| | |

Mährem enäniň ýazgylary -15/dowamy

Mährem enäniň ýazgylary -15/dowamy MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY

Dördünji bölüm
II bap

Söýgi hakynda

Zenan maşgalanyň wezipesi aýal hem ene bolmak­dan ybaratdyr. Ol şonuň üçinem ýaradylandyr, onsoň ähli berilýän sapaklaryň, öwüt-­ündewleriň, ähli ter­biýäniň maksady diňe bir zatdyr: ol adamsyny bag­tyýar edip, çagalaryny terbiýelemelidir. Gyzlar söýgi köşgüne dürli ýollar arkaly girýändirler. Gazanç hem dünýewi edep ýolundan barýan jübütleriň sany hemi­şe örän köp bolup, olar çaklaňja ýodajygy uly ýola öwrüpdirler. Tekepbirlik ýoly ondan birneme dardyr. Bir söz bilen aýdanyňda, boş söýginiň ýoly, roman­tiki söýginiň ýoly, boýun synmanyň, mejbur etmäniň ýoly, hiläniň, paýhassyzlyk etmäniň ýoly, garaz, ýol­lar köpdür. Ýöne olaryň ikisi bir­-birine meňzeş däl­dir. Şol meňzeş däl ýollaryň birine hakyky söýginiň ýoly, beýlekisine akyl­-paýhas, sylag ýoly diýilýändir. Olaryň ikisine­de derwezäni sahawatlylyk açýandyr, onsoň olaryň ikisi hem diňe bir söýgi köşgüne däl, eýsem, bagta hem alyp barýandyr.
Seniň kakaňa we alan terbiýäňe belet bolamsoň, men seniň diňe şu iki ýol bilen gitjekdigiňe ynanýandyryn, şonuň üçin beýleki ýollar barada gaýdyp ýatlabam oturjak däldirin. Men şo ýollaryň birinjisi, Sofýa Nikolaýewna bolsa ikinjisi bilen gitdik, biziň ikimiz hem arzuwlan bagtymyza ýetdik. Onuň syýa­haty onçakly hupbatly bolmady, meniňki bolsa düýp­den howsalasyz geçdi. Men saňa bu ýollaryň haýsy­syny arzuw etjegimi bilemok… bu babatda maslahat bermek kyndyr… ýöne bu maňa bagly bolsa, men se­ni akyl-­paýhasdyr sylag ýoluna atarardym.
Özüm jan­-dil bilen söýlüp, onuň meýinden näçe diýseň gananam bolsam, bu söýgüde näçe lezzet bol­sa, şonça­da jebri­-jepanyň bardygyny boýun almaly­dyryn. Ol durmuşa täzeçe bezeg berýändir, ýöne öň
duýulmaýan täze gam­gussa hem eçilýändir. Magşuk gyzyň galagoply ýagdaýynyň ynjalykly boljak güma­ny ýokdur: gabanjaňlykdyr gorky onuň gutulgysyz hemralarydyr. Men bu ýerde diňe zenan maşgalalar barada gürrüň edýärin, sebäbi är-­aýallylykda söýgi­niň erkek adam üçin howply bolan ýagdaýyny bile­mok. Erkek adamlaryň kalby has güýçli bolansoň, olar söýgä onçakly maýyl bolanoklar, zenanlar bol­sa ejiz hem ýukaýürek bolýarlar, şonuň üçinem olar oňa durklary bilen tabyndyrlar. Mundan bolsa erkek­leriň söýgüden köplenç diňe bir şatlyk alýandykla­ry, biziň paýymyza bolsa hasratyň düşýändigi gelip çykýandyr. Men söýgi zenan maşgala üçin duranja bir eşret diýilýän pikire goşulamok. Biziň kalbymyz has güýçli bolup, erkekleriň ýürekleri hem has ýuka bolan bolsa, belki bu pikir dogry bolsa­da bolardy, ýöne bu başgaça bolup çykansoň, meniň pikirimçe, adamsynyň ýüreginde söýgi oduny tutaşdyryp, özi bolsa oňa dostlukdyr sylag bilen jogap berýän zenan bagtlydyr.
Hakyky ikitaraplaýyn söýgi diýseň seýrek duş gelýän hadysadyr. Ýöne är­-aýallylykda ol sanlyja ýyl geçeninden soň, dostluga sapýandyr. Eger­de iň hyjuwly söýgi şeýdip üýtgeýän bolsa, onda söý­gi köşgüne iki ýol arkaly giren jübütleriň arasynda diňe bir tapawut bardyr: olaryň biri nämeden ba­şlan bolsa, beýlekisi şonuň bilen tamamlaýandyr. Sanlyja ýyldan olaryň hamraklygynyň öwüşginleri şeýle bir gowşaýandyr welin, olary seljerjek güma­nyň ýokdur. Ýatlama­da şeýledir. Olaryň birinjisi­niň geçmişi häzirki durmuşyna düypden meňzeş däldir, şonuň üçin bu özgermäniň birneme hasratly bolýandygynyň ujy iki däldir. Beýleki jübüdiň bol­sa geçmişi, häzirki ýaşaýyşy şeýle bir meňzeşdir welin, olara gynanmaga­da, könäni küýsemäge­de bahana ýokdur. Ine, şeýlelikde, söýgi köşgüne biri hakyky söýgi ýoly bilen, beýlekisi akyl­-paýhasdyr sylag bilen aralaşan iki zenany, biri ýaşlygyny Itali­ýada, Ispaniýada, Fransiýada geçiren, beýlekisi bol­sa mydam öz sowuk ýurdunda ýaşan iki sany adam bilen deňeşdirmek mümkin. Olaryň birinjisi gaýdyp gelen dessine bolup geçen özgerişligi duýýandyr, geçeni ýatlamak onuň şu gününe ýakymsyz kölege salýandyr. Beýlekisi hiç hili gowy zat görmänsoň, hiç zada gynanýan däldir we öz gününe kaýyl bolup ýörendir. Olaryň birinjisi şatlykdyr täsinlikleri göre­nem bolsa, olary ýitiren bolmalydyr. Ikinjisi bolsa onçakly köp şatlyga duşmadyk bolmaly, ýöne muňa derek onuň ýitiren zady hem bolmaly däl. Liza, eger sen söýgi diýilýän zadyň nämedigini bilseň, bag­tyň şonça­da şypaly bolar, ýöne şonuň bilen birlik­de gaýgy-­hasratyň hem şeýle bolar. Seniň takdyryň onçakly eşretli bolmasa­da, ol muňa derek saňa yn­jalyk eçiler. Bu babatda saýlap-­seçmek juda çetin­dir, bu ýagdaýa baglydyr. Öýlenjek gyzyny ýigidiň özüniň seçip­-saýlanlygy, gyzyňam köplenç özüni saýlana durmuşa çykmaga mejbur bolýanlygy üçin, erkek kişiniň ýüreginiň söýgi oduna lowlap ýanýan wagty zenan maşgalanyň ýüreginiň söýgüden dynç pursatlary hem seýrek bolmaýar. Şeýle är­-aýal köp­lenç iň bagtly jübüt bolýandyr. Zenan maşgalalaryň ýuka ýüreklilikleri we näziklikleri erkekleriňkiden şeýle bir artykmaçdyr welin, biziň dostlugymyz hem edil olaryň söýgüsiniň derejesinde gyzgyndyr hem mähremdir. Liza, eger sen durmuşa çykmazyň­dan öň söýginiň ataşyna çowlanmasaň­da onçakly hapa bolmagyn. Dogry, bagtyň ganatly bolmaz we­lin, ýöne ol hiç haçan uçup hem gitmez. Bigäne ro­manlar özlerine ynanýan hem­de «zenan maşgala ömründe bolmanda bir gezek bir hyjuwly söýginiň lezzetini datmalydyr» diýip pikir edýän birentek ze­nanlaryň başyny aýlandyrlar. Ýöne dünýäde beýle etmedik aýallar azmy näme, şonda­-da olar asuda maşgala bagtynyň lezzetini görýändirler. Umuman aýdanyňda, ýeňles duýgy lezzet däl­de, betbagtçy­lyk getirýändir. Ýaş gyzlar köplenç pikir etmezden­ zat etmezden, söýginiň alyna çolaşýarlar. Hyjuwly hyýala, heserli duýga, romanlara, geldi­-geçer he­zilliklere özlerini aldadýarlar. Özleriniň daşyndan perwana bolup aýlanýan ilkinji erkek adamy olar gahryman hasap edýärler, biçäre görgüliler onuň mynasybetliklerini, häsiýetlerini bilmezden, söýgä baş goşýarlar we köplenç ömürboýy bagtlaryndan mahrum bolýarlar.
Gyzym, sen bu ýalňyşlyklardan gaça durmalysyň, sebäbi sen özüňde galan her bir täsiri, her bir duý­gyňy kakaňa gürrüň bermelisiň. Heserli hyjuwlar diňe kitaplarda göz açyp-­ýumasy wagtyň içinde, bir bakyşda döreýändirler, şonuň üçinem kakaň öýlen­mejek, seniň bagtyňy açyp bilmejek adama seni ro­wa görmez. Ýöne ynsan ähline mahsus bolan ejizlik zerarly kakaňam seçip-­saýlamak meselesinde ýalňy­şaýsa, eger, Hudaý saklasyn, halan ýigidiň hem bide­rek bolup çykaýsa, onda sen, balam, tesellini dinden gözlegin. Birbada seni güýçli hasrat gaplap alar, ýö­ne basym diniň saýasynda ýüregiň aram tapar, ataň hem joraň hamraklygyndan lezzet alarsyň. Wagt se­niň duýgyňy ysgyndan gaçyrar, söýgi saňa bir wagt­ ky görnen düýş bolup görner. Şondan soň basym sen bigäne adama durmuşa çykmanlygyň üçin Hudaýa müňde bir şükür edersiň. Kimde-­kim akyl-­paýha­synyň diýeni bilen bolsa, oňa beýle­-beýle wakalar howp salyp bilýän däldir.
Zenan maşgala ömründe betbagtçylyga uçrap bil­ýändir, olam özüniň ähli geljegi eliniň içinde bolan adamsynyň ölümidir. Öýlenjek ýigit biwepalylyk edeninde akyl­-paýhas we mertebe söýginiň iň bärki­je suduryny hem ýylmap gidýändir, adamsy öleninde bolsa bularyň barysyny iki esse artdyrýandyr. Biçäre aýal ýüreginiň örki bolan adamsyndan jyda düşse­de, hatyradyr sahawatlary ýeňledýän din, elbetde, gam­ gussany köşeşdirýändir, ýöne şonuň bilen birlik­de ony güýçlendirýändirem, sebäbi bu köşeşmeklik wagt gelip, hasrat çekýän zenanyň öz söýgülisi bilen baky birleşjekdigi baradaky ynamyna esaslanýandyr. Beýle ýitgi köplenç ýukaýürek zenan üçin ýerdäki bagta ýetmäge päsgelçilik döredýändir, şoňa görä seni beýle hasratdan aman­-esen saklamagy Hudaýta­galadan gije­-gündiz dilärin.
Eger meniň dileglerim eşidilse, sen geljekki ada­myň bilen hakyky hamraklykda, sylag-­hormatda ýaşarsyň. Ýöne özüňiň söýgüden gaça durmagyň ýeterlik däldir, sen ony beýlekilerde hem oýarmaga jan etmeli dälsiň. Iň owadan, iň mähirli gyz durmuşa çykjak ýigidinden beýleki muşdaklarynyň hiç birine umyt bermänligi bilen hiç kimiň aşyna awy gatmaz. Her bir asylly maşgala erkekler bilen iş salyşanda, juda seresap bolmalydyr. Ol hemmeler bilen, garry­lar bilenem, ýaşlar bilenem, edepli bolmalydyr. Hiç kime al salyp, hiç kimiň ýanynda kelpeňlik etme­li däldir. Ol hiç kimden sowgat almaly, hiç kimden ýaranjaňlyga garaşmaly däldir, hatda söz aýdýan ýi­gide hem çenden çykmaga ýol bermeli däldir. Şeýle häsiýetli gyz uly iliň hormatyna mynasyp bolar we kimiňdir biriniň kalbynda hakyky söýginiň oduny tu­taşdyrar. Liza, sen hiç haçan öz bagtyňy we şöhra­dyňy muşdaklaryň köplüginden gözlemegin. Olaryň sanynyň köplügi diňe tekepbirlik üçin gowy zatdyr, ýürege welin köplenç dert getirýändir. Mysal üçin, akyl­-paýhas ikisini hem unap durka iki bäsdeşiň biri­ni saýlamak, gör, nähili kyndyr. Biriniň, onda-­da özü­niň sylaýanlygyna diýseň aýdyň subutnamalar, ber­ýän adamyň göwnüne degmek, gör, nähili agyrdyr. Meniň pikirimçe, ilkinji duşany maňlaýyna ýazylan adam bolup çykan zenan iň bagtly zenandyr.
Men bu baby şeýle sözler bilen tamamlamakçydy­ryn: ýerdäki iň seýrek duş gelýän hadysa bolan haky­ky söýgi juda hasratlydyr, şonuň üçinem sen bu duý­gudan sap bolsaň, onda saňa şeýle söýgüsiz oňmak aňsat düşer, üstesine­de seniň bagtyň mundan sähel­çe­de zyýan çekmez.

III bap

Är-aýallyk hakynda

Enaýyja, güler ýüzlüje, asylly terbiýe alan, gurp­luja ýaş gyz, göwni islese, durmuşa çykmaga arka­ýyn bil baglap biler. Liza, şol gylyklaryň hemmejesi hem sende bardyr, diýmek, senem är­-aýallyga gadam urarsyň diýip umyt edibermelidir. Emma seniň bag­tyň üçin, has dogrusy, ömürboýy bagtyň üçin men seniň juda ýaşlykda durmuşa çykmagyňy islämok. Birinjiden, seni hakyky söýgimi, akyl­-paýhasymy, ýa­da sylag-­hormat – haýsysy bagtyňy açsa­da, sen hiç haçan edil häzirkiň ýaly erkana bolup bilmersiň. Häzir seniň durmuşyň ähli aladalardan, bişeýkellik­lerden azatdyr, ýeňil-­ýelpaýja hasratlar bolsa diňe göz açyp-­ýumasy salymlyk myhmandyr. Kakaňy gözüň göreji ýaly görmek, ol barada aladalanmak, onuň ýumuşlaryny bitirmek we ýazyksyzja eşretler barada arzuw­-hyýal etmek, ynha, seniň etmeli işleriň şulardyr. Ýöne welin durmuşa çykdygyň iş­-aladaň şolbada artar, söýgüliň bagty seniň eliňde bolar, we­zipeleriň möhümleşer: öýi dolandyrmaly, hyzmatkär aýala göz­gulak bolmaly, myhmanlary kabul etmeli bolarsyň, bu wezipeleriň barjasyndan öz­-özüňe seret­mek, öz­-özüňi dolandyrmak iň esasy wezipe bolar. Adamyň diňe has möhüm ýagdaýlarda ýumuş buý­rar, maslahat berer, beýleki ownuk-­uşak ýagdaýlar­dan bolsa özüň baş alyp çykmalysyň. Jemgyýetde uly gyzyň wezipelerine garanyňda ýaş gelniň wezipeleri has uludyr. Hemmeleriň ünsi ýaş gelindedir. Ejesiniň ýa­da başga bir sylagly­-hormatly zenanyň ýany bi­len ile çykan gyz birneme çekinjeň ýalam bolsa, oňa gorkup oturasy iş ýokdur. Ärli aýalyň bolsa öz eli, öz ýakasydyr, ol näçe ätiýaçly bolsa­da, her bir sözüne, her bir hereketine şonça eserdeň bolmalydyr. Munuň üstesine enelik borçlary hem onuň iş­-aladalaryny ep­ esli artdyrar…
Men, iň gowusy, durmuşa çykmazlykdyr diýemok. Munuň özi Hudaýyň buýrugyna­da, tebigatyň kanun­laryna­da ters geljek. Ýöne, Liza, men är-­aýallygyň diňe bir şatlykly ýagdaý däldigini, onuň borçlarynyň biziň pikir edişimizden agyrdygyny, onda müňler­çe owunjak aladalaryň tapdyryp durandygyny, şo­nuň üçinem ýetişen gyzyň durmuşa çykmaga gatybir howlukmaly däldigini nygtamak isleýärin. Men be­ýan etmeg­ä beýlede dursun, eýsem düşünmesi hem kyn bolan elhenç hasratlaryň üstünden eltýän şowsuz nikalar barada­ha entek gürrüňem edemok. Men diňe bagtly är-­aýallyk hakda gürrüň edýärin, sebäbi mu­nuň başgaça bolmagyndan meniň gyzymy, goý, ke­remli kadyr Hudaýyň özi gorasyn.
Hernäme diýseňem iň bagtly är­-aýallygy hem on­çakly ýeňil ýük hasap etmek bolmaz. Ýaş zenan dur­muşa çykmak bilen, gerekmejek ýagdaýlarda käbir erkinlige eýe bolýandyr, ýöne möhüm ýagdaýlarda bolsa ol ony bada­bat ýitirýändir. Goý, äri diýmäliň, aýallyk borçlarynyň özi hem ony atasy öýünde peý­dalanan garaşsyzlygyndan mahrum edýändir. Ata­-enä gulak asmak, olara tabyn bolmak bize tebigy zat bolup görünýändir. Biz muňa çagalykdan endik edip gidendiris, şonuň üçinem bu ýagdaýy gulçulyk diýip aýtmaga hiç kimiň dili barmaz. Ýöne är­-aýallyga ga­dam uran badyňa erkinligiňi ýitirýänligiň köre hasa bolup durandyr. Liza, sen är­-aýallykda özüňe käbir derejede meniň beýan etmelerimden belli bolan sa­hawatlylyklaryň birentegini hökman ýerine ýetirmeli bolarsyň. Sabyr­-takat, kaýyllyk, egilişik etmek, mydama bir bolşuňy saklamak söýgüli hem bagtly bol­mak isleýän her bir zenan üçin zerur zatlardyr. Ýö­ne olary her bir pursatda mydamalyk saklamak üçin, gör, nähili tagallalar gerek!
Meniň pikirimçe, är­-aýalyň bagty nikanyň ilkin­ji ýylyna baglydyr. Adatça, iň gowy ýyl şodur diýip aýdýarlar. Belki, şowsuz är-­aýallykda bu beýle bol­sa­da bolýandyr, ýöne bagtly är­-aýallykda soňky ýyl­lar has ýakymly bolýandyr. Ilki-­ilkiler ýa­da anygrak aýtsaň, birinji ýylyň dowamynda är-­aýal biri-­birini gowy tanap başlaýandyr, sebäbi olar esli wagtlap tir­keşen hem bolsalar, bir­-birleriniň diňe gowy tarap­laryny bilýändirler, bir-­birleriniň kemçilikleri bolsa olara belli däldir. Ilkinji ýyl aýal ömürlik dosty we daýanjy bolan hemrasyny tanajak bolup jan etmeli­dir. Liza, käte gynançly lapykeçligi görerin diýseň, är­-aýallyga gadam uranyňda, adamyňda öýlenjek ýigit­kä görmedik kemçilikleriňi görjekdigiňe, adamyň seň bilen bolşuny üýtgetjekdigine, eglişige ezber, diýen ediji, aşyk ýigidiň toýdan soň saňa erk edip ugrajak­dygyna taýyn bolgun. Erkek kişiler diňe wagtlaýyn bendimizdir, soňra bolsa olar hemişelik hökümda­rymyzdyr. Munuň özi Hudaýyň işidir, oňa düşünesi gelmeýän zenan öz eli bilen öz bagtyny ýatyrýandyr. Liza, zenan maşgalanyň beýle ýazgydyna hapa bol­magyn, sen kadyr Hudaýyň öwütlerine dilsiz-­agyzsyz tabyn bolmalysyň. Men sen şeýle bir adama durmu­şa çykarsyň, oňa tabyn bolmaklyk seniň üçin ýakym­ly wezipä öwrüler diýip pikir edýärin. Eger adamyň özünden on ýaş dagy uly bolsa, bu entek betbagtçylyk däldir, är-­aýallykda doly bagtly bolmak üçin adamyň ýaş babatda-­da, akyl­-paýhas, bilim babatda­-da senden gala bolmalydyr. Elbetde, ýaş tapawudynyň ululygy käte kämil hem­de näzik sazlaşyga zyýan berýändir, ýöne barybir ähli artykmaçlyklar erkek adamyň tara­pynda bolsa, hemişe gowy bolýandyr. Zenan maşgala­lar egilişik etmek we gulak asmak üçin ýaradylandyr, olar höküm etmek sungatyny bilýän däldirler, şonuň üçinem käte paýlaryna häkimlik ýetdiräýeninde-­de, olar ony öz zyýanlaryna peýdalanýandyrlar. Biz aýaly çäklem bolsa, adamsy akylly-­başly, aýaly garybam bolsa, adamsy gurply we ş. m. müňlerçe agzybir är­ aýaly bilýäris. Ýöne şol artykmaçlyklar aýalyň ta­rapynda bolanynda, bagtly är­-aýallygy gören az­-az­dyr. Hawa, mähriban Lizam, sen egilişik etmäni we sadyklygy aýalyň ilkinji sahawaty hasap etgin. Ýöne olary lepbeýlik derejesine ýetirmek gerek däldir: aňry çägine ýetirilen çendenaşa alçaklyk eýýäm öz gowy tarapyny ýitirmek bilen bolýandyr, ol hatda minnet­darlyk hem döredýän däldir. Gyzym, şeýlelikde sen durmuşa çyksaň, ilkinji ýylyň ömürboýy özüňi alyp barmagyň ýoluny kesgitlegin. Umuman, är­-aýallyk olaryň duýgularyny we häsiýetlerini üýtgedýändir, ölüp-­öçüp barýan ýigit basym göwnibir äre öwrülýär diýip erkek kişilerden zeýrenilýändir. Beýle ýagdaý­lar bolmasyna bolýandyr­da, ýöne bu babatda köp­lenç aýallar ýazykly bolup çykýandyrlar. Olar entek durmuşa çykmankalar şeýle bir eýjejik, ümsüm, hem­melere, aýratyn­da durmuşa çykjak ýigitlerine güler ýüzli bolýandyrlar. Onsoň öýlenjek ýigit öz alnynda durany perişde saýýandyr we ony baky söýjekdigine hyjuw bilen ant içýändir. Aslynda bolsa şol perişde­ler durmuşa çykan batlaryna öz kemçiliklerini açyp, üýtgetmek bilen bolýandyrlar we ýasama näziklik edip, ärleriniň ýürek­-bagyrlaryna düşýändirler ýa­da sowuk, parhsyz adama öwrülýändirler. Olaryň käbiri kaşaň geýinýändirler, ýöne özgeler üçin bezenýändir­ler we diňe märekede öz dilewarlyklaryny, zehinlerini görkezýändirler. Beýlekileri bolsa hapysalyga çenli gözden düşýändirler… öňler adamlaryň göwnünden turan hünärlerini ýatdan çykarýandyrlar. Ärlerine go­wy görünjek bolup çigit ýalyjak hem alada edýän däl­dirler, munuň tersine, olar uly iliň özlerini söýmegini talap edýändirler.
Liza, sen durmuşa çykyp, bagtyýar bolmakçy, ömürboýy adamyň hamraklygyny saklamakçy bol­saň, onuň ýanynda, edil durmuşa çykmadyk wag­tyňdaky ýaly, mylaýym hem sypaýy bolmaga çalyş­gyn. Ilkinji ýyl soň ömürboýy nähili bolasyň gelýän bolsa şol hili bolgun we adamyňa hemişe gowy gö­rünmek islegiňi saklagyn: öňler ony heýjana getiren gylyklaryň hiç birini ünsden düşürmegin. Öňküleriň ýaly, belki öňküleriňdenem artyk, her bir hereketiň owadan, lybasyň päkize hem gowy bolmagy ug­runda çalyşgyn. Hiç haçan adamyňdan öýlenmän­kän eden ýaranjaňlygyny talap etmegin, sebäbi bu mümkin däldir. Adamyňa özüň bilen öýde bolma­gyň ýakymly görünmegi, çuň lezzeti başga ýerden gözlemäge mejbur bolmazlygy üçin alada etgin. Onuň gowy görýän tanyşlary bilen agzybir ýaşa­gyn, onuň iň maýdaja endiklerine çenli biljek bol­gun we olaryň gaňryşyna gaýtmagyn, ownuk-­uşak zatlarda­-da halyndan habar alyp durgun we ony mylaýym aladaň bilen gurşagyn. Munuň özi äriňi özüňe mydamalyk bendiwan etmegiň iň gowy se­rişdesidir. Onuň rahatlygy we göwnünden turmak barada birsyhly alada edip dursaň, ynanaý, hiç ýer oňa öýi ― seniň ýanyň ýaly ýakymly görünmez. Şonda hiç zat ony senden daşlaşdyryp bilmez, ol myhmançylyga gitmesini hem goýar, ýogsam näme, onuň seniň ýanyňdan başga hezil ýer tapjak gümany barmy? Şelaýynlyk edip, näzirgäp gowy görneniň­den, sen şeýtseň, adamyňa bolan söýgiňi has gowy subut edersiň. Eger çala-­çula ýoňlanyňy aňsaň, çy­dajak bolgun we zeýrenip, ah­-wah etmegin. Beýle iňňildiler derdi ýeňletmän, gaýtam ýürege düşýän­dir. Hemişe bir bolşuňy saklajak bolgun, bu özüňe aňsat düşmese­de ähli zatda oňa eglişik etgin, ýö­ne bu egilişigiň akyl-­paýhasdan çapraz düşmesin. Adamyňa ynamyň çäksiz bolsun, ondan hiç zady gizlemegin we onuň bilen birsyhly maslahatlaşyp durgun. Onuň sarpasyny saklagyn, şeýtseň, ol mer­tebesiniň hatyrasy üçin seniň duýgularyňa myna­syp bolmaga jan eder. Has uly gynanjyny sen oňa mylaýymlyk bilen aýan etmäge, ýeňil­-ýelpaýlary­na garaşyk etmäge çalyşgyn, özüň welin ony bol­gusyzja bir zat bilenem ynjytjak bolmagyn. Zenan maşgalalar ýürekleriniň açyklygy bilen tapawutlan­ýandyrlar, olar diňe şolar bilen şan­-şöhrat gazanyp, diňe şolar bilen görelde bolup bilýändirler. Duýgu­syz, gödek zenan öz jynsyny masgaralaýandyr, er­kekler üçin diýseň ýakymsyzdyr, äri üçin bolsa juda ýigrenjidir. Hiç haçan oňlulygyň üstünden eltmeýän gabanjaňlygyň ýokundysynyňam bolmazlygyny ga­zanmak gerekdir. Ärleri beýleki aýallaryň tarypyny edip, olaryň hal-­ahwallaryny soranlarynda, birentek aýal örtenip­ bişýändir, eýsem, bu paýhaslylykmy­dyr? Eýsem bolmanda, erkek adam öýlendim diýip, adamlara bolan garaýşyny üýtgetmelimidir ýa­da öz aýalynyň agzyna seredip oturmalymydyr? Munuň özi gülkünç hem akmaklyk bolýar ahyryn! Liza, goý, seniň adamyň beýleki aýallaryň akyl-­paýhasla­ryny, gözelliklerini görüp, olara telpek goýsun, ýöne sen oňa gün yrman dünýäde hernäçe akylly-­başly, gözel zenanlar bolsa­da, diňe özüňiň bagtyýar edip biljekdigiňi özüňi alyp barşyň bilen ynandyryp dur­gun. Men onuň saňa gabanjaňlyga birjik­de baha­na bermejekdigine güwä geçýärin. Gepiň tümmek ýeri, aýal öz äriniň mysalynda bir wagtyň özünde kakasyny hem, dostuny hem görüp bilse, ana, şonda söýgüsi paýhasly bolup, özüni alyp barşy bagtyň üs­tünden eltip biler.
Öz keramaty bilen maňa eçilişi ýaly, saňa­da şeýle är bermegini Hudaýtagaladan ölýänçäm dilärin. Bu möhüm işde gaýdyp saňa özümiň ýol görkezmejegim, bu möhüm edermenlige gaýdyp ak pata bermejegim her gezek ýadyma düşeninde, gözlerimiň owasy ýaş­dan dolýar… Ýöne men saňa iki sany howandar go­ýup gidýärin, olaryň biri asman bolsa, ikinjisi ýerdir. Bu pikir maňa birneme teselli berýändir. Seniň paý­haslylygyň hem meniň howsalamy köşeşdirýändir. Men seniň öýde diýseň şady­-horramdygyňy, meniň ölümimden başga hiç zadyň seni gam laýyna baty­ryp bilmejekdigini bilýärin. Iň esasy zat: durmuşa çy­kanyňda gyssanmagyn! Öňinçä bütin ömrüňi bagtly etjek adamyňy änigine-­şänigine çenli tanagyn. Köp kişiler ýaly, onuň din barada ýeňles pikir etmezligine, ýöne hakyky takwa adam bolmagyna esewan bolgun. Sen esasy ünsi onuň daş keşbine, owadanlygyna, we­zipesine, baýlygyna bermegin, çünki är­-aýallyk bag­ty bu zatlara bagly däldir. Ynsanyň kämil däldigine gözüň ýetip durka, öz kemçilikleriňi boýun algyn, şeýtseň, adamyňda­-da ýalňyşlyk bolmazlygyny talap etmersiň: bagt diýýäniň, ynha, şundadyr. Men ada­mymyň biwepalylyk edenini göremok, saňa boýun alaýyn welin, ol biwepalylyk edäýse, men çydabam biljek däl. Liza, sen hem beýle elhenç, egsilmez gus­sa duçar bolmaýadyň diýip umyt edýärin. Ýöne we­lin, göwnüme bolmasa, şeýle ýagdaýda arany açyp barýan ýüregi iňirdidir igenç hem, perwaýsyzlyk hem gaýtaryp getirip bilmejek ýaly. Muny diňe näzik dost­luk bilen mylaýymlyk başaryp bilýändir. Adamsy bi­len hemişe agzybir ýaşaýan, ony söýýän, oňa ynan­ýan, oňa gowy görünjek bolup jan edýän aýal uzak wagtlap onuň söýgüsinden mahrum bolup gezip bil­mez. Hökman wagty ýetip, duýgudyr ökünçden do­ly adamsy ýene onuň ýanyna dolanyp geler. Ýöne, goý, Hudaýjan seni beýle göreşlerden we ýeňişlerden aman­-esen saklasyn. Saňa adamyňa wepaly bol diýip sargamany özüme artykmaçlyk diýip hasap edýärin, çünki asylly hem sahawatly aýal başga birine gowy görünmäge, keseki ýüreginde söýgi döretmäge milt hem edip bilmez.
Seniň hiç haçan äre çykmazlygyňam bolup biljek zat däldir. Köplenç aýal maşgala är­-aýal bolmaga dürli ýagdaýlar päsgelçilik berýändir. Men şeýle mysallary telimsini görüp, şolar ýaly bolaýanynda hem örtenip­ bişip oturmagyň gerek däldigine göz ýetirdim. Adam ähline gahar edip ýörmese we talapdan gaçmasa, garry gyzyň hem söýülip, bagtly bolup biljekdigi ikuçsuzdyr, üstesine bu birjikde gülkünç bolmaz. Elbetde, aýal, ene has köp lezzet alýandyr, ýöne muňa derek onuň erkinligi, ynjalygy az bolýandyr. Tebigat är-­aýallyga uly salgyt salypdyr, şol bergini bermek üçin bolsa nä­çe sahawadyň gerekdigini özüň gördüň. Elbetde, zenan maşgalanyň esasy wezipesi aýal hem ene bolmakdyr, bu wezipelerden daşgary onuň beýleki wezipeleri hem bardyr. Olaryň her biri gyz, uýa, jora, raýat hem bolup biler, eger zenan maşgalanyň söýer ýaly adamy bolsa, ol peýdaly hem hökman bagtyýar bolar.

Terjime eden: Daňatar Berdiýew

«Dünýä edebiýaty» žurnaly 2/2011 Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle