|

Madaýyn köşgi

Madaýyn köşgi

MADAÝYN KÖŞGI

Bu äleme, eý, köňül, zyýarat eýle, bak bir-on,
Ybrat gözi bolmasyn, Madony – harap eýwan.

Kepän lebleriňden bir paý bersen meýdanyndan, 
Nemli gözleriňden  ýaş dök, turuzyp nala.

Ötgül ýazygyny, görgül bu hasrat beýenynda,
Gam derýasy gözlerden dökmegiňde derýa kän.

Gör, derýa köpüklemiş, ýa ahyn çar ýan  çawurap,
Lebleň çeti terpenýär, Damakdan uçgun çykýar.

Suwuň otda ýanýanyn, heý barmy eşideniň,
Hasrat ötüpdir bu gün, ýanan jigerňe birowan.

Sen Dazla zekatyn bergin, döküban gözden ýaş, gan,
Deňize berer Dažla baýlyk dola bilmez kän.

Dilde pürkülip ataş, lebler oňa “ah” ursa,
Gider ýarymy yzlap, atar ýarymy wulkan.

Zynjyra düşüp Dažla, zynjyr kimin towlanmyş,
Eýwany Madoýnynyň ýer bilen bolup ýeksan.

Göz ýaşy bile gohy, eýwana sowal beren,
Kalbyňa gulak aýla, derdiňi sözle, eýwan.

Diwarlara diň salyp, taryhyňy diňleseň,
Pendi-nesihat kylgaý, köp pyştdan, kän kowumdan…

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle