| | |

Lourens Blok

Lourens Blok LOURENS BLOK

Lourens Blok

Lourens Blok (iňlisçe: Lawrence Block), 1938-nji ýylyň 24-nji iýunynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Buffalo şäherinde doglan, amerikan ýazyjysydyr. Ol esasan detektiw žanrynda eserleri ýazýar. Onuň iň meşhur romanlary öňki polisiýa işgäri Metýu Skadder bilen asylzada-ogry Berni Rodenbarr hakdadyr. 1994-nji ýylda L.Blok ABŞ-nyň detektiw we jenaýatçylyk romanlary žanrynda ýazýan awtorlaryň guramasynyň (Mystery Writers of America) Baş Ussady (Grand-Masteri) diýlip ykrar edilipdir.
L.Blog 1950-nji ýyllarda ýazan eserlerini, ol tahallus (edebi lakam, psewdonim) bilen neşir etdirip, olar esasan erotiki häsiýetli bolupdyr. Onuň ilkinji çap edilen detektiw eseri 1957-nji ýylda “Manhunt” atly detektiw-başdan geçirmeler žurnalynda onuň öz ady bilen “Siz utulyp bilmersiňiz” atly hekaýadyr. Şondan bärem L.Blok 50-den gowrak detektiw romanlaryny we 100-den köp şu žanrdaky hekaýalary çap etdirdi.
Häzirki wagtda L.Blok Nýu-Ýorkda ýaşaýar, onuň aýaly Linn Blok, öňki aýaly Alison Poulet bilen nikasyndan üç sany gyzy bar. Ol öz aýaly bilen işinden boş wagtlary esasan syýahat edýär. Olar şu wagta çenli 135 ýurtda bolup görüpdirler.

Çeşmesi: https://ru.wikipedia.org/wiki/Блок,_Лоренс. 06.09.2022ý. Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle