Magtymgulynyñ toýunda özbek küýzesi
Magtymgulynyñ toýunda özbek küýzesi
▶ MAGTYMGULYNYÑ TOÝUNDA ÖZBEK KÜÝZESI
Ortada ýalbyrap göz gamaşdyrar,
Altyn pyýalalar, bir altyn küýze.
Seretdigiñ saýy aklyñ çaşyrar,
Her haýsy meñzeýär hasylly güýze.
Zerli nagyşlary dillerde dessan,
Özbek halky geldi bu uly toýa.
Lagly-jowahyrlar, gül açan bossan,
Lal bolup garadym, batyrdy oýa.
Özbek topragynda ýasalan gaplañ,
Nepislik lowlaýar, zerli gatynda.
Isle baldan doldur, isle nabatdan,
Ajaýyp görk bar el sungatynda.
Ne ajap görki bar, ne ajap many,
Ajaýyp şugla bar, zerli gatynda.
Şeýle bir meýlisi ol Babyr şa-da,
Heniz gören däldir täji-tagtynda.
Ony köp ellerden geçirer myhman,
Munda ýedi yklymdan gelenler otyr.
Hindi, Çini, Majar, Gazak hem Balkan,
Türk, Slawýan, Bolgar, gardaşym Tatar.
Küýzä nazar dikýär bu uly zal hem
Göýä Magtymgulyñ doglan gününde.
Dünýä şahyrlaryñ bary bolup jem,
Otyrlar gürleşip türkmen toýunda.
Sungat äleminde, myhmanhanada,
Fizuly, eýýamyñ saz mejlisinde,
Ýüz Hatamdan sahy şu toýhanada
Nyzamy, Puşkiniñ saz mejlisinde.
Döwrüne mynasyp şadyýanlykda
Şygyryñ şeraby dökülýän deýin,
Altyn käseleri püre dolduryp,
Hödürläp meýin.
Gardaşyñ toýuna şygyr getirip,
Paýlaşdyrýar ähli myhmanlara jam,
Nowaýy babam.
Terjime eden: Ýylgaý DURDYÝEW. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.