|

Magtymgulynyň ýadygärliginiň öňünde

Magtymgulynyň ýadygärliginiň öňünde MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGINIŇ ÖŇÜNDE

Seredip dur bägülleriň içinden
Poeziýanyň ägirdi.
Öňünde ýigit bar, gyz bar, şahyr bar
Hemem şägirdi.

şahyr diýdi: «Bu gün ne gözel dünýe, —
Gözel bar, güller bar, şägirt-dowam bar.
Iň gowy goşgymy şu gün ýazmasam,
Şahyrlygma Pyragydan zowal bar».

Bägül diýdi: «Bu gün ne gözel dünýe
Goşgy bar, gözel bar, hem ýaş juwan bar.
Iň gowy müşkümi şu gün saçmasam,
Bägül bolup döränime pygan bar».

Ýigit diýdi: «Bu gün ne gözel dünýe,
Şahyr bar, güller bar, ýene…
biri bar.
Şol gyza yşgymy şu gün açmasam,
ýüregimiň egsilmejek zary bar».

Şägirt bolsa diýdi: «Hol barýan gyzlar,
«Ýaşkom» gazetini alýarmykalar.
Şu günki sanynda çykan goşgulaň,
Meniňkidigini bilýärmikäler?»

Nurmuhammet ÝUSUBOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 31.05.1985 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle