| | |

«Magtymguly, sözüm gysga — şerhi köp…» -4

«Magtymguly, sözüm gysga — şerhi köp…» -4

Aly babam turup nazar etdiler,
Bir käse meý berip, içgin diýdiler.

Elbetde, akyldar Pyraga berilen meý-muhubbet (söýgi) meýi, muhubbet şeraby bolmaly. Ony içen adam ählidünýädäki zatdan, jennetden, dowzahdan el çekip, diňe Hudaý Tagalanyň Jelal jemalynyň aýnasy bolmaly.

Şahyryň   "Turgul   diýdiler"   diýen   eseri   onuň döredijiliginiň tutuş gönezligi we ähli syrlarynyňaçary bolupgörünýär. Ol bu goşgy-da jikme-jik özüne berilen makamy hakda doly açyk aýdýar.

Resulullah aýtdy: "Eshablar, ýörüň,
Oglany uzadyň, bir pata beriň,
Buýurdy dört atla-eltip tabşyryň,
Getirgen jaýyňda goýgul!" diýdiler.

Diýdiler: Üç kişi bolduk ustadyň,
Daýym destan bolar älemde adyň,
Magtymguly, wagtdyr, iste myradyň,
Bu syry akmak açar, ýa bir diwana.

Asmanyň ýüzünden kehkeşan uçdy,
Nägehan üç are nazarym düşdi,
Iki ýaşyl geýmiş bir sefit puşdy,
Gözüm gördi, dilim gelmez permana.

Magtymguly işanyň öz eserinde belläp geçişi ýaly, biz hem ulamalaryň garaýşyna we beren nazaryna goşulýarys. Olar Pyragyny "nogabe" jümlesinden saýyp atlandyrmaklary, onun öwlüýälere goşulýandygyny bir agyzdan makullaýarlar.
"Öwlüýa" diýdigi "weli" diýlen sözüň köplügi bolup weliler Allahu Tebärek we Tagalaga ýakynlardyr. Elbetde sada adamlar hem ymamy kämil getirip, salyh amallary bilen Allahu Tagalaga ýakyn bolup bilerler. Magtymgulynyň derwüşler hakdaky garaýşy:

Ýer diregi, gök paýasy,
Derwüşleriň dogasydyr.

Nirde derwüş görseň baryp alkyş al,
Derwüşden ýeg hiç kim ýokdur Hudaýa,
Tamugnyň guwanjy zekatsyz baýdyr,
Derwüş ýerde derýa ýa gökde Aýdyr,
Derwüşe tagn eden, lagny-Hudaýdyr,
Doňuz derýa neýlär, it üýrüp Aýa.

Dana Pyragynyň "derwüş" diýip atlandyrýanlary weliler, pirler bolmaly. Welileriň öz welidigini bilýanleri hem bar we bilmeýänler hem bar bolmaly. Weliler tüýsli-tüýsli bolýar: Birnäçe welileriň mamuryýetleri (wezipeleri, tabşyryklary) bolmaly, adamlara ýol görkezmäge, ýagny erşat etmäge. Emma birnäçe welileriň ildeşlerine ýol görkezmegi barada wezipelendirilen bolmaly däl. Sözüň gysgasy, öwlüýäleriň hatyrasyna ryzk berilýär we şolaryň hormatyna ýagyn ýagdyrylýar, olaryň şerapaty we hormaty üçin Allahu Tebarek we Tagala sizden ahli belany we derdi gaýtarýar.
Magtymguly atamyz öz goşgularynda "Gözel", "Peri", "tar", "Näme sen", "Eý dost", "Sahypjemalym", "Aýa meňzedip getirmegi" Hudaý Tagalaga we pygamberimize ýüzlenýär.
Pygamberimiz Deçjal bilen, Ýajuj-Mäjujyň geljegini makullapdyr. Ýajuj-Mäjuj Kap dagynyň arka tarapynda ýatan bolmaly. Aýdylyşyna görä, ol Sed Isgenderi deşip geljek eken. Elbetde, Ýajuj-Mäjuj Deçjaldan soň gelmeli.
Magtymguly işan bir goşgusynda:

Ýajuj-Mäjuj diýerler,
Bir-birini iýerler,
Birin öldir goýarlar,
Bir ýerine on dörär.

Ine bu goşgularyň ählisini pygamberimiziň waspyndaýazylypdyr. Ýene "Görgeç Resul" atly eserinde:

Düşdi bir hoşluk jahana, nusratyň görgeç Resul,
Sernegun boldy senemler, lamgatyň görgeç Resul,
Rahy-zulmat boldy röwşen, adyňy görgeç Resul,
Tapdy dowzahdan aman kim, sohbetiň görgeç Resul.

Hezreti Resula sygynyp ýazan "Eý peri" diýen şygrynda ony şeýle sözler bilen suratlandyrýar:

Mesgeni Mekge-Medine sekiz uçmak lälesi,
Her sözüň yzynda ýüz müň gumry, bilbil nalasy,
Şamçyragdyr äleme ol, gül ýüzüňniň şuglasy,
Kaddy-kamaty belent eý, nury-hakyň walasy,
Seýr eden dokuz pelek asmany sen, sen eý peri.

Şahyr "Açdy Muhammet" diýen şygrynda-da ony şeýle wasp edýar:

Ol deslap baryp Haýbar dagynda,
Kapyrlar ganyny saşdy Muhammet,
Lekahurda, Sekwan, Kabul şährinde,
Jepa çekip dinin açdy Muhammet.

Pyragynyň "Anbar saşdylar", "Söýmüşem seni" ýaly eserleri Hezreti Resul Ekreme bagyşlanypdyr. Magtymgulyişanyň "Rebbim Jelil" atly eserinde özüniň ýüreginde beslän arzuwunyň hasyl bolandygyny açyk aýdýar.
Magtymguly işanyň söýgüli pygamberimiz Hezreti Resula bagyşlan gazallary köp. Şol gazallaryň birnäçe beýdini aşakda getirmegi makul bildik. Ol "Rowan boldy" diýen goşgusynda şeýle beýan edýär:

Mekgeden çykdy bir gözel,
Medinäge rowan boldy,
Gören täj etdi serine,
Görmedik bagry gan boldy.

Akyldar Pyragy, çarýarlaryň yslam ýolunda eden pidakärçiliklerini we yslam dinini dükeltmekde we şöhrat bermekde arman, ýadaman eden tagalla we talaşlaryny öz sözleriniň köp ýerlerinde getirip şeýle aýan edýär:

Şir Haýdar diniň gapysyn açdy,
Bilal azan aýtdy, kapyrlar gaçdy.
Ebubekr, Omar, Osman uruşdy,
Aly din gylyjyn çalanda bardyr.

Ol ýene "Gahry gana" eserinde:

Hudaýymyň arslany
Dolandy gahry gana,
Gazapdan düldül munda,
Çekildi ýeriň bendi,

Aly zarbyndan döndi,
Mukatyl zähri gana.

Ýene:

Eý ýaranlar, kuwwat berjek Hudaýdyr,
Aly zülpükary syrylsyn indi.

Şahyr "Alydyr" diýen eserinde: Alyny şeýle taryplaýar:

Kelle geldi dergahyna dat bile,
Nyzam berdiň serhetlere hat bile,
Kamram gylyç bile, düldül at bile,
Täht-as-sära deňiç bargan Alydyr.

Magtymguly aýdar tende bu janyň,
Ýolunda nesar et Şahymerdanyň,
El uzadyp çar guşine dünýäniň,
Muhammet dinine salgan Alydyr.

Onun Hezreti Aly aleýhissalama bagyşlanan belent goşgusy, şeýle sözler bilen başlanýar:

Eý ýaranlar, musulmanlar,
Görüň hökmi daweri,
Mesjitde oturmuşdy
Bir gün Murtuza Aly

Arka bermiş mähraba,
Ýüzün bermiş kitaba,
Ulug-kiçik sahaba
Ýygylmyşdy hem bary.

Aýry bir şygrynda bolsa şeýle suratlandyrýar.

Haýdardan soradym barça atma-at,
"Hezreti pygamber oldur bolma ýat,
Ol Selim hojadyr, ol Baba zürýat,
Ol Weýsil garadyr görgül diýdiler

Resulylla aýtdy: "Ýa Şahymerdan,
Eýa, Selim hoja, ýa Baba Selman.

Akyldar Pyragynyň "Sataşdym" diýen eserinde şeýle setirlere duş gelse bolar:

Ustasyz işlenen, kirişsiz gatylan,
Gymmatsyz satylan, elsiz tutulan,
Gol degmeý çekilen, oksuz atylan,
Çillesiz gurulan ýaýa sataşdym.

"Seýrul-aksam, seýrul-kulub" diýýärler. Diýmek, Hudaý Tagala bagyşlap enaýat etse, beren zadynyň belli bahasy bolmaly däl. Aryf atamyz Allahyň fazly-kereminden bagyşlap yrfany ylymlaryny ok-ýaýa meňzedip we özüniň hem şol ylymlara towpyk tapandygyny açyklap beýan edýär.

Ýene şol sahypada:

"Aýrylyp näzliden, galdym gurbatda,
Çeşmeden suw istäp, çaýa sataşdym".

We ýa: "Ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdym". Bu setirlerden aňlanylyşy, ýyldyzlary ulamalara, ýagny alymlara we Aýy hem sahabalara meňzedýär. Adamzardyň maddy baýlykdan gözi doýmeýşi ýaly, Magtymguly atamyzam magnewi baýlykdan doýup bilmeýändigini aýan edýär.

Ine, bu setirler hem "Sataşdym" diýen eserinden: "Kişi bilmez, ne söwdaýa sataşdym" we ýa: "Durusyn içmişler, laýa sataşdym ".
Aryf atamyz: "Meniň başyma düşen söwdanyň, ýagny yşk söwdasynyň ölçegini we ähmiýetini hiç kim bilip bilmez we bilmeden ejizdir. Ol seýru söwda, diňe Hudaý Tagala bilen öwlüýäleriň arasynda emele gelýär. Ikinji beýdinde bolsa, ol hem yrfany şygyrlara girýär. Ol özüni pespäl görkezip, yrfany ylymlardan paýsyz galan ýaly edýär.

Magtymguly diýrler meniň adymy,
Älem el çaýar görse odumy,
Eý ýaranlar kime diýem dadymy,
Başym çykmaz ne söwdaga sataşdym.

Onuň "ot" diýýäni "muhubbet ody", ýagny "nary-muhabbet" bolmaly. Ol yşka düşenler, elmydama ýürekleri Alla Tagallany küýsäp, onuň Jelal jemalyny görmäge arzuwlap ýörmeli. Şeýle-de, ol zol özüni yşk söwdasyna düşünmeýän we baş çykaryp bilmeýän edýär.
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan" diýip, akyldaryň getirmegi, Allahu Tagalanyň dünýäniň ähli ýerinde bardygyny tassyklaýar. "Ýarymdan" diýmegi Beýik Taňra nyşanadyr.
Ine, "Dilberiň" atly gazalynda şeýle ajaýyp eserler döredilipdir.
Magtymguly işan bu setirinde "Dilber" diýip, ýaradan Allahy hasaplaýar. Ol öz guly bilen Beýik Taňra garşy seredýär. Onuň kalbynda Beýik ýaradan Allahyň jemalynyň nury bolýar. Ol nur Hudaý Tagalaladan aryflaryň ýüregine düşüp, kalbynda ýol alýar. Ýene şol eserde:

Ol adam oglunyň däldir balasy,
Gulagyň dyndarmaz aşyk nalasy,
Jemalyn bur gören haýran galasy,
Bark urar gözünde nury dilberiň.

Akyldar eserinde ol adam oglunyň balasy däl diýip getirmegi Allaha degişlidir, ol hiç närseden dogmandyr we hiç närse hem ondan dogan däldir, "läm ýälid, wäläm ýuwläd". Elbetde bu setiriere ýagşy pikir goýup oýlanylsa, ýaradan Beýik Taňrydygy öz-özünden düşnüklidir. Ýene şol eserde:

Bir salymda gopar ahyrzamana,
Eger geler bolsa gahry dilberiň.

Elbetde, Hudaý Tagala "Wahyt al-kahhar". Haýsywagt erada etse, kyýamat gopjakdygy hökmanydyr. We ýene:

Gardaş-dogany ýok, ýalňyz özüdir,
Hiç ýokdur rakyby, ýary dilberiň.

Bu setirde bolsa, Allahu Tagalanyň ýeke we ýalňyzdygyny we ýary we rakybynyň ýokdugyny beýan edýär.
Şahyr ýene:

Munakgaş sypatly, gymmat bahaly,
Mysalydyr jennet hüýri dilberiň.

Aryf atamyz bu setirinde jennetdäki ähli hüýrler we barlyklar, ýagny ýaradylanlaryň bary, diňe Beýik Taňramätaçdigini anyklaýar. Ýene şol eserinde:

Her kim ony söýse, tirikdir, ölmez,
Jahana özünden hiç kinise gelmez.

— diýmek dilen Beýik Taňryny söýen adamlaryň elmydamadiridigini. Hakyň ryzasyny tapan adam bagty gelen webagtly adam bolandygyny duýdurýar.
Ine, "Içeýin jamym" diýen eserinde şeýle setirlerigörýäris:

Dözmenem, duýmanam, durmanam, eý ýar,
Bu saky döwründe içmeýin jamym,
Jamy meý sundugyň görmesin agýar,
Gelmenem aklyma gormeýin kamym,

Bolmuşam guwwas dek, ýüzmüşem köli,
Tapmyşam hemrahy, tutmuşam ýoly,
Şowkuň şerabyndan bozulmuşam däli,
Bilmen niçik geçer çaşlym we şamym.

Ilki aryf atamyz bu eserde "ýar", "ýar senden", "eýe" diýip getirmegi, ol beýleki eserleri ýaly, diňe Allahu Tagalaga ýüzlenendir. Ol magrypatyň derýasyna ýüz urup, ýagny yrfany ylymlaryna girişip eshaplara duşandygy we muhubbet şerabynyň dadyrlandygyny duýdurýar. Şygryň başyada "Dözmenem, duýmanam, durmanam" diýip, başlamagy özüniň Beýik Taňra çäksiz söýgüsiniň bardygyny beýan edýär. Emma şowkuň şerabyndan bolmuşam doly diýmegi, muhubbet şerabynyň yşkyndan gije-gündiziň nähili geçýändigini aňmaýyşyny aýan edýär.
Ine, "Uçdum, ýaranlar" diýen eserinde şeýle setirleri görýäris:

Perwaz urup seýran etdim dünýäni,
Bal urup göklere uçdum, ýaranlar.

Bu setirlerde hem özüniň enbiýa we eshablaryň ruhuna duşandygyny äşgär edýär. 
Ýene "Neýläýin" diýen eserinden:

Köňül istär, gezsem dünýä älemi,
Ganatym ýok, uça bilmen, neýläýin,
Okyr men, görermen fowzel-kelamy,
Magnysyny seçe bilmen, neýläýin.

Bu setiriň mäfhumy we mazmuny bolsa, akyldar şahyr ilki büen dünýäni gezip aýlansam, görsem diýip arzuwlaýar. Ikinji setirinde yrfan şygyrlarynyň, yrfany ylymlaryň magnysyny açyklap çözüp bilmeýän ýaly, özüni pespäl saýýar. Belli bolşuna görä, pespällik aryf atamyzyň zatynda bolmaly. Ol bütin eserlerinde özüni pespäl, zada düşünmeýän we seljerip bilmeýän edip görkezýär. Ýagny şekeste nefsi (sada) edýär.

Ýene şol sahypada:

Çohlar onda guwwas bolup ýüzerler,
Maňa zahyr, halkdan pynhan gezerler,
Gül badada gülgün şerap ezerler,
El uzadyp, içe bilmen neýläýin.

Akyldar şahyr ýokarky beýdiň birinji we ikinji setirlerinde köp adamlar yrfan deňizinde ýüzüji bolup ýüzýär, ýagny yrfan ylymlarnyň içinde gaýnaýar, yrfany ylymlaryndan baş çykarýarlar, emma bu işler halkdan gizlin bolsa-da, maňa aýandyr diýip duýdurýar. Ol üçünji we dördünji setirinde bolsa, muhubbet şerabyny, ýagny yrfanbadasyny özüne içmäge rugsat berilse-de, berilmeýän ýaly edip görkezýär.

Ýene şol goşguda:

Pikir derýasyna akyl gämisin,
Batyrmyşam, çyka bilmen, neýläýin.

— diýýär. 
Bu ýerde ol göräýmege şunça pikir etsem hem, aklym ýetenok diýýän ýaly pikiri aýdýar. Emma ol beýle däl. Aryf atamyz eserlerinde özüni pespäl görkezip, hiç zada düşünmeýän we seljerip bilmeýän ýaly edip görkezýar. 
"Bu ölmek, dirilmek galypdyr öňden, 
Peder bize myras goýmuş bu derdi" 
diýlen setiriň magnysy bolsa, Adam aleýhissalam behiştden kowlup, ölmeklik miras galdyrlandygyny görkezýändir. Ol: "Hyzyr, Ylýas kimin girsem zulmata" diýen setrinde
Hyzyr bilen Ylýas zulmata girip aby haýatdan içip, diri galandyklaryny makullaýar.
Galyberse-de, Hyzyr bilen Ylýasyň ejeleri dogan, ikisi çykan bolýarlar.
Akyldar Pyragynyň "Köp garaşdym ajap eýýam gelmedi" diýen setirinde, ol "Ajap eýýam" diýýip, Hudaý Tagalaga ýakynlaşmagy we onuň jemalyna (didaryna) sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny we şeýle-de şol eýýamyň gelip ýetmedigini beýan edýär. Aryf atamyz hiç wagt pany dünýäniň günlerine we döwranyna "ajap eýýam" diýip aýtmaýar. Ol, ýokarda aýdyşymyz ýaly, beýik Taňry Tagalanyň jemalynyň orazasy, ýagny muştagy bolupdyr.

Onuň "Çykypdyr" diýen goşgusynda şeýle setirler bar:

Kimse syrym bilmez özün öldürse,
Pakyr bendelerge Taňry bildirse.

Ol mende bolan syry her hili jan etse-de, hiç kişi bilip bilmez. Meger Hudaý Tagala ony biriniň kalbyna guýmasa diýýär. Ol syr ýönekeý bir syr bolmaly däl. Ol Hudaý Tagaladan öwlüýäleriň kalbynda zahyr bolýan syr bolmaly. Şeýle-de, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, öwlüýaleriň yşkynyň ody, dowzah odundan güýçli bolmaly. Akyldar Beýik Taňra bolan yşkyny ýatan deňize meňzedip, şol gara deňizde hem dolup-daşyp gaýnaýandygyny açyk duýdurýar. Galyberse-de, rowaýat edýärler, dowzah Hudaý Tagala ýüzlenip: "Eý bary-Hudaýa! Her kim asyçylyk else, men bilen azap berýärsiňiz, emma men asyçylyk etsem, näme bilen azap berersiňiz?" diýip soranda, Hudaý tagala oňa: "Sana aşyklaryň ody bilen azap bererin" diýip jogap beripdir.
Bir zaman möminler, Hudaýa aşyk pirler, öwlüýäler Syratdan geçip baryşlaryna olara dowzah: "Eý mömünler, öwlüýäler tizräk geçeweriň, siziň nuruňyzyň şuglasy meniň odumy öçürip barýar!" diýip gygyrar eken. Ine, görüň öwlüýäleriň odunuň çogy şeýle güýçli bolýan eken. Çünki dowzahyň ody-da oňa çydap bilmän gygyrýar.

Şahyryň "Ýandyrar" atly eseri bolsa Huda aşyk bolanlara degişli:

Aşyklar bagryndan bir nala çekse,
Daglary elendir, daşy ýandyrar.

Ähli Alla aşyk bolanlaryň bagryndan çykan nala, nary-muhubbetdir, söýgi ody şeýle güýçli. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ol muhubbet söýgüsiniň odunyň çogy(howry) dowzahyň odundan güýçlüdigi şübhesizdir. Şol aýdyşymyz ýaly, Hudaýa aşyk bolanlara hiç zat gerek bolmaýar, diýmek olar terkidünýä, olar behişt diýip, ýa sowap diýip ybadat etmeýärler, belki-de Hudaý Tagalany wajyp ybadat bilip, ýagny mynasyp, ýaraşykly bilip ybadat edýärler.

Magtymguly bentdir akyl gapysy,
Dert bolupdyr iliň-günüň ýapysy,
Zeberdest pirleri işan sopusy,
Telpek geýmiş poşlar aglar halymga.

Ilki beýdi-akyl gapysy ýapylyp, nebsiň-şehwatyň yzyna düşülse, onda ýolundan azaşyp ol dogry ýola gitmejekdiklerini açyklaýar. Ikinji beýdinde, eger derde ýarajak ýapynyň özi dert bolsa, onda dert üstüne dert bolmaly. Bu ýerde akyldaryň aýtjak bolýany eger-de pirler, işanlar, sopular sogap işi goýup, günä işe ýüz uranda, ýagny poş geýip günä işlere goşulandan, telpek geýsinler, ýogsam poşlar aglar siziň halyňyza diýip berk ýazgarýar.

Geliň indi "Çykypdyr" diýen gazalyna ser salalyň. Onda:

Oba ujundan bardym öý soraşmaga,
Gördügim lal, ýa agzy mumly çykypdyr.

Ýa:

"Maňa hemra bolan gamly çykypdyr". — diýen setirleri bar. Bu setirlerden çak edilişi, haýsy bir gören adamsy daş keşpinden: "Şu takwa-mömündir!" diýip çak etse, ýaradan Taňry Tagaianyň adyny zikr etmek-de agzy lal ýa mumly ýaly eden tamasynyň çykmandygyny bildirýär.
Ol: "Maňa hemrah bolan gamly çykypdyr", ýagny özüne duşan, sataşan adamlaryň ählisi dünýäniň höwesinde bolup, düýpgöter ahyretiň gaýgysynda däldiklerini açyk aýdýar. Başga hili alsak, özüne hemra bolanlaryň hem özi ýaly gaýgy-gamdadyklaryny aňladýan bolmagy mümkin.

Şahyr: "Gyzmaly boldum" diýen eserinde şeýle gyzykly setirleri getirýär:

Aşyk derýasyboldum, daşdy, gaýnady,
Täze huruş eýläp gyzmaly boldum.
Köňül tagty möwj üstünde oýnady,
Onda guwwas bolup ýüzmeli boldum.

Ol: "Metbahda gaýnap gyzmaly boldum", we ýa "Imdi çäre ýokdur düzmeli boldum" — diýmek bilen yrfan bahrynda gark boldum, dolup-daşyp, gaýnap, ýagny magrypatyň derýasynda guwwas kimin ýüzmeli bolup, ýüzmegine taýýardygyny açyklap nygtaýar, takyklaýar.

Diwanyň "Göz bile" diýen şygrynda şeýle yrfany sözlerine duş gelýäris:

Kimsäm bardyr, arzym ýara ýetirse,
Yşk oduna köýdüm gitdim köz bile.
Gelip eli bile odum öçürsin,
Ýogsa sönmez baran bile, buz bile.

Gelen geçdi, gelejege ýurt goýdy,
Aşnalygy namart açdy, mert goýdy,
Ýar synamda dag üstüne dert goýdy,
Dert üstüne burç goýupdyr duz bile.

Magşugym taýdyrmaz, tapsam el bermez,
Ykbalym oýanmaz, bagtym hem turmaz,
Ýüregim ynjalmaz, köňül hem durmaz,
Ýar jemalyn görmeginçe göz bile.

Yşkynyň derdinden ýanyp, bişip, köýüp, köz bolup örtenişini beýan edýär. Galyberse-de, ol oduň güýjünden ynjalygy ýokdugyny duýduryp, hatda ýagyş we ýa buz bilen hiç sönmejegini we özüne duşan yşkyň ody egsilmeýänini Isa-da aňmajagyny we lukman hem oňa çäre edip bilmejegini duýdurýar we şeýle-de ol ýardan Allahnyň gözleginde bolup, ony tapmaýşy we tä onuň jemalyny gözi bilen göräýmese ýüreginiň ynjalmajagyny berk nygtaýar.

Kelle geldi dergahyňa dat bile,
Nyzam berdiň serhetlere, hatlara.

Bu şygryň manysy bolsa ine şeýle: Bir gün Hezret Alynyň ýanyna bir kelle togalanyp gelýärde: "Ýa Aly meniň dadyma ýetiş diýýär. Ýaňy döw gelip, meniň kellämi kesip, göwrämi bir guýa taşlady" diýýär. Hezret Aly hem 70 metrlik ýüp alyp, şol aýdan guýusyna tarap ugraýar. Ol ýaňky aýdan guýusyna baryp ýüpi sallaýar weli, ýüp guýunuň etegine ýetmeýär. Ahyr ol tähtassere çenli gidýär. Baryp görse döw harlap ýatan, ol derrew baryp döwi öldürip, döwüň köp ýesir eden adamlaryny hem azat edýär.

(dowamy bar)…

© Hajy Myratdurdy GAZY.

Magtymgulyny öwreniş

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle