|

Mährem enäniň ýazgylary -14/ dowamy

Mährem enäniň ýazgylary -14/ dowamy MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY

IV bap

Harsallyk we başly-baratlyk hakynda.

Harsallyk bilen baş­-başdaklyk iň ýakyn kowumlar bolsa­da, olar hemişe bile tirkeşip ýörenoklar, onsoň hem men, hakykatdan-­da, jürlük bilen sapýüreklili­giň näme üçin köplenç ylalaşmaýandygyna düşünip bilemok. Ýöne welin bir öýde, bir zenanda bu iki­siniň bagtyýar utgaşmasy ýaly ýakymly zat ýokdur. Ýöne bir zady gizlemeli däldir. Eger biz bu ýakymly zada seýrek duş gelýän bolsak, bu belli bir derejede aýal-­gyzlaryň günäsidir. Birentek ene öz çagalaryny başly-­baratlykdan saklap, bu babatda olara oňaýly görelde bolup bilýän däldir, şonuň üçinem: ‘‘Enesini gör­de, gyzyny al…» diýilýän söz olaryň mysalynda dogry gelýändir.
Liza, men saňa çagalykdan başlap tertip­-düzgün­li, arassa bolmany öwredipdim, senem meniň ejemiň öwüt­-nesihatlary zerarly ataň öýünde bitertipligiň üs­tünden barmandyň. Öýe erk edip bilmeýän we sap ýüreklilikden bihabar zenanyň ýüzüne­de seredesiň gelýän däldir, onsoň nähili sypatlary bolsa­da, onuň kämillige ýetjek gümany ýokdur. Köplenç heläkçi­likli netijelere alyp barýan harsallygyň köp sebäbi bardyr. Käte ol bizi gurbumyza görä ýaşatdyrmaýan bolgusyz ulumsylykdan hem döräp bilýändir, köp­lenç bolsa ýaltalygyň, biweçligiň netijesi bolýandyr. Seniň näçe girdeji alyp näçesini sowýanlygyň bilen hiç haçan gyzyklanmaýan adamlar bardyr. Olar el­pe­-şelpelikde ýaşap, pullaryny saga-­sola sowurýan­dyrlar, olar öz ýalňyşlyklaryna diňe bar emläklerini dagydanlaryndan soň düşünip galýandyrlar. Eger akyl-­paýhas adamyň gözüni öz wagtynda açyp ýetiş­se, onda iki ýagdaýda-­da aýawlylygyň heläkçilikden alyp galaýmak mümkinçiligi bardyr. Ýöne biweç we hannas adamlar aýawlylygy seýrek endik edýändir­ler. Olar bu beladan halas bolmak umydy bilen bergä batýandyr, ellerine pul düşdügi hem ony yzyna gaý­dyp bermegi… bada­-bat ýatdan çykarýandyrlar we ony öz emlägi hasap edip, akylsyz­-paýhassyz ýele sowurýandyrlar. Bir ýyldan soň alnan puly gaýdyp bermeli bolýandyr, onuň bolsa eýýäm ady-­soram ýokdur, diýmek, indi öňküdenem köp bergi etme­li, şeýle ýaşaýyşda bolsa birnäçe ýyldan soň hernä­çe döwletiň bolanam bolsa, onda diňe sudur, bergi, masgaraçylyk, gedaýçylyk, ynsap azaby ýaly zatlar galýandyr. Harsallygyň netijesi, ine, şeýle bolýandyr. Beýle mysallara ömründe her kim duşup görendir, birneme ýaşasaň ony özüňem görersiň.
Emma köplenç aýal-gyzlar ýa harsallyga sebäp bolýandyr, ýa-da onuň öňüni alyp bilseler-de, muňa baş galdyrýan däldirler. Öý eýesiniň bezemen geýim­lere, artykmaç şaýlara kowalaşmagynyň netijesin­de, gör, näçe öý lütjek düşdi. Baý-­baý obalar kiseýa, batist matalaryny, örme nagyşlary, ýaglyklary satyn almaga ýykgyn edip, sanlyja ýylyň içinde tozup git­di. Hojalyk barada çigit ýaly alada etmänsoňlar, gör, näçe zenan ärleriniň halys garyp düşmeklerine sebäp boldy. Mähriban gyzym, beýle ýagdaý saňa duçar bolar öýdemok. Sen eýýäm puluň gadryny bilýänsiň. Ynha, ikinji ýyldyr, sen her aýda gerek­-ýaraklaryňa ýeter ýaly aýlyk alyp gelýärsiň. Senden bu pullary akylly­-paýhasly peýdalanmagy we çykdajylaryňy re­jeli edip belläp goýmagy talap etmek bilen meniň sa­ňa ölenimden soň geçjek tutuş hojalygy aýlamagyň muşakgatlaryny irgözin öwredesim gelýär. Hakykat­danam, çagalykdan başlap öwrenişseň, rejelilik ýaly aňsat zat ýok ekeni. Mähriban Liza, ejeň öwütlerine gulak assaň, sen ondan hiç haçan ýamanlyk garasyny görmersiň. Sen öz girdejileriňi yhlas bilen öwrengin we çykdajylaryňy şoňa laýyklykda kesgitlegin. Eger­de sen mülküňi dagatmaýyn, gaýtam tersine, ony has ulaldylan möçberde çagalaryňa goýaýyn diýseň, onda girdejiň iň bolmanynda dörtden bir bölegini beýläňe süýşürgin. Kimde­-kim gazananjasynyň baryny sow­ýan bolsa, onda ol ýangyn turanynda, hasyl bolma­dyk çagynda ýa­da beýleki betbagtçylyklarda başyny nädip alyp çyksyn? Ol döwletini dagy nädip artdyr­syn? Şeýlelikde, ýaşaýyş üçin sap girdejiniň dörtden üç bölegini bölüp alyp, öý üçin, özüň üçin zerur zat­lary we bularyň bary üçin näçe puluň gerekligini yh­las bilen saldarlap görgün. Eger durmuşa çykaýsaň hem öz geýim-­gejimleriň, sowalgalaryň üçin, häzir­kiň ýaly, ýeterlik girdejiň bolmagy ugrunda çalyşgyn we şol girdejä görä hereket etjek bolgun. Eger depseň yranmaz döwletiň bolaýanynda hem günüň­-gününe üýtgäp duran bu ownuk-­uşaklarsyz oňjak bolgun… Modany hem akylly-­paýhasly ulanmak gerekdir, ýö­ne bezeg üçin has möhüm zatlary ýatdan çykarma­ly däldir. Karzyna hiç zat almagyn, nagt puluňa sa­tyn algyn, şonda sen biderek zatlary satyn almarsyň. Egin-­eşikleriňi aýawly saklagyn, olary keýpiň tutu­şyna görä üýtgedip durmagyn. Eger golaý­-goltumda satyn alan gymmatly geýimleriň biri ýüregiňe düşse we ony täze bilen çalyşmakçy bolsaň, şonça puluň betbagt biçäreleriň näçesiniň derdine ýarap biljekdigi barada böwrüňe diň salgyn! Bu gün begenilip satyn alynýan, ertirem eliň tersi bilen zyňylyp goýberiljek şol ýekeje köýnege çykjak pul, gör, näçe garyby ge­ýimli­-gejimli edip biljek! Kaşaň­-kaşaň geýinmäni gowy görýän birtopar zenan hasratdyr gedaýçylygyň mesgeni bolan priýutlary (köne wagtda Russiýada ýetimler, öýsüz-­öwzarsyz çagalar, garrylaň saklan­ýan ýeri) görsedi, şonda bezemen dükanlaryň munça gelim­-gidimi bolmasa bolmazdy hem.
Hojalyk harajatlary üçin pul sowjak bolanyňda-­da şol kadany saklagyn, ähli zady öz eliň bilen ýazyp alyp, ownuk­-uşak zatlara, hatda hyzmatkäriň edýän işlerine çenli özüň gözegçilik etgin. Öýdäkileri öz ugruna goýbermek ýaly zyýanly zat ýokdur. Şonuň üçinem olaryň işsiz entäp ýörmezlikleriniň, hoja­ýynyň zatlaryny zaýalamazlyklarynyň we öz wezi­pelerini yhlas bilen ýerine ýetirmekleriniň ýeke­täk ýoly adyl bolmakdyr we zähmetde, tertip-­düzgünde we seresaplylykda görelde görkezmekdir. Bu barada «Mal eýesine çekmese şumluk» diýen bir köne naky­lam bardyr. Onçakly gymmatly bolmadyk ätiýaçlyk azyklaryny açarçynyň ygtyýaryna berseňem bolýan­dyr, ýöne olary çenini bilip bermelidir, şeýtseň, olar hökman ýetmeli wagtyna ýeter. Has gymmat zatla­ry bolsa her bir saýhally bike öz gözegçiligi astyn­da saklamalydyr. Beýle pişelerden hiç kim utanmaly däldir, sebäbi ol diňe bir borç bolman, eýsem zenan maşgalanyň halallygydyr hem.
Gyzym, rejelilikdir aýawlylygy öwüt bermek bi­len, men seni husytlyga iteklemekçi däldirin. Ýeke­ tabaklylykdyr bitini iýmekligiň perzendi bolan hu­sytlygy men gözümde okum bolsa urjaklardandyryn. Ol müňlerçe nogsanlygyň çeşmesi, päk ahlagyň päs­gelçiligidir. Husytlyk, tarhandökerlik ýaly, zyýanly bolmasa­da, özi barada iňňän ýakymsyz täsir galdyr­ýandyr. Hemişe aljyraňňy, özi­de iýip bilmän, beý­lekilere­de iýdirip bilmeýän husyt adam dostly bo­lup bilýän däldir, ol peýdasyz perişde ýaly gury ýer tutýandyr. Husytlyk bilen tarhandökerligiň arasynda gül ýaly ortalyk bardyr. Ony bolsa tapsa bolýandyr, munuň üçin diňe hojalykçy we saýhally bolmak ze­rurdyr.
Bigeleňlige garanyňda başly-­baratlyk biziň gözü­mize has çalt ilýändir. Men onuň eminiň zenanlaryň elindedigini eýýäm aýdypdym. Öýi, öý goşlaryny arassa saklamak, çaga köýnejiginden başlap na­har başyndaky bulgura çenli tämiz saklamak, hatda hyzmatkäriň hem sölite ýagdaýda görünmezligine gözegçilik etmek işine jür bikäniň borçlary, ine, şu­lardan ybaratdyr. Zenan maşgala rejelilik diňe bir öýi, özüni, töweregindäkileri arassa saklamak üçin gerek bolman, eýsem onuň her bir hereketinde ge­rekdir. Mähriban Lizam, uzynly günläp etjek işiňi ir ertirden sagatlara bölüşdirgin, wagt diýeniň gyzyldan gymmatly zatdyr, ony netijeli peýdalanmak uly peý­da getirýändir. Mümkin boldugyça, endik eden ka­daňa eýermäge çalyşgyn. Her bir zadyň (aýratyn­-da açarlaryň) öz kesgitli ýeriniň bolmagyny gazanjak bolgun. Onçakly kyn bolmadyk bu usul arkaly sen bütin ömürlerine birzat ­bir zatlary gözläp ýören bi­rentek bikeleriň ýaramaz gylyklaryndan gutularsyň, hatda özüňe­de, beýlekilere­de agram salman, belli bir wagt utarsyň. Hyzmatkäre hiç haçan bil baglamak bolýan däldir, öz öýüniň gowy we tämiz saklanmagy­ny isleýän bike, nähili ýagdaýda bolsa­da, bu zatlara özi gözegçilik etmelidir.
Eger hojalyk işlerinde, öýe seretmekde goýberil­ýän bigeleňlikler gözüňe dürtülip duran bolsa, onda zenan maşgalanyň egin­-eşiginde duş gelýän biagy­rylyklar has­da ýakymsyz degmelidir. Tämizlikdir saýhallylyk bu babatda juda zerurdyr, şonuň üçinem olary ahlaklylyk diýip hasap etse bolýandyr. Zenan maşgala olar barada yhlas baryny etmelidir. Görk­ görmek, umuman owadan keşp biziň jynsymyza mahsus zatlardyr, ýöne olar tämizlikdir arassaçyly­gyň ýok ýerinde hiç zatdyr. Liza, bu barada özüňe mydam bek bolgun. Saglyk barada gürrüň edenim­de men eýýäm ony berkidýän zatlaryň baryny saňa maslahat beripdim. Indi bolsa egin­-eşikleriň göwün diýerlik bolmalydygy barada gürrüň etmekçidirin. Sen üsti­başyň sada, arassa, nepis, bolmagy ugrun­da çalyşgyn. Kelläň we saçyň arassalygyny saklagyn. Uzyn hem buýraly saç oňat edilip, tekiz daralan bol­sa, zenan maşgalanyň tüýs men diýen bezegidir. Sen entek juda ýaşsyň, şonuň üçinem häzirlikçe ak köý­nek geýgin. Bu reňk ýaşlara ähli reňkden gowy ge­lişýändir. Göwnüňe bolmasa, ak köýnek ýürek bilen ýazyksyz kalby örtüp duran ýalydyr. Geýim-­gejimiň alabeder hem gözilginç bolmagyndan ägä bolgun. Juda kaşaň penjek hiç haçan ýaş maşgala gelişýän däldir; ýaş gyz üçin gülleriň bir­iki şahajygy gymmatbahaly daşlardan çekilen nagyşdan has gowy bezeg­dir. Her bir ýaş gyz belli bir derejede hiç hili bezege mätäç bolmadyk bägüle meňzeşdir. Modadan bihabar hem galmagyn, ýöne onuň ähli gözilginçliklerine­de eýermegin, ortarakda bolgun.
Käbir adamlar bezenmegi zenanlar üçin düýpden artykmaç zat hasap edýärler, ýöne men başgaça pikir edýärin. Eger men bütin ömrüni şaý­-sepdir geýim­-ge­jim satyn almaga, edinmäge sarp edýänleri kötekle­ýän bolsam, öz üsti­başyna geleň etmeýänleri hem goldap barýan däldirin. Lizam, sen bir zada ynangyn. Ýaş gyzyň täzeje, gelşikli köýnegi, yhlas bilen dara­lan saçy we bütin üst­başynyň saýhallylygy ýaly özüne çekiji zat ýokdur. Şeýle ýagdaýda ol göreniň göw­nünden turýandyr. Onsoňam saýhallylyk onuň ähli hereketlerinde, özüne degişli ähli zatlarda duş gelýän bolsa, ol uly iliň tarypyna mynasypdyr. Şeýle rejelilik juda göze ilmeýän gyzyň hem durmuşa çykmagyna uçursyz zehinlerdenem beter sebäp bolupdy.
Iň maýdaja zatlarda­-da tämizligi, saýhallylygy saklajak bolgun. Irki, öýlänki penjegiň tämiz we arassa bolmagyna işleriň, kitaplaryň, kagyzlaryň we beýleki zatlaryň ýerli­-ýerinde rejeli goýulmagyna, ýazýan hatlaryň syýa damdyrylman, grammatik ýal­ňyşsyz ýazylmagyna esewan bolgun.
Tebigat bizi ýakymly täsirler galdyrmak üçin ýa­radandyr, şoňa görä­de onuň emrine garşy gitmezlik üçin bize juda seresaplylyk gerekdir.

Dördünji bölüm

I bap

Dostluk hakynda

Dünýe döräli bäri diýen ýaly gelýän dostluk saha­watlylykdyr saglykdan soň Biribaryň eçilen iň gym­matly peşgeşleriniň biridir. Bu pikir heniz­-heniz­lerem ýörgünlidir, çünki söýüp bilýän her bir adam ony telwas edýändir, çünki dostluk ynsan bagtynyň möhüm binýatlarynyň biridir. Men onuň artykmaç­lyklaryny wasp etmekçi däldirin, sebäbi meniň ejizje sesim, kalbym onuň şatlygyny duýýanam bolsa, oňa ne gözellik, ne gadyr­-gymmat, hiç zat eçilip biljek däldir. Ömrümiň iň ýakymly pursatlary üçin men oňa juda minnetdardyryn. Ol meniň durmuş ýoluma penjeläp-­penjeläp gül seçipdi. Bagtymy iki esse ro­waçlandyrypdy, kyn güne düşenimde göwnüme te­selli beripdi. Indi bir aýagymy göre sokup otyrkam, ol gyzyň, aýalyň we enäniň duýgulary bilen birlikde ajalyň öňüne böwet basyp, ölümiň elhençliklerini pü­çege çykarýandyr, maňa öz göwsünden durmuş eçil­ýändir.
Taryhy mysallara ser salsaň, hakyky dostluga di­ňe erkekler ukyply ýalydyr. Biz gadymy adamlaryň dostluklarynyň köpsanly mysallarynda zenanlara du­şup bilýän däldiris. Ýöne men bu duýgy näzik zenan kalbyna mynasyp däldir öýdemok. Dogry, aýal­-gyz­laryň dostlugyna köplenç tekepbirlik päsgel berýän­dir, emma biziň aramyzda­-da hakyky joralar duş gel­ýändir, ýöne olaryň sany az ýaly bolup görünýändir.
Dünýäde hakyky hamraklyk ýaly seýrek duş gelýän, şonuň ýaly mukaddes zat barmykan berin?
Eger uýaň aýatda diri bolan bolsa, men saňa başga biri bilen jora bolmaga ygtyýar bermezdim, asla se­niň özüňem ondan wepaly, ondan ygtybarly jora tap­mazdyň. Ýöne bir amatly ýagdaý seniň gam­-gussaly ýitgiň öwezini doldy. Hakyky joram, juda göreldeli aýal Sofýa Nikolaýewna biz bilen goňşy bolup ýaşaýandyr. Onuň Nataşa atly gyzy senden bary­-ýogy iki ýaş uludyr. Eneleri birleşdirýän asylly duýgularyň olaryň gyzlarynda­-da ösýändigine syn etmek diýseň ýakymlydyr. Liza, men seniň kalbyňa belet we seniň sallançakdan diýen ýaly başlanan hem­de sahawat­lylyga ýugrulan dostlugyňy hiç bir zadyň bozup bil­mejegine gözüm ýetikdir. Men saňa Nataşany hemişe we birsyhly söý diýip aýdyp biljek däl, ýöne dostlu­gyň käbir borçlaryny ýatlatmak we täze jora gözle­mezligiňi maslahat bermek isleýändirin. Sen hakyky bir joraň bolany üçin doly bagtyýarsyň.
Eger adamlar kämil bolan bolsalar, hamraklygyň belli bir borjy bolmasa­da bolmazdy. Ol diňe söýü­bermeli bolardy. Şol duýgy bar zada ýeterdi. Ýöne adamlar azaşagan, azda­-köpde ejizlik etgiç bolan­soňlar, biziň şol ejizligimiz we kämil däldigimiz hem uly üns bermekligi talap edensoň, şol hakyky dostluk hem birek-­biregiň möhümini bitirmek, birek-­birege geçirimlilik, ynam etmek ýaly borçlardan halas däl­dir. Adatça, dostluk açýanyň gören adam subutnama talap etgiç bolýar. Biziň bagtymyza, hamraklyk üçin uly­-uly pidalar çekmek, ony subut etmek ýaly ýag­daýlar adamyň ömründe bir gezek bolup geçýändir. Olam hemme kişide duş gelip durýan däldir, muňa derek biziň her gün birek-­biregiň möhümini bitirmä­ge, şeýdibem hamraklygymyzy subut etmäge müm­kinçiligimiz bardyr. Liza, sen bu serişdeleri äsger­mezlik etmegin, Nataşany gowy görýänligiňi subut edip biljek ýeke pursadyňy hem sypdyrmagyn. Siziň bütin ynsan ählinden üýtgeşik bolup, gowşak ýerleri­ňiziň bolmazlygy mümkin däldir. Siz olary birek-­bi­rekden gizlemän, biri-­biriňiziň günäňizi ötüň we ony düzetmäge bilelikde ýol agtaryň. Eger biz özümizi söýýän ýüregiň gadrymyzy bilýändigini aňýan bol­sak, onda iň uly pidany hem onçakly ejir çekmän ber­ýändiris, şeýdibem iň agyr borjumyzy ýeňiljek ýerine ýetirýändiris. Öz ynsabymyzyň imi­salalygy we et­mişlerimizi Hudaýtagalanyň görüp duranlygyna bo­lan ynamymyz adam oglunyň göwün islegini ýeterlik kanagatlandyraýmaly ýaly welin, ejizlikdir ýukaýü­reklilik öz duýgusyny özüne meňzeş närse bölüşýänçä oňa ynjalyk berýän däldir. Adam dostlukda hem­işe öz derdiniň ýeňleýändigini, iň agyr betbagtlyklara döz gelmäge töwekgellik edýändigini bilýändir. Ol dostluk, ikinji ynsan hökmünde, sahawatlylygymyza hemmelerden gowy baha berip, biziň asylly merte­bämizi diýseň mylaýymlylyk bilen heýjana getirip bilýändir. Ýöne hamraklyk doly hem özara ynamsyz bolup bilýän däldir. Joralar bir jan, bir ten bolmaly­dyrlar, bu bolsa olaryň ikisine­de hiç hili agram sal­ýan däldir, sebäbi oňat görýän adamlarymyz biziň dilimiziň senasydyr, olara bolan duýgymyzy beýan etmekden gizlemek juda kyndyr. Diňe möhüm ýag­daýlarda, onda­-da diňe kakaňyň ygtyýar bermegin­de ýa­da birneme soňrak adamyň razyçylygy ýa­da akyl-­paýhasynyň mejbur etmegi bilen sen Nataşa içi­ňi dökmäni bes edip bilersiň. Men siziň biri­-biriňize hamraklygyňyzdan köp zada garaşýandyryn.
Nataşany söýüşiň ýaly söýmek, onuň sahawat­lylyklaryna we hamraklygyna seniň belet bolşuň ýa­ly belet bolmak bilen, täze jora gözlemegiň gerek­digini – gerek däldigini, gyzym, özüň çözgün. Köp adamyny gowy görjek bolanyňda, olary juda gowy görmek kyn bolýandyr. Özüm­ä hernäçe ýuka ýürek bolsamam dostluk diýen zada bada-­bat baş goşmaz­dym, şonuň üçinem men diňe Sofýa Nikolaýewnany gowy görüpdim, häzirem gowy görýändirin.
Adamymy basym mydamalyk aýra düşjekligimiz baradaky pikire kem­-kemden öwrenişdirdigim, ter­biýäni tamamlamak we durmuş bilen tanyşmak üçin saňa ile, adamlaryň arasyna çykmagyň zerurdygyny oňa bada­-bat aýtmakçydyryn. Atasy öýünden uzaga çykyp görmedik, ümsüm hem­de birmeňzeş günde ýaşan ýaş zenan ynsan durmuşynyň ägirt uly şekiliniň diňe bir burçjagazyna beletdir. Onuň ýeterlik tejribesi ýokdur, şonuň üçinem oňa durmuşda köp zat howp salýandyr. Seniň Peterburgda ýaşaýan daýyň diýseň gowy maşgala öýlenipdi, şonuň üçin men on sekiz ýaşyňa ýeteniňde kakaňyň seni özi bilen Peterburga alyp gitmegini arzuw edýärin, ol ýerde sen daýzaň goldawy astynda dünýäni görersiň.
Boş we öwsüp duran dostluk hem bolýandyr. Adat­ça, ýokary gatlagyň birentek aýallary näzikden duýgur görünjek bolşup, sansyz-­sajaksyz jora tutunýandyrlar, şol wagtyň özünde-­de olaryň biri hem hakyky jora bolup çykýan däldir. Ile çyksaň, sen özüň bilen ysnyş­mak isleýän birtopar adama duşarsyň. Olary özüňden çetleşdirmek, olaryň gowy niýetlerine edepsizlik bi­len jogap bermek sypaýyçylyk edildigi bolmaz, ýöne şeýle ýagdaýda araçärelik saklap, olaryň sypaýyçyly­gyna sypaýyçylyk bilen jogap berse bolar, ýöne olar bilen äbe­de-­jüýje bolubermek, has beteri­de, olara syryňy açybermek bolmaz. Sen ýaş zenanlaryň ara­synda ýüzugra döreýän dostlugyň gynançly netijeleri­niň baryny entek göz öňüne getirip bilýän dälsiň. Käte uly gyzlar bary­-ýogy iki hepde bäri tanyşdyrlar welin, eýýäm aralaryndan gyl geçýän däldir, özlerem biri­-birlerine iň gizlin syrlaryny, maşgala gatnaşyklaryny açyp goýýandyrlar. Ýöne beýle hamraklyk, çalt peý­da bolşy ýaly, çalt hem bozulýar: onuň jorasy duşma­na öwrülýär we ýap­-ýaňylaram gowy görüp dilinden düşürmedik, indi bolsa ýekinde ýigrenýän jorasynyň syryny bilmek bilen, özüne ynanylan zatlary uly ile gürrüň bermegi heňe gelmeýän zat hasap edenok. Şol sebäpli gowy­-gowy maşgalalaryň arasynda, gör, nä­çe sene­meneler, gör, näçe düşünişmezlikler dörändir. Bolaýmagy ähtimal hasap edilen, gör, näçe bagtyýar är-­aýallygyň arasy bozulandyr. Iň bärkisi, agzalalyk­laryň, gybatlaryň we birek-­birege ynanyşmazlyklaryň başy şu ýerden başlanan dälmidir näme. Biderek gat­naşyklaryň hemmesi şunuň ýaly gopgunly tamamlan­masa­da, barybir olar howpludyr. Gowy tanamaýan zenanlaryň bilen çalt hem oýlanyşyksyz ara sazlamak arkaly olaryň pikirlerini, ýykgyn edýän ugurlaryny we häsiýetlerini bilmek, hakyky dostlukda gerek bol­şy ýaly, bolup geçýän zatlara biziň pikir edişimiz ýaly pikir edýänini­-etmeýänini aňşyrmak kyn bolýandyr. Hamrak bolmak üçin örän köp wagt gerekdir. Me­niň synlaýyşym ýaly, ol adamlary iki ýol arkaly bir­leşdirýändir. Ol ýollaryň biri: biziň Nataşa ikimiziň edişimiz ýaly, adamlar çagalykdan dostlaşýandyrlar we olaryň dostlugy olar bilen bile ulalyp, pugtalan­ýandyr. Beýlekisi esli ýaşa ýetenimizde ýagdaýyň öz ýüregimiz bilen ýürekdeş adama duşmaga bize müm­kinçilik berýänligidir. Biri-­birlerine imrikýändiklerini duýýan taraplaryň ikisi­de esli wagtlap biri-­birlerini synlaýandyrlar. Ýürek çalt berilse­de, akyl bada­bat açylybermäge ýol berýän däldir, ol akyl­-paýhasly ynama, subutnama garaşmagy tabşyrýandyr. Şeýdi­bem birinji pursatdaky ýaly hakyky we güýçli dost­luk peýda bolýandyr. Meni Sofýa Nikolaýewna bilen hem şeýle aýrylmaz düwün baglanyşdyrýardy. Şular bilen beýleki çalt bolup geçýän gatnaşyklary deňeşdi­rip görgün, şonda, dostlugyň, megerem, iki sany taň­rysynyň bardygyna göz ýetirersiň: olaryň biri wagt­dyr sahawatlylygyň gyzy bolsa, beýlekisi boşlugyň hem ynjyklygyň perzendidir. Olaryň ýaş gyzlar üçin heläkçilik bilen gutarýan ikinjisine seniň kalbyň hem, akylyň­da gabat gelmäwersin diýip, Hudaýtagaladan gije­gündiz dileýändirin.
Mähriban Lizam, sen sarpaly kempirleri sylagyn, olaryň bary bilen salamatly bolgun, ýöne dostlugyňy welin diňe bir Nataşa üçin besläp saklagyn, sebäbi, gaýtalap­-gaýtalap aýdýaryn: bir joraň bolsa ýeterlik­dir. Eger seniň şol joraň ýok bolan bolsa, onda edil biziň Sofýa Nikolaýewna ikimiziň bolşumyz ýaly, bagtly hamraklyga garaşmagyňy maslahat bererdim. Eger saňa beýle bagt miýesser etmese, men özüňe mynasyp bolmadyk jora duşanyňdan düýpden jora­syz bolanlygyňa has köp begenerdim.

Terjime eden: Daňatar Berdiýew

«Dünýä edebiýaty» žurnaly  2/2011 Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle