|

Mahmyt işan

Mahmyt işan

MAHMYT IŞAN

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde zyýarat edilýän birnäçe ýerler bar. Goçgar ata, Çopan ata, Azym işan, Ymam Kasym, Ugurly baba, Şyh Alow, Mahmyt işan ýaly öwlüýäler şol zyýarat edilýän ýerleriñ diñe birnäçesidir. Makalamyzyñ şu sanynda paýtagtymyzyñ Köşi obasynyñ ilersinde hemişe diýen ýaly mähellesi egsik bolmadyk "Mahmyt işan" gonamçylygynyñ gonambaşysy Mahmyt işan barada durup geçeliñ.

■ Mahmyt Işan kim bolupdyr ?

Baryp Nurberdi hanyñ döwründe kese ýerli basybalyjylaryñ türkmen iliniñ üstüne leşger çekjekdigi barada şum habar ýaýraýar. Goñşy türkmen tireleriniñ kethudalaryndan kömek soralýar. Kömek soralanlaryñ arasynda Daşoguz welaýatynyñ Görogly (öñki Tagta) etrabynda ýaşaýan Mahmyt işan hem bar eken. Mahmyt işan 7.000 atly merdana ýomut ýigitlerini jemläp Nurberdi hana kömege gaýdýar. 1858-nji ýylda Nurberdi hanyñ 10.000 atlysy bilen birigen daşoguzly ýigitler Monjuklydepede (Garrygala etraby) duşmanyñ goşunyny derbi-dagyn edýär.
Mahmyt işanyñ asly hojalardan bolupdyr. Monjuklypede söweşinden soñra ýerli halkyñ haýyşy bilen Mahmyt işan ilki Bäherdende ulama bolup galýar. Soñra ony gökdepeliler çagyrýar. Has soñra Çary ahun Hywa medresesini tamamlap gelensoñ, Mahmyt işan ony öz ýerinde goýup, özi Köşi obasyna süýşýär. 
Mahmyt işan takmynan 1779-njy ýylda dünýä inipdir we 109 ýaşynda 1888-nji ýylda ýogalypdyr. Onuñ nesilleri Türkmenistan watanymyzyñ birnäçe ýerinde ýaşaýar. Mahmyt işanyñ Öwezmyrat, Garryata, Mämmetmyrat, Abdyrahman, Myraly, Öwezjan, Mirek, Myratjan, Şir atly dokuz ogly bolupdyr. Onuñ ogullaryndan Öwezmyrat işan bilen Öwezjan işanyñ nesillerinden Köşi obasynda ýaşap ýörenleri bar. 
Sowet häkimiýetiniñ zalym bolşewistik syýasaty Mahmyt işanyñ neberelerinden hem sowa geçmändir. Öwezmyrat işan 1929-njy ýylda sürgün edilipdir. Öwezmyrat işanyñ uly ogly Öwezberdi 1931-nji ýylda Türkmensähranyñ Kelala şäherine göçüp gidýär. Öwezberdi özbaşdaklygymyzy almagymyz bilen 1990-njy ýylda hossarlarynyñ arasyna görme-görşe gelipdir. Ol şol wagt 97 ýaşynda eken. Öwezberdi aga 1994-nji ýylda 101 ýaşynda Hakyñ rehmetine gowuşýar.

■ Mahmyt Işanyñ keramatlaryndan

Bäherdende sylagly adamlaryñ biri öten-geçenlerine sadaka berenmişin. Şol sadaka Mahmyt işan we Ak işan hem gelipdir. Sadaka güni öýle sagat ikiniñ ýary töweregi Ak işan Mahmyt işana: "Mahmyt, öýle namazy ýakynlaşdy, namaz okaýsak nädýär?" diýýär. Mahmyt işanam oña: "Onda men täret alaýyn" diýýär. Şol wagt Ak işanyñ täreti bar eken. Ol gapdaldan geçip barýan suwly ýabyñ üstünde namazlygyny ýazyp namaz okaýar we onuñ namazlygy öl bolmaýar. Muny gören Mahmyt işan öý boýy ýokaryk göge galýar-da, namaz okaýar we soñra ýere düşýär. Şonda Ak işan Mahmyt işana ýüzlenip: "Sizem-ä ýetişen ekeniñiz, bilimi nirede aldyñyz?" diýipdir. Mahmyt işan oña ilki Hywa, soñra Buhara medresesinde okandygyny aýdýar.
1997-nji ýylda Mahmyt işan gonamçylygynyñ golaýynda Mahmyt işan metjidi gurulyp başlandy we häzirem bu metjit halkymyza hyzmat edip gelýär.
Mahmyt işan baradaky toplan maglumatlarymyz häzirlikçe şulardan ybarat.
Gahryman serkerde Mahmyt işanyñ eziz ruhy bizden şat bolsun!

■ Bellik: Mahmyt işanyñ çowlugy Nurgeldi Myradowyñ maglumatlaryndan peýdalanyp taýýarlanyldy.

© Atageldi GANDYMOW.

Taryhy şahslar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle