ol entek gepläp bilmänkä ýa­ramaz gylyklary öwrenmäge ukyplydyr. Şonuň üçin çaga sallançakdaka oňa göz­-gulak bolup durmalydyr, onuň nämä ýykgyn edýändigini öwrenmelidir, ony ýaramaz gylyklardan saklap, onda gowy häsiýetleri oýarmalydyr. Bu ätiýaçlyklar äsgermezçilik edileninde, juda gynanç­ly netijelere getirýändir, sebäbi biziň süňňümize ornaşan endiklerden dynmak ýaly kyn zat ýokdur. Her çaga di­ýen ýaly öz häsiýeti bilen dogulýandyr, şonuň üçin ola­ryň hersi bilen bir tüýsli iş salyşmak gerekdir. Bu aýra­tynlyklary tapawutlandyryp bilýän we çaganyň mundan beýläkki terbiýesini şoňa görä alyp barýan diňe enedir. Gyzym, eger uzagyndan çagaň bolsa, sen olaryň kalpla­rynyň we ýürekleriniň kemala gelmegi baradaky aladany keseki adamlara ynanmagyn, bu babatda dünýäde ýekeje eneke­de seniň ornuňy tutup bilmez. Zenan maşgalalaryň köplenç ýaş wagtlary meşgullanýan ähli ylymlarynyň we sungatlarynyň iki maksady bardyr: olaryň biri öz gözel­liklerini artdyrmakdan, ýigitlere gowy görünmek üçin se­rişde gözlemekden ybaratdyr, ikinjisi, meniň pikirimçe, has esasy – olary çagalara gönükdirmekdir. Elbetde, tö­werekden kömek bolmasa, onda­-da birentek çagaň barka kömeksiz bolmak mümkin däldir. Beýle ýagdaýda, Liza, men saňa görelde bolup bilerin. Saglygymyň elhallygy, aýalyň we öý eýesiniň borçlary bar aladamy sen edip se­retmäge maňa mümkinçilik bermedi, emma men keseki­niň kömeginden peýdalananam bolsam, muny diňe sun­gat üçin edipdim. Ýöne men seniň kalbyňy we akylyňy taplamagy seniň dine we sahawatlylyga uýgunlaşmagy­ňy hiç kime ynanmadym. Seniň jigiň hem on iki ýaşaýan­ça meniň elimde ulalypdy. Kakaň onuň bilen gimnaziýa girmek üçin zerur bolan käbir sapaklar boýunça meşgul­lanýardy, men bolsam köplenç saňa diniň esaslaryny öw­retmäge jan edýärdim, sebäbi onsuz öz eliň­ öz ýakaňka azaşaýmagyň kyn däldi. Öz öwüt-­ündewlerim oglumyň hakydasyndan çykmaz, ol sahawatlylygy söýer we eje­sini minnetdarlyk bilen ýatlar diýen umydym bardyr. Liza! Senem ogullaryňy öýden şeýle ýagşylyklar bilen ugratgyn. Saňa has uly bagt garaşýandyr, sebäbi sen çe­ken azaplaryň miwesini görersiň we garran çagyňda ça­galaryň bagtynyň we sahawatynyň görnüşinde sylagyňa gowşarsyň. Gyzyň akyl­-huşuny kemala getirip, onuň ze­hinini artdyryp, sen onuň ýan-ýoldaş saýlap almagyna­da ýolbaşçylyk edersiň we alnynyň açyk bolmagyny arzuw­larsyň. Wah, maňa berilmedik eşret saňa bir beriläýsedi! Liza, sen öz perzentleriňi gowy görgün. Panydaky zatlara öte hamraklyk etmäni bize diniň özi hem gadagan edýän­dir. Bu gadaganlygyň sebäbi ynsan bagtydyr. Eýsem ýiti­rip bolaýjak zady, heý, öz ynjalygyňy ýitirmänem söýüp bolarmy? Goý, seniň hiç bir hamraklygyň, hiç bir duý­gyň aram ýagdaýdan we akyl­-paýhasdan aňry geçmesin. Ähli ýakyn adamlaryňy özüňi gowy görüşiň ýaly gowy görgün, ataň­-eneňi, adamyňy, çagalaryňy, dost­ýarlary­ňy, watanyňy olardanam eý görgün, Hudaýtagalany bolsa has­da yhlasly söýgün. Duýgynyň çägi, ine, şudur, ondan aňryk zowalsyz geçme ýokdur.
Ene mähri ýaly çuňňur duýgy duş gelýän däldir. Ata­ enä hamraklykdaky öte geçmeler sylag-­hormat bilen çäklendirilýändir, söýgüde bolsa oňa zenan maşgala mahsus bolan pespällik çäk goýýandyr. Ýöne çagalara bolan hamraklygyň çägi ýokdur, bu hamraklyk belli bir derejede borjuň özi bilen delillendirilýändir. Söýmäge ukyply ýürege şeýle ýagdaýda azaşmakdan aňsat zat ýokdur. Meniň öz ýazgylarym arkaly seni ondan halas edesim gelýändir, sebäbi men çendenaşa ýukaýürekli­giň zyýanlydygyny öz tejribämden bilýändirin. Enäniň üznüksiz gynançlaryny hasaba almanyňda­-da, çende­n aşa ýukaýürekliligiň netijesi çagalara has hem zyýan­ly täsir edýändir. Ene öz öte geçmeleri üçin tölenmeli tölegi saglygy hem rahatlygy bilen tölese, çagalar häsi­ýetleri we ýürekleri bilen töleýändirler. Çagadaky duý­gurlygy üznüksiz läliksiretmegiň, käteler bolsa birahat kökenek bolmagyň küteldişi ýaly, hiç zat bilen küteldip bolmaýanlygy bireýýämden bäri bellidir. Şeýle myla­katlylyga öwrenişen çaga özi barada uly pikirde bol­ýandyr we köplenç ýeketabak bolup çykýandyr, ýakyn adamlaryny söýmek ukybyndan mahrum bolýandyr.
Öz duýgularyňy hemişe akyl-­paýhasa tabyn edip biljegiňi bilsem­de, Liza, men saňa ähli hamraklygy­ňy çagalara, onda-­da olar kiçijikkäler, siňdirjek bolup durmazlygy maslahat berýärin. Adama hondanbärsi bolmazlyk ýaly bagt eçilýän, oňa sylag-­hormat ge­tirýän zat ýok bolsa gerek. Çagalaryňy özleri barada çakdan aşa köp pikir etmezlige endik etdirgin. Öýde bolanyňda, myhmançylykda bolanyňda, olary kime­dir birine seretdirjek bolmagyn. Ýanlaryndakaň olary öwmegin, çaga bäş ýa alty ýaşanda mylakatly sözleri seýregräk eşitmelidir, şeýdilse, ol her gezek süýji söz­leri sylag hökmünde kabul eder.
Men bu ýerde terbiýe barada gürrüň edip oturmakçy däldirin, sebäbi munuň üçin köp tagalla gerekdir, ýöne meniň saňa enäniň borçlaryny ýatladasym, seniň ça­galary nähili söýmelidigiňi öwredesim gelýändir. Men tejribäm boýunça saňa bir zat aýdaýyn. Çagalar bilen iş salyşanyňda duýgurlykdan seresap bolşuň ýaly, olar bilen hemişe mylaýym gürleşmelisiň. Çendenaşa duýgurlyk, elbetde, çagany zaýalaýandyr, ýöne olara paýyş sögünçler, käbir eneleriň zerur hem paýhasly görüp öwredýän gödeňsi, janagyryly äheňi ýaly kesir­lik hem hötjetlik öwredýän zat ýokdur. Mylaýymlyk arkaly hernäçe dyzmaç häsiýeti jylawlasa bolýandyr. Şeýle mylaýym gatnaşyga öwrenişen çagalara sähelçe özgerişlik hem temmi bolup görner. Meniň özüm­ä si­ze başgaça daramokdym.

V bap

Ýokary gatlak we jemgyýetçilik pikiri hakynda

Geljekki zatlardan enäniň hem habary ýokdur, oba­da, maşgalaň arasynda ýaşajakmy ýa­da paýtagtyň şa­galaňynda ýaşajakmy, men seniň takdyryň nähili bol­jakdygyny bilýän däldirin. Bu nämälimlik ýüregimi gysyp­-gowrup barýandyr. Syry açyp, takdyryň seniň maňlaýyňa näme ýazanyny bilip bilsem, men Hudaý­tagalanyň özüme eçilen sanlyja gününden gypynç et­män geçerdim. Kakaň on sekiz ýaşyňy doldurdygyň seni Peterburga alyp gitjekdigine maňa söz berdi, sen ol ýerde daýzaňyň hossarlygy astynda gowy maşga­la bilen tanyşarsyň. Men serişdesi we jemgyýetdäki ýagdaýy mümkinçilik berse, ýokary gatlagyň adam­larynyň arasynda ýaşamak birkemsiz sowat alan gyza päsgel berer öýdemok. Saýhally zenan maşgala zerur bolan ýeserligi we edepsizligi diňe şol ýerde öwren­se bolar. Onsoňam ony onçakly söýmezlik we para­hat sagdyn oba durmuşynyň gadryny bilmek üçin şol gatlagyň ýaşaýşyny öwrenmek gerekmikä diýýärin. Ýokary gatlak özüniň ähli eşretleri bilen özünde hiç haçan ýaşap görmedik, onuň elpe-­şelpelikleri bara­da diňe daş gulakdan eşiden ýa­da onuň romanlarda onçakly dogry gelmeýän suratlandyrylmasyny okan adamlar üçin hemişe albaý bolup durandyr. Ol ýakyn­dan seredeniňde, gözelligini birneme ýitirýän ýalydyr, ýöne oňa siňe-­siňe sereden adam onuň daşdan görün­ýän owadanlygyna­da, keýp­sapasyna­da aňsat-­aňsat­lar duş gelip bilýän däldir.
Eger sen ýokary gatlagyň adamlarynyň arasyna gyz­kaň barsaň, paýtagta durmuşa çykan ilkinji ýylyň olar bilen ýüzbe­-ýüz bolandan has ýeňil bolar. Sen olaryň şelaýyn sözlerine, kelläňi aýlajak bolmalaryna ýol ber­mezlik barada alada etmelisiň. Ähli babatda kakaň we sarpaly daýzaň diýenlerine gulak asmalysyň. Birkem­ siz terbiýeli, ýeterlik şaý­sepli täze zenan hökmünde sen, elbetde, birentek muşdagyň ünsüni özüňe çeker­siň, ýöne eger kelpezlik etmeseň, sen hiç haçan beýle­ki gyzlaryň gözi gider ýaly, onçakly köp ýigidi özüňe bendi edip bilmersiň. Diňe saňa öýlenmek islän ýigitler seniň ugruňda pelesaň kakarlar, ýöne sen hemmeler bilen edepli gürleşip, kakaň ikiňiz seniň bagtyň üçin gerek gylyklary tapjak ýigidi saýlap-­seçmelisiň. Ýöne öýlenjek ýigitleriň sany köp bolmaz, onsoňam görk­ görmegiň onçakly bolmansoň, şaý-­sepiň birnäçe ýüz müňden geçmänsoň, seniň hiç hili şowhun döretmän, idili täsir galdyrman ýokary gatlagyň sahnasyndan dü­şüp gitjegiňe gözüm ýetikdir. Liza, sen maňa ynansaň, hakyky bagt ýokary gatlagyň adamlarynyň şowhunly öwgülerinde däldir. Men ýokary gatlakda saňa hiç kim haýran galmaz, hiç kimde hiç hili gülki döretmeýşiň ýaly, hiç kim seni öwüp arşa çykarmaz, sen ilkinji hem, iň soňky hem hasap edilmersiň, şeýdibem hiç kime kö­ňül bermän, kelläňi aýlatman oba dolanyp gelersiň di­ýen umyt bilen öz­-özümi köşeşdirýändirin. Paýtagtdan gaýdyp geleňsoň, sen obanyň parahat durmuşyna hezil edip tomaşa edersiň we özüňi jan-­dil bilen gowy gör­ýän adamlaryň saňa has ileridigini duýarsyň. Eger sen ýokary gatlakda mynasyp adama duşup, olam saňa öý­lense, senem şol şowhunly şäherde ýaşamaly bolsaň, onda öz göwnüňe geňeşmeli we meniň gysgaça beýan etjek sadaja belliklerime gulak asmaly bolarsyň.
Juda ýokaryk dyrmaşmagyn, ýöne özüňi hem ki­çeltmegin. Hiç kim bilen dostlaşmagyn we gysgajyk tanyşlyklardan seresap bolgun. Mümkin bolsa, hem­me ýerde ýanyňda adamyň bolsun. Eger saňa jora ge­rek bolsa, ony iň asylly aýallaryň arasyndan gözlegin. Hiç kim barada diliňi sala goýbermegin we hiç hili gy­bata we arabozarlyklara goşulmagyn. Hemme kişi bi­len bir terzde gürleşip, sapara juda zerur halatlarynda çykgyn. Her meýlisde görnüp ýörmegin we dünýewi keýpler üçin öz borçlaryňa biweçlik etmegin. Her gün säheri öz işleriňe bagyş etgin, çagalar ulalyp, aladalar artanynda tanyş­-bilişleriň bilen diňe adaty gatnaşykla­ryňy saklamak üçin zerur möçberde barşyp-­gelişgin. Uly şowhunlara mümkin boldugyça, seýrek gatnagyn, tans etjek bolsaň, otuz ýaşa çenli etgin we muny sag­lygyňa zyýan bermez ýaly etmäge çalyşgyn.
Durmuşyň we wagtyň gadryny bilýän adam he­mişe we hemme ýerde bagtyýar hem peýdaly bolup biler. Ýöne, Lizam, men saňa beýle takdyry arzuw edemok, sebäbi, meniň pikirimçe, iliň kän bir tana­maýan zenany has bagtyýardyr. Eger­de Hudaý me­niň arzuwymy ýerine gowşursa, onda seniň wezipäň meniňkä çalymdaş bolar. On sekiz ýaşyňda paýtagtda bolmak, birneme elpe­-şelpeli ýurt görmek bilen, oba gaýdyp gelersiň we ýene iki ýylyňy kakaňa we öý i­şleriňe bagyş edersiň. Şonda bir hormatly, alçak hem sowatly goňşyň seniň razyçylygyňy sorar. Senem arkaýyn, öz razyçylygyň bilen, hiç hili romantiki waka­syz durmuşa çykarsyň. Belki, adamyň seni paýtagta ýa­da daşary ýurda gezelenje äkidip, saňa ýakymly güýmenje tapar. Ýöne seniňem arzuwyň meniňki ýa­ly bolsa, derrew oba gaýtmak bilen bolarsyň. Ýaş ze­nan, adatça, köp zada üns bergiç bolýar, onsoň tor ba­ry gurlup, ýokary gatlakda ýaşamak uly hem birsyhly seresaplylygy talap edýändir. Eger zenan adamsyny gowy görýän bolsa, muşdaklarynyň öwgülerine baş hem galdyrýan däldir. Olaryň geýim-­gejimleri, güý­menjeleri onuň gözüne­de ilýän däldir. Onsoň ol bu­laryň baryndan gorky­-ürküsiz, howsala-­ünjüsiz, diňe özi we adamsy üçin, sahawatlylyk ýoly bilen gidip biljek maşgala durmuşyny has gowy görýändir. Ýöne welin zenan maşgala özüni alyp barşyna esewan bol­malydyr, munuň üçin ýokary gatlakda ýaşamak hök­man däldir. Ol oba hemişelik göçüp gelenem bolsa, adamlaryň arasynda ýaşamalydyr we olary sylamak barada alada etmäge borçludyr. Öz ýanyňdan pespäl we sahawatly bolmak ýeterlik däldir, pespälligiň, sa­hawatlylygyň iň bärkije şertlerini uly il üçinem aýap saklamalysyň. Metastazionyň pikiriçe, «zenan maş­galanyň abraýy çalaja öwsen şemalyň islän ýerine yralap duran çalajan gamşydyr, ýeňiljek alnan demiň howry hem ýüzüni örtüp duran dury aýnadyr». Ab­raýyň barada aladalanyşyň ýaly, hiç zat barada ala­dalanmagyn, goý, erkekler jemgyýetçilik pikiriniň üstünden gülseler, gülübersinler, biz ony sylamalydy­rys. Sen şäherde ýaşaýarmyň ýa obada, ýokary gat­lagyň adamymy ýa aşaky gatlagyň – hemişe jemgy­ýetçilik pikiri barada alada edip durgun. Goý, seniň kalbyň hem, etmişleriň hem arassa we päk bolsun.
Adamlar saňa köplenç daş keşbiň boýunça baha berýändirler, muňa haýran galyp oturasy iş ýokdur… sebäbi biziň daşky hereketlerimiz göze ilgiç bolýan­dyr. Eger olar ýazgarylýan bolsa, onda oňat ada eýe bolandan, özümiz baradaky ýaramaz pikirden dynmak has kyn bolýandyr.

­

VI bap

Bagt hakynda

Meniň ýazgylarym tamamlanyp barýar… Besdir… sa­lym gowşaýar… Birnäçe günläp, pursatdan peýdalanyp, halym birneme ýeňilkä, mahal-­mahal ony­-muny çyrşan bolýaryn. Liza, basym biz hoşlaşmaly bolarys… Çyragy­myň gitdigiçe öçüp barýanlygyny duýýaryn… Gyzym, seniň barlygyňda derdim onçakly agyr görünmeýän ýaly. Saňa peýda getirip biljek bu ýazgylarymy taslap ýörşüme men bu işden şeýle bir lezzet tapdym welin, köplenç nä­me sebäpli galama ýapyşanlygymy hem hakydama ge­tirip bilemok. Jebri-­jepalarym bu zatlary ölümiň öň ýa­nynda gyza berilýän maslahatlardygyny ýaňzydanynda, men agyry-­ynjyma zordan basalyk etdim…
Baby tamamlamak bilen, men maslahatlaryma pugta eýerseň, saňa nämeleriň garaşýandygyny görkezmek­çidirin we bagt hakynda birnäçe söz aýtmakçydyryn.
Ähli arzuw­-islegleriň maksady, her bir adamyň ýa­şaýşynyň maksady bagtdyr. Hemmeler onuň gözle­gindedir, sadaka diläp elini serýän gedaýdan başlap, elýetmez şöhrat bilen gurşalan monarha çenli hemme­ler onuň ugrunda ser­-sepildir. Ýöne köplenç adamlar nähak azara galýandyrlar, ony ýok ýerinden gözleýän­dirler. Şöhrat, baýlyk, sylag­-hormat olara al salyp, al­baý bulaýandyr. Olar ony tutdum­-tutdum diýenlerin­de, salgym bolup görünýän ol eşret bada­-bat gaýyp bolýandyr we adamlaryň paýyna gynanç bilen olaryň peýdasyz perişdelerdigi baradaky ynanjy galýandyr. Eziz Lizam, sen bagty ýagşylykdan gözlegin, şeýtseň, sen ony çalt taparsyň. Biribara lükgeligiň bilen ynan­gyn we päk wyždanyň saňa abadançylygy üpjün eder. Arzuw-­islegiňde kanagatly bolup, diňe bolaýjak zady arzuw etgin, ýöne başa barmaýanynda-­da onçakly gy­nanmaz ýaly, juda köp zady arzuw etmegin. Söýeňde, paýhas bilen söýgün, söýgiňe mynasyp adamlary söý­gün. Boýun egseň, üýtgedip bilmejek zadyňa boýun eggin, täleýiňden razy bolgun, hiç kime hiç zady gö­rübilmezçilik etmegin. Täze­-täze borçlary oýlap tap­jak bolman, özüňe buýrulanlary berjaý etgin we mal­ döwlet barada alada edenden, ilki bilen janyň saglygy barada alada etgin. Özüňe talapkär, owunjak etmişle­riňe­de seresap bolgun­da, iliň edenine-­goýanyna on­çakly baş galdyrmagyn. Goý, seni her bir adam gowy görsün we sylasyn, ýöne sen hiç kimde howatyrlanma döretmez ýaly pespäl boljak bolgun. Mümkin boldu­gyça, maňlaýy şorlara medet berip durgun, ýöne kö­megiň üçin olardan taňryýalkasyn hantama bolmagyn, şeýtseň, ýagşylyga ýamanlyk etjege duşmajakdygyňa ynanaýgyn. Zähmete sarpa goýgun, şonda her bir işiň saňa ýakymly güýmenje bolar. Az okagyn we diňe saýlanan kitaplary okagyn, akyl­-paýhasyňy taplamak üçin ir-gözin alada etgin, soň doly hasyl alaryň ýaly, tohumyňy ýaşlykdan seçgin. Ylmyň ösdüren tebi­gy zehinlerini äsgermezçilik etmegin. Yzda süýren­megin, hemişe sahawatlylykda bolşy ýaly, bilimi ele almakda-­da öňe dyzagyn. Ol ýa beýleki maglumaty soň alsamam bolar diýmegin, bu günki etjegiňi ertä goýmagyn. Adamlar hakyndaky pikiriňde we bolup geçýän zatlara garaýşyňda hemişe juwan bolgun. Ähli zat babatda ýagdaýyňa we ýaşyňa görä bolgun. Gar­rylyk ýakynlaşýar diýip, basga düşmegin. Ondan nä­me üçin gorkmalymyş? Eýsem, ol biziň uzak wagtlap ýagşylyk edip ýaşanymyzyň sylagy dälmidir näme? Garrylygyň öz lezzeti bardyr. Ýöne ol öz­-özüne sarpa goýanynda ony bagtly, sylag­-hormata mynasyp hasap etse bolar. Ýerdäki ýaşaýşyň soňuna golaýlaşyp baş­lanyňda, goý, Hökmügüýçlüniň tagtynyň ýanyna ilki seniň sogap işleriň barsyn we seniň azaşmalaryň üçin günäňi ötmesini Ondan dilesin. Şeýlelikde sen bagtyň lezzetini görüp, bu dünýäni gaýgy-­gamsyz, ökünç­ puşmansyz terk edersiň.
Ynha, telim gündür, meniň ysgynsyzja elim zordan galamy tutýar… pikirimem kynlyk bilen jemleýärin… ga­nymyň akyşynyň haýallanlygy duýulýar, diňe ejem ja­ny, adamymy we doganyň ikiňizi ýatlanymda ýüregimiň gowşajyk urýanyny aňýaryn… Alnymdaky ähli zatlar gaýyp bolýar… birnäçe minutdan meniň üçin täze dünýä açylar. Men özümi çagyrýan sesi eşidýärin, ýöne munuň üçin howsala düşemok. Teselli beriji perişde meniň kalby­ma şeýle diýýär: Ejeň, adamyň we çagalaryň bilen hoşla­şykda gurşap alan sansyz gaýgy­-hasratlaryň Ýaradany yr­dy. Ol seniň günäňi ötdi, indem saňa garaşýar… ‘‘Barýan, barýan… ýuwaşja, ýöne gorky­-ürküsiz barýan… Ýöne, Taňrym, huzuryňa barmazymdan ozal gyzym bilen birki agyz gürrüň etmäge maňa rugsat ber… Liza, meniň seniň bilen hoşlaşasym we saňa ak pata beresim gelýär. Düýn men seniň bilen şu ýazgylar barada gürrüň edenimde, se­niň gözýaşlaryň we möňňürmeleriň aýtjak bolan sözleriň üstüni basdy, ýöne men olary ýüregim bilen duýdum… Men bu minutyň hiç haçan ýadyňdan çykmajakdygyny gördüm, diýmek, men bu maslahatlary biderek ýazman ekenim, sen olara gulak goýarsyň, diňe eňek atyp barýan ejeň hakyndaky ýatlama seni azaşmalardan halas eder, sa­hawatlylygyňy artdyrar. Bu pikir meniň soňky minutlary­ma teselli berýär… galamymy taşlaýaryn… özümi we sizi Hökmügüýçlä tabşyrmak we mährim siňen adamlarymy bagryma basmak üçin soňkuja güýjümi aýasym gelýär. Gyzym, hoş gal… Ýene görüşjek wagtymyz geler… men siz bilen baky hoşlaşamok, ol ýerde ­bakyýetde duşuşyp, müdimi bile bolarys. Wah, bu süýji arzuwlar meniň iň soňky hoşlaşyk pursatlarym maňa, gör, nähili teselli ber­ýär. Liza jan, bagyşlaweri!…
Alla ýaryň bolsun, halasgär perişde mydam hemraň bolsun!

Soňy

Rus dilinden terjime eden: Daňatar Berdiýew

«Dünýä edebiýaty» žurnaly  2/2011 Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle