|

Magtymgulynyñ köñül nagyşlaryndan

Magtymgulynyñ köñül nagyşlaryndan MAGTYMGULYNYÑ KÖÑÜL NAGYŞLARYNDAN

▶ MERTLER WE NAMARTLAR HAKYNDA

● Ýa, Ýaradan etme namarda mätäç…
("Halyma meniñ");

● Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dörär,
Kaçan turdy — namart ogly mert oldy?
("Dert oldy");

● Özüñden egsik bir gaýry namardyñ,
Hyzmatynda gulluk ediji bolma.

● Namart ogly deýin gaýgyçy bolma.
("Gidiji bolma"):

● Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiñ,
Mert çeker täsibin iliñ-ýurduñ,
Bitiren işini, görüñ, namardyñ —
Jeñ diýibän gaçar duman ýoluksa.

● Mert çykar myhmana güler ýüz bilen,
Namart özün gizlär myhman ýoluksa.
("Meýdan ýoluksa");

● Namart ogly gorky çeker meýdandan,
Agaç adam bolup görner her ýandan…
("Depe nedir, düz nedir");

● Namart gorkar öý içinde,
Barsañ, hyra-hyra döner.
("Emire döner");

● Ýigit diýgeç, hemme ýigit bir bolmaz,
Goç ýigitler myhmanynda bellidir.
("At ýanynda bellidir");

● Mertden dileg eden namut öwrülmez,
Namarda düşen iş, mälim, gaýrylmaz…
("Şal tapsa");

● Köp namarda mal berip sen, dun dünýä,
Gözi gökde, gaýgysy ýok, sir gider.
Kany aklyñ? Oda düşüp ýan, dünýä!
Ne mertler bar, ýoksullykda hor gider.

● Hiç parhy ýok sende merdiñ, namardyñ,
Arslan öter, tilki gider, şir gider.
("Sir gider")

● Namart oldur — geñeş eýlär zen bile,
Goç ýigitler zen geñeşin añlamaz.

● Mertden dileg etseñ aýdar: "Hup bolar",
Bir bagşaşdan ýetmiş bela dep bolar,
Muhannes geñeşi öýde köp bolar,
Duşman görse, tutar işin añlamaz.

● Namart duşman görse, gussadan öler,
Goç ýigitler tördün, bäşim añlamaz.

● Mertden dogan ýygyn görse, ýol başlar,
Namart ogly deñin-duşun añlamaz.
("Salar guşun añlamaz");

● Merde her iş düşse, görer Hudaýdan,
Namardyñ hemradan görüşin görüñ!

● Namart ýörer mydam ölümden gaçyp,
Öýüne gelende zäherin saçyp,
Mert ýigit ölüme synasyn açyp,
Meýdanda ters söweş guruşyn görüñ.
("Otur-turuşyn görüñ");

● Ýagyda tanalar mertler,
Il içinde mally görner.
("Donly görner");

● Hergiz namart köprüsinden geçmäñler,
Gark bolup, derýada galan ýagşydyr.

● Namart adam ýoldaşyna garaşmaz…
("Alan ýagşydyr");

● Mertden aşna tutsañ, abraýña şärik,
Namart aşnasyna hile getirmiş.

● Näge mertlik etse adam biweji,
Her mejlisde ýüz ýol tile getirmiş.
("Läle getirmiş");

● Ýigide nogsany deger,
Namartlar ýoldaş olmasyn!

● Magtymguly, syryñ gizle,
Her namarda paş olmasyn!
("Joş olmasyn")

● Her namarda haýyp eýleme sözüñni,
Sözüñniñ binasyn ýykança bolmaz.
("Ýakança bolmaz");

● Agzy gülüp, kalby bulan namarda
Gardaş olma, ýyrak eýle özüñni!
("Ýyrak eýle özüñni");

● Zynhar, düşmäñ namartlaryñ goluna,
Ger, öldürseñ, nähak ganyna degmez.
("Janyna degmez");

● Näge syrym bolsa, aýdarmen merde…
Namart öýde sähel işi ar eýlär.

● Namart külpetinden galyp men derde,
Köñlüm jaý tapmaýyr bir pynhan ýerde,
Maly köp diýp, myhman bolma namarda,
Jomart herçent gallaç bolsa, bar eýlär.

● Namart öz öýünde merde söz aýdar,
Hak aña tär etmez, tanapyn dartar,
Goç ýigit mal tapsa, hümmeti artar,
Namart baýadykça, köñlün dar eýlär.
("Ýar eýlär");

● Il üstüne namys getir bigaýrat…
("Daş döker");

● Muhannesiñ bolmaz namysy-ary,
Bir söweş gününde eýlemez jeñi,
Aga-begler, muhannesiñ on müñi
Mert ähliniñ alty ýüzüne degmez.
("Sazyna degmez")

● Namart goş üstünde harlar,
Orta-aş üstünde gürlär,
Söweş gurup, gylyç parlar
Duşman görülmegen ýerde.
("Görüm görülmegen ýerde");

● Gürbeden şir olmaz, göhert ner olmaz,
Her daş göwher olmaz, misden zer olmaz,
"Är men" diýen her biweçden är olmaz,
Gaýraty, namysy, ary gerekdir.
("Namys-ary gerekdir");

● Sam-sam adam bilen oturma, turma,
Zynhar, namart bilen sen söhbet bolma…
("Paş eder seni").

▶ MAGTYMGULY: ÝALANÇYLYK WE ÝALANÇYLAR HAKYNDA

● Kösti ýeter bir gün, ýalan diýmäñler…
("Baş bolmañ");

● Hudany unudyp ýalan sözländen,
Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr.

● Ýalançynyñ bolmaz anty-imany…
("Gymmat ýagşydyr");

● Ömrüñi ötgerip diýmesdir ýalan,
Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma.

● Ýalançy bende, miz sansyz durag bar,
Bilip ýalan sözni aýdyjy bolma.

● Pesihat bilmegil, bilgil nesihat,
Ýalançy sözleri aýdyjy bolma.
("Gidiji bolma");

● Bu ýalançylyk bile ötgeý mah-u salyñ seniñ,
Dowzaha dogry barar, billa, giden ýoluñ seniñ.
("Päliñ seniñ");

● Ýalançy Tañrynyñ duşmany diýrler…
("Alan ýagşydyr");

● Dawa kenarynda ýalan sözleseñ,
Gümansyz ýanar sen, tüssesi bolmaz.
("Üssesi bolmaz").

▶ MAGTYMGULY: BAHYLLAR WE GÖRIPLER HAKYNDA

● Bahyldan dileseñ, sowukdyr buzdan…
("Boldum girýana");

● Bahyla ugramañ, güler ýüz bermäñ,
Möhüm bitirmäge kipaýat ýagşy.
("Delalat ýagşy");

● Bahylyñ ýüzüni görme…
("Ýör biläni").

▶ MAGTYMGULY: EJIZE GANYMLAR  WE ZALYMLAR BARADA

● Pakyra jebr etmek — zeherdir suzdan,
Öwütdir bu sözler, bizden nyşana.
("Boldum girýana");

● Kurany köýdürip, butga kyl sejde,
Merdumga azar iş ediji bolma.

● Alkyşy-fatyha doga bilen är,
Mazlumga sütemlik ediji bolma.

● Birehim zalymyñ bagry daş bolar…
("Gidiji bolma");

● Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda.
Zalymlar har bolar, galar aýakda,
Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen.
("Bolar sen")

● Magtymguly, garyplaryñ gözýaşy,
Daglary ýandyryp, erider daşy,
Pakyra jebir eden zalymyñ işi,
Ruzy-magşar diwanynda bellidir.
("At ýanynda bellidir");

● Zalymlar unudar zikri-Allany,
Arzan alyp, gymmat satar gallany…
("Otur-turuşyn görüñ");

● Zalymlaryñ jepasyndan, jebrinden,
Yslam kaýsy, iman kaýsy bilinmez.
("Yhsan kaýsy, bilinmez");

● Bil, bu işler nyşanaýy-kyýamat,
Zalymlar bitoba öte başlady.

● Zalymlar mazluma syrtyn gabardyp,
Gamçysyndan ganlar saça başlady.
("Gaça başlady");

● Ne üçin zalymga nobat berdi bu döwri-zaman,
Anyñ çün göz gören — eşdenden öte geçdi güman,
Eýleýip bir-birine dagwaýy-batylny heman, 
Bir şaýylyk mal üçin, takyk, berer elden iman…
("Dag-u hasratdan nyşan");

● Munda nobat sürse zalym,
Ýyl-ýyldan şer behem eder.
("Behem eder");

● Goñşy bolsañ haramhora,
Sütem eýlär zor biläni.
("Ýör biläni");

▶ MAGTYMGULY: NADANLAR HAKYNDA

● Nadan ýagşyñ gadryn bilmez…
("Her ýana");

● Köñlümge gelgen nagyşlar gözlerge peýda bolsa ger,
Goşulsalar köp nadanlar, kämil bolup, merdan çykar.
("Jan çykar");

● Dogmadyk oguldan dogan daş ýagşy,
Nadan ogul atasyna seretmez.

● Dünýä görki näzeninler, ne janlar,
Nadana ýolukdy türpe jenanlar…
("Mala seretmez");

● Ýamanyñ zyýany iline ýeter,
Nadanyñ peýdasy özüne degmez.
("Sazyna degmez");

▶ MAGTYMGULY: GYBAT WE GYBATKEŞLER BARADA

● Til hem gybat, ýalan sözläp durupdyr,
Şeýtan bir käpirdir, nebis hem zalym.
("Ýetişdi salym");

● Bir mümine gybat etmek hebesdir,
Gybatkeşiñ gazanany ot bolar.
("Ýat bolar");

● Binamaza, gybatkeşe, ogruýa,
Ýoldaş bolar ýowuz günde çilimkeş.
("Çilimkeş");

● Namazyn terk eden, gybat-zybana,
Ýolda olar ýowuz günde çilimkeş.
("Munda, çilimkeş");

● Bimagnynyñ sözi janyndan öter,
Gybat edip, özi günäge batar…
("Sazyna degmez");

▶ MAGTYMGULY: MEN-MENLIK WE TEKEPBIRLIK BARADA

● Ahyry bolar sen ýerge barabar,
Köñülde men-menlik ediji bolma.
("Gidiji bolma");

● Men-menlik edeniñ tanapy çüýrük…
("Läle getirmiş");

▶ MAGTYMGULY: ŞERAP WE ŞERAPHONLAR HAKYNDA

● Her il destur etse şerap içmäge,
Ol ýuwurda tagun durmana gelgeý.
("Nogsana gelgeý");

● Gorkar men, bu jahan bolmagaý harap,
Kesp edip satarlar arag-u şerap…
("Ahyrzamana");

● Ne tama bar hamr içen gedemden,
Buzahor ýagşyny, ýasy näbilsin.
("Näbilsin");

▶ MAGTYMGULY: PARAHORLUK WE PARAHORLAR BARADA

● Reýis bolan paýekiden pul alar,
Bermese, boýnyga gyl arkan salar…

● Kethuda bolanlar dogry sözlemez,
Para alar, leýken hakny gözlemez,
Nähak güwä bolar, dawa düzlemez,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
("Ahyrzamana");

● Pygamber ornunda oturan kazy,
Para üçin ele aça başlady.

● Kazy bolan bir jowapda durmady…
Nebs üçin imansyz öte başlady.
("Gaça başlady");

● Pasykny kazy bilip, naýypny soltan diýrler,
Her kişi owwal gelip görse, ki rişwet* biýrler…
Eýleýip halk üstüge köp hileýi-tezwirler,
Ger halal-u ger haram tapsa dykarlar iýrler,
Ruzy-magşar hak-Resulga ne jowabyn biýrler…
("Dag-u hasratdan nyşan");

▶ MAGTYMGULY: SÜÝTHORLAR WE SÜÝTHORLYK BARADA

● Süýthor bolan kesiñ dowzah jaýydyr…
("Mala seretmez");

● Baýlar zekat bermeý, bolupdyr süýthor,
Il içinde köpelipdir husythor…
("Ahyrzamana");

● Dünýäde süýthoryñ pul ýygma derdi,
Baýlaryñ mallary bizekat erdi…
("Döke başlady");

▶ MAGTYMGULY: AGZALALYK BARADA

● Agzy ala kowumlara baş bolmañ!
("Baş bolmañ");

● Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.
("Nogsana gelgeý");

▶ MAGTYMGULY: HALALLYK WE HARAMLYK HAKYNDA

● Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere…
("Bir görüp gitse daşymdan");

● Imany şikest tapar haram iýeniñ…
("Zor bolar");

● Haram işden gaçar pirler…
("Sil biläni");

● Musulman sen habar algyl zulaldan,
Gaçawer haramdan, isle halaldan,
Ölçegin kiçeldip, daşyn ulaldan,
Bereketi göçüp, kast jana gelgeý.
("Nogsana gelgeý");

Taýýarlan: Kitapçylar. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle