Magtymgulynyň döredijiliginde halkyň yrym-ynançlarynyň, däp-dessurlarynyň beýany
Magtymgulynyň döredijiliginde halkyň yrym-ynançlarynyň, däp-dessurlarynyň beýany
MAGTYMGULYNYÑ DÖREDIJILIGINDE HALKYÑ YRYM-YNANÇLARYNYÑ, DÄP-DESSURLARYNYÑ BEÝANY
Halkyň kök-damaryndan yzarlanylyp, namysyna-aryna siňip giden düşünjeler, yrym-ynançlar, däp-dessurlar şol halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşyp, gündelik bolmaly adaty bir waka öwrülip gidipdir. Mysal üçin, täze dogan aýa sežde etmeklik, säher dogan güne salam bermek, boş öýe gireniňde-de salamlaşyp girmek, ýaş gelni, täze doglan çagany ýüzüňe sylmak we ş. m. köp sanly yrym-ynançlar bilen külli adamzat arkama-arka, nesilme-nesil geljege tarap umytly garap gelipdirler. Şu ýagdaýlar bilen baglanyşykly, kynçylykly pursatlarda özleriniň göwünlerini götermek islegi bilen “Umytly guş Käbä ýetmiş” diýen ýaly nakyllary-da döredipdirler. Diýmek, yrym-ynanç, däp-dessur adamynyň umyt yşygy. Adamlaryň kalbynda dörän, şinelän umyt yşygyny şöhlelendirmek, onuň täsirini has hem artdyrmak üçin olaryň manysyny datly setirlere salyp, adamynyň kalbyna tenekär ýaly damdyrmak zerur.
Söz sungatynyň taýsyz ussady, aryf şahyr Magtymgulynyň şerbetden datly setirlerinde türkmen halkynyň däp-dessurlarydyr yrym-ynançlary öz beýanyny tapypdyr. Akylly-başly adamlar şahyryň hanasyz, derýasyndan “söz manysyny” gana-gana içýär, emma akmaklar pähim-paýhasa eýlenen sözlerden hiç hili many alyp bilmeýärler. Muny şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragy şeýle beýan edýär:
Magtymguly sözlär, sözün soňlamaz,
Bidertler dertli sözün diňlemez,
Akmak sözden hezl eýlemez, aňlamaz,
Aryf bolsaň, söz magnysyn içer sen.
Türkmen halkynyň paýhas eleginde elenip, uzak asyrlary aşyp gelen gymmatly hazyna bolan, akylyňa akyl goşýan halk döredijilik eserlerini Magtymguly ussat ýaly öz döredijiliginde jaýba-jaý goýup, manysyny tiren ajaýyp şahyr az-azdyr.
Akyldaryň her bir sözüni kalbyňa siňdirip, her bir sözünden many alyp okasaň,
onuň her bir setiriniň, hut, häzirki günde-de adamzada ýol görkeziji, ýoluny ýagtyldyjy şamçyrag bolup hyzmat edip biljekdigine göz ýetirmek bolýar.
Magtymguly diýer, ýar-u hemdemge,
Geliň, şükür edeliň, dostlar, bu demge,
Zatynda söz pähmin bilmez adamga,
Müň many söz diýseň, gadryň näbilsin.
Ol durmuşyň ähli taraplary babatda öz pikirini aýdýar, özü-de durşy bilen akyl-paýhasa eýlenen gudrat, tükeniksiz baýlyk, hazyna. Onuň döredijiliginde gadymylyk, halkyň her hili yrym-ynançlary, edim-gylymlary, dürli däp-dessurlary, türkmen maşgalasynda ulanylyp, däbe öwrülip giden durmuş hakykaty – ähli taraplaýyn beýanyny tapypdyr.
Magtymguly bu durşy bilen taryhy hakykat, akyl-parasat, pähim-paýhas, din-adalat. Onuň sözlerinden many alan adamzat – hakyky adam bolup ýetişmeli. Türkmen halky ussat Magtymgulyny öňküden hem belende götermeli, her bir sözüni öwrenmeli, “altyna gaplap dakynmaly”, doga-tumar edinmeli. Bu her bir türkmeniň belent borjy. Onuň ajap poeziýasynyň gymmatyny, hümmetini düşündirmäge söz hem ýetenok, paýhas hem. Akademik, ýaşuly alym B.A.Garryýew, professor Mäti Kösäýew Magtymgulynyň döredijiligi hakda hertaraplaýyn iş alyp bardylar.
Magtymgulynyň sözlerine düşünmek, ähli tarapdan ruhuňa siňdirmek örän kyn. Ony Magtymguly şeýle beýan edýär:
Pähim eýleýen Magtymgulynyň sözüni,
Derde düşüp, ýaşa doldyr gözüni,
Şat gelenler tuta bilmez özüni,
Hoş hem gelse, ýyglap geçer halymga.
ýa-da:
Magny aňlan Magtymgulyň sözünden,
Pikre düşüp, gan ýaş akar gözünden,
Hemme zatlar tabgyr tapar özünden,
Ýa, Reb, ýykylmazmy, beýik daglar heý!
Türkmen maşgalasynda dowam edip gelýän däbe öwrülip giden alkyş-dileglere, dogalara, em-ýomlara, düýşlere, ýorgutlara, her hili yrym-ynançlara, olaryň halk arasynda ulanylyşyna Magtymgulynyň poeziýasynda biz kän gabat gelýäris.
Pyragy, dünýä düýşdir,
Düýş görseň, düýbi hiçdir,
Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.
„Düýşe” meňzedilen bu pany dünýäniň bäş günlük ötegçidigini, munda diňe ýagşylyk etmelidigini, bimaksat ýaşap, hiç bir yz galdyrman ötüp gitmegiň ýaman işdigini şahyr öwran-öwran gaýtalaýar. Şahyryň özi barada aýdanymyzda, onuň ady diňe ýagşylykda ýatlanylyp, asyrlardan-asyrlara uzap, adamlaryň ýüreginde öçmejek yz galdyryp gelýär. Şahyryň maksady hem adamlaryň aňyna ýagşylyk etmekligi guýmak. „Ýagşylyk et-de, derýa okla, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler”, ine, şahyryň ýodasy-ýörelgesi.
Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,
Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr.
Magtymguly ýagşy işler etmekligi niýet edinen adamynyň türkmeniň yrym-ynanjyna görä, ir turup, üstüne gün dogdurman, Allatagala ýalbaryp, ýamanlardan daşlaşyp, ýagşylara ulaşyp, şeýtanyň şerini başa bardyrman, diňe ýagşylyk etmelidigini öwran-öwran nygtaýar:
Säher tur, Hudaýa ýalbar,
Yslam öýüň abat galsyn;
Ýamany goý, ýagşa ýol ber,
Şeýtan işi berbat galsyn.
Her bir adamynyň içinde ýamanlyk bolýar, şol ýamanlyklardan (göriplikden, açgözlükden, men-menlikden, mahlasy her hili ýaman niýetlerden) saplanmadyk adam hiç wagt ýagşylyk edip bilmez. Şu ýerde Muhammet pygamber bilen bagly bir rowaýaty ýatlasym gelýär. Muhammet pygamber entek 5-6 ýaşly çaga wagtynda goýun bakmaga gidenlerinde ak eşikli perişdeler, onuň ýüregini sogrup alyp, süpürip, arassalap ýerine salýarlar, ýamanlykdan arassalaýarlar. Şonuň ýaly Magtymguly hem içinden ýamanlyklary aýryp, saplanmadyk adamdan, hiç ýagşylyga garaşmaly däldigini ýörite nygtaýar:
Ýagşylyk tamasyn etmäň,
Ýamanlyk çykmaýan ýerden.
Türkmeniň yrym-ynançlarynda ir bilen turup güne salam bermek, üstüňe gün dogdurmazlyk, täze dogan güni, aýy ýüzüňe sylyp, Allatagala sygynmak barada, „Ýeri-gögi ýaradan, aýy-güni döreden” diýip dileg etseň, başlan işiň şowly bolýandygy hakda aýdylýar. Magtymguly hem şu ideýa gulluk edip, ir turmaklygy, Haka sygynyp, diňe ýagşy işlere baş boşmagy adamlara ündeýär, şu pikire ýygy-ýygydan gaýdyp gelýär:
Säher wagty gapyl bolmaň adamlar,
Dergahlar açylar çagdyr bu çaglar.
Rahmete duş geldi bu wagt erenler,
Hak nury saçylar çagdyr bu çaglar.
Asy bolma, günähinden dynawer,
Özüň tany, menligiňden inewer,
Ýagşy wagtdyr, toba kylyp dönewer,
Ýazyklar geçiler çagdyr bu çaglar.
Magtymguly halk arasynda ýörgünli bolan bu yrym-ynanja örän berk eýerip, bu mesele barada ýygy-ýygydan ýatlaýar:
Tur säher, Taňryga ýygla,
„Hak” diýip, ýüregiň dagla,
Toba ýüpün mäkäm bagla,
Gabryňa girmezden burun.
ýa-da:
Adam ogly ýatma gapyl,
Tur-ha daň atmazdan burun.
Alkyş-dilegler, Allatagala nalyş etmeler, dogalar Magtymgulyda örän ýerlikli ulanylypdyr. Ol hem ähli adamzat ýaly Alla sygynýar, ondan dileg dileýär, doga okaýar:
Magtymguly mydama, doga kylar dergaha,
Saýyl men, mahrum etme, dergahyndan ýa Hudaý!
ýa-da:
Istese deň-duşlar başa altyn täç,
Pakyrlyk mülkünde maňa bergin paç,
Ýa Ýaradan, etme, namarda mätäç,
Dilegim duş etme, zalyma meniň!
Halk döredijiliginde alkyş-dilegler örän gadymy görnüş hasaplanýar. Baryp ilkidurmuş adamlary awçylyk, soňra ekerançylyk bilen meşgullanyp başlanlaryndan, gepleýiş dili kämilleşenden soň alkyş-dilegler hem ýüze çykyp başlapdyr. Adamlar awa gidenlerinde biri-birine „Aw ganly bolsun!”, „Tohumyň müňlesin!’ diýip, alkyş-dileg eder ekenler. Arheologlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapan gap-gaçlarynyň ýüzünde „bereketli bolsun!”, „şu gabyň eýesi uzak ýaşasyn!”, „şu gapda nahar iýeniň tagamy inine siňsin!” diýen ýaly ýazgylaryň duş gelýändigini arheolog alymlar belleýärler.
Galyberse-de, Magtymgulynyň özi Allanyň nazar salan bendesi. Ol „Turgul diýdiler” diýen goşgusynda bu barada doly söhbet açýar. Onuň üýtgeşik, Allanyň nazar salan adamsydygyny goşgularyndan aňyp oturmaly:
Gargyşym daşlarny mum deý erider,
Pür-pudak ýaýradar alkyş kylanym.
ýa-da:
Magtymguly, baş bermese baýynmaz,
Mährimi inderip nazar salanym.
Magtymguly özi baradaky pikirlerini şeýle beýan edýär, şonuň bilen birlikde alkyş alýan adamynyň işiniň mydama oň boljakdygyny, gargyşyň ýaramaz netijelere getirjekdigini sözüni aňlan adamlara gaýtalap-gaýtalap düşündirmäge synanyşýar, öwüt-nesihat berýär:
Ömri-saly artar alkyş alanyň,
Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar.
ýa-da:
Ýamany goý, ýagşylara göz ildir,
Kelkemeç hem „Öz oglanym gözel” diýr,
Gargyş gurduň zürýadyny azaldar,
Goýun kibi çar tarapa il bolgul.
Iline-gününe diňe ýagşylyk islän, mydama ýagşylygyň gözleginde bolan ýagşy niýetli şahyryň haýsy bir setirini mysal alsak, olar diňe pähim-paýhasa eýlenen, ýagşy alkyş-dilegleri şahyr iliniň-gününiň hatyrasyna ulanýar:
Hudawende, gerçe nebsim ýamandyr,
Dilegim dergahdan nury-imandyr,
Şer işim bihetdir, günähim kändir,
Sen özüň geçirgil, ýa Züljelalym!
Şahyryň alkylşary, Alladan dileýän dilegleri diňe özüne degişli däl, ol il-gün adamsy, ile-güne hem Alla sygynmagy, Biribardan dileg dilemegi ündeýär. Ine, türkmen öýünde her günde aýdylyp däbe öwrülip giden alkyş-dileg, doga-töwürleriň Magtymgulyda gabat gelşi şeýleräk. Magtymgulynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän ideýalaryň, many-mazmunyň ählisi hem gözbaşyny halk döredijiliginden alyp gaýdýar. Her bir türkmen, her bir musulman öz okaýan doga-töwirlerinde, her nahardan soň „ýagşylara ýanaşdyr, ýamanlardan azaşdyr”, „azdyrmasyn, azana duçar etmesin” diýip, Biribardan dileg edýändir.
Magtymgulynyň döredijilgi ähli babatda halkdan üzňe däl, ol halk bilen bile dem alýar, halk durmuşynda gündelik ulanylyp gelýän sähet-bisähet, takdyr, kysmat, ýazgyt, nesibe, ykbal, täleý, rysgal, döwlet, halal-haram, ahyrýet, ajal, nebis ýaly ýörelgelere, yrym-ynançlara Magtymguly hem uýupdyr. Bu düşünjeler, yrym-ynançlar onuň adamzat süňňüni elendirýän ajap poeziýasyna ornaşypdyr. Aýratyn hem onuň dünýä hakdaky oýlanmalarynda bu düşünjeler kän gabat gelýär:
Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa,
Daga azy ursaň, daşy syndyrar.
Täleýiň ters gelse, bagtyň şor bolsa,
Paludanyň peri dişi syndyrar.
Ajalyňdan gorkup girseň ummana,
Gorkudan ne peýda, gidejek jana,
Ömrüň ahyr bolup, dolsa peýmana,
Haşhaşyň samany başy syndyrar.
Başga bir goşgusynda bolsa:
Magtymguly, sen dembe-dem,
Ahyret sary ur gadam,
Ýagşy-ýaman, barça adam,
Ajalyň giriftarydyr.
diýýär.
Beýik Magtymguly halkyň Allatagala şükür etmek, kysmatyna kaýyl bolmak ýörelgesini hem öz döredijiligine siňdiripdir. Ozalbaşda her kime Allatagalanyň beren ryzky, döwleti bolýar, şoňa kaýyl bolmaly, nebsiňi şaglatmaly däl, nebsi goýberseň, adamzadyň isleginiň soňy gutarmaýar:
Ýer ýüzi doldurmaz gözüň hanasyn,
Karun kimin näçe gaznaň kän bolsa.
ýa-da:
Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun,
Gözi gumdan doldy, puldan dolmady.
Halal-haram meselesi Magtymgulyda iň ýörgünli ulanylan meseleleriň biridir:
Bir ýolda günä bar, bir ýolda sogap,
Arasatda senden sorarlar jogap,
Halala hasap bar, harama azap,
Şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi.
Magtymguly şeýle täsin, gudratly setirleriň üsti bilen adamlary halallyga çagyrýar, adamzat näçe mal-mülk, baýlyk ýygnasa-da, ahyry barjak ýeri o dünýä, bu dünýäde halal ýaşasaň, ahyretiňi gazanarsyň, imanly bolarsyň. Emma öz ryzkyna kaýyl bolman, halaly-haramy seljermän, „herne tapsa, gözüni ýumup ýuwdup otyran” adamzat balasyndan Beýik Perwerdigär hem närazy bolýar. Ahyrynda bu pany dünýäden hemme kişi, baýy-garyby galman gitmeli, adamzat bu pany dünýäde ötegçi myhman.
Dünýäni gyzgyn tutmagyl,
Işiň gör, bikär ýatmagyl,
Magtymguly, unutmagyl,
Gidejek sen, gidejek sen.
Şahyr diňe ryzkyna kaýyl bolup, halal ýaşamak ideýasyny öňe sürýär, üstünden asyrlar geçenligine garamazdan, Magtymgulynyň ajap poeziýasy adamzady dogry ýola çagyryjy şamçyrag ýaly lowurdap dur.
Magtymguly, bu günüňe şükür eýle,
Allanyň gudratyn görüp, pikir eýle,
Ryzk üçin gam iýme, Haka zikr eýle,
Owwalda ýazylan senden daş bolmaz.
Başga bir setirinde Magtymguly:
Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,
Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat
diýýär.
Käbir ýagdaýlarda Haka nalyş kylynsa-da, dileginiň kabul bolmaýşy şahyry oýlandyrýar, emma näme-de bolsa şahyr ryzkyna kaýyl bolup, öz halal zähmetiň bilen ýaşamagyň tarapdary:
Musulman sen, habar algyl, Zülaldan,
Gaçawer haramdan, isle halaldan!
Halkyň gündelik ulanylyp gelýän yrym-ynançlaryndan başga her hili däp-dessurlary hem Magtymgulynyň döredijiliginde ýeterlik orun alypdyr. Aýratyn hem adamzadyň iň soňky ýoluna ugraýşy, naçarlaryň saç ýaýyp aglaýşy, ses edişi – bu zatlaryň dessur bolup galyşy hakda şahyr şeýle pikir ýöredýär:
Ryzk wekili geler, ryzkyň ýok edip,
Göwräňi guradyp, ýoluň bek edip,
Demiň hyrydary demiň tükedip,
Iliň-günüň özge ýurda çaglarlar.
Kim bardyr ki, pelek bagryn bozmamyş,
Göwresin gyýmamyş, köňlün bozmamyş,
Magtymguly, dag-derýalar dözmemiş,
Bu dessurdyr – aýralyga aglarlar.
Bu pany dünýäniň ahyrynyň ölümdigi Magtymgulyny oýlandyrýar, ol ajaly kepen biçiji haýýat atlandyrýar, ajal kowalasa, hiç gutuldyrmajak awçy – saýýatdyr:
Günde kepen biçer bu ajal – haýýat,
Bir beladyr, hiç gutarmaz bu saýýat,
Pelle-pelle aşak düşer adamzat,
Bu gün görenleriň ertä galmady.
Bu saýýatdan gutuljak adam – baýam, garybam ýok, hemmesiniň barjak ýeri bir ýer, ajy ölüme-de adam ogly çydamaly bolýar, çünki bu aýralyk hemmeleriň başynda:
Aýralyga adam ogly neýlesin?
Kim galar, görmeýen ajal hilesin?
Magtymguly, haýwan bilse balasyn,
Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy?
Şeýlelikde, türkmen maşgalasynda ýerine ýetirilýän her hili däp-dessurlar ajaýyp goşgy setirlerinde beýanyny tapypdyr. Pähim-paýhasa eýlenen bu ajaýyp setirler halkymyzyň ýoluny ýagtyldyp dur.
Gurbanjemal YLÝASOWA.
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Magtymgulyny öwreniş