Magtymgula nezire
Magtymgula nezire
Magtymguly, makul sözdür diýdigiň:
Ynsan ynsan däldir rasty bolmasa.
Kim biler nämede, nädip köýdigiň,
Bir mert ýigdiň bir mert dosty bolmasa.
«Dostuň-a dosty bar» diýýär danalar,
Ynha, ynsan üçin maňyz-däneler,
Älemiň giňligi bir pul sanylar,
Dost köňlünde mähir-yssy bolmasa.
Öz peýdaňy arap dosduň satdygyň,
Bilip goý, öwlüýä kesek atdygyň,
Hem-de at-abraýda bagtyň ýatdygy-
Gepiň düýp mazmuny-asly bolmasa.
Nakyl bar: «birleşip ýuwar el-eli»,
Ine, şuny bir beýiklik bilmeli,
Gözeldir, leýk, kime bolar söýgüli,
Jan alar jilwesi-näzi bolmasa.
Dama-dama köl bolýandyr damja-da,
Ýuwrük ata urulmaýar gamçy-da,
Alabilmez awun awlap awçy-da,
Elde guş, ýanynda tazy bolmasa.
Şygyr adamlaryň gadym ganynda,
Döräp, aýrylmandyr, mydam ýanynda,
Şahyr görülmändir şahyr sanynda,
Ýüreginde iliň sözi bolmasa. Goşgular