|

Mahmyt hakdaky heneklerden

Mahmyt hakdaky heneklerden MAHMYT HAKDAKY HENEKLERDEN

Mahmytdan:
— Sen öz gyzyñy haçan göçürjek? — diýip sorapdyrlar.
Şonda Mahmyt:
— Hyrydar tapan wagtym — diýip, jogap beripdir.

* * *

Bir gezegem Mahmyt dellekhana saçyny syrdyrmaga barypdyr. Sertaraş tötänlikden onuñ bir ýerini kesäýipdir.
— Aý, samsyk, sen meñ kellämi kesip taşladyñ-la! — diýip, Mahmyt gygyrypdyr. Şonda sertaraş:
— Otur, bedibagt! Kesilen kelle beýle gygyrmaz — diýip, onuñ gepine görä jogap beripdir.

* * *

Bir gezek Mahmyt tebibiñ ýanyna barypdyr-da:
— Meniñ içim agyrýa, meni bejerewerim — diýip, haýyş edipdir.
— Sen şu gün näme iýdiñ? — diýip, tebip sorapdyr.
— Düýn galan kotlet iýdim.
Tebip Mahmydyñ gözlerine nähilidir bir derman damdyrmaga başlapdyr welin, ol haýran galyp seslenenini duýman galypdyr.
— Meniñ içim agyrýa, sen bolsa, meniñ içimi däl-de, gözümi bejerýäñ-le?
Tebip:
— Eger seniñ gözleriñ sagat bolan bolsa, düýnden galan kotletleri iýmezdiñ — diýip, jogap beripdir.

* * *

Mahmytdan:
— Adam soñky ýoluna ugradylanda, gölegçiler oniñ sagyndan ýöremelimi ýa çepinden? Şerigat boýunça haýsy dogry? — diýip sorapdyrlar.
Mahmyt:
— Nireden ýöreseñiz, şondan ýöräñ, ýöne şol agaç atyñ üstünde bolmasañyz bolýar — diýip, jogap beripdir.

* * *

Agyr halda ýatan Mahmyt aýalyna:
— Ýadyñdan çykarmawergin, Abdylla goñşynyñ bize elli manat bergisi bardyr — diýipdir.
— Ýok, ýadymdan çykarman…
— Biziñ Süleýmana üç ýüz manat bergimiziñ bardygyny hem unutmawergin.
Aýaly:
— Eý, Alla! Bu ýene samrap başlad-ow! — diýip, uludan demini alypdyr.

Terjime eden: Gapur GAPUROW.

«Garagum» žurnaly. Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle