Lolular
Lolular

Erkekleriň arasynda loly kän.
Çünki olaň ýodasy kän, ýoly kän.
Işi düşse, enaýy däl heleýden,
Kürsä münse habar berýär
Çingiz handan, Tüleýden…
Içiň döküp bir gep diýseň,
Gepiň ýelden çalt gider.
Kürsüden gaýdan günüň,
Ýakyn gider, ýat gider.
Malyň-mülküň bolmasa,
Abraý gider, at gider.
Wepadarlyk hakda kasam edeniň,
Ertir senden ýüz öwürip bilýändir.
Nämedendir ýazygyň?
Gum sowuryp bilýändir.
Loly erkekler, loly erkekler,
Towşan ýaly gorkaklar,
Syçan görse ürkekler.
Eger oýnatgy bolsaň,
Dostuňy duşman ederler.
Duşmanyňy dost ederler.
Günäkäri özüňsin,
Geplän gepiň rast ederler.
Ömüriňe kast ederler.
Loly erkekler hakda,
Eýsem kimler ýazmady?
Çörek diýseň getirerler,
Aragyňy ýetirerler.
Gujaklarda götererler.
Garaşmaýan halatyňam
Çukurlara itererler.
Şeýdip niçe set müňüň
Bagtlaryny ýatyrarlar.
“Loly” diýip ýazylan,
Tagmasy ýok ýüzünde.
“Loly erkek” diýilen,
Ýazgysy ýok yzynda.
Bir seretseň ýaranjaňam däl ýaly,
Bir seretseň garanjaňam däl ýaly.
Diýýärler emjegi kyrk,
Mämeleri kän ýaly.
Häsiýetine belet sen,
Häsiýetine belet men.
-Az-diýdiler-başaşak
Goýberseňem Erekden.
Bu gep asla telek däl,
Ah, loly erkekler,
Sizler kime gerek däl?!
Kem däl-ä siz melekden,
Nalamaň-a pelekden.
Loly erkekler, loly erkekler,
Gepiň keltesi—messebi ýoklar…
Siz owadan, siz betnyşan,
Näz edip bilýärsiňiz.
Gam-gussada oturany
Ýaz edip bilýärsiňiz.
Ýalandan gülýärsiňiz,
Ýanandan bolýarsyňyz.
“Dostuňyzyň” dostuny
Halandan bolýarsyňyz.
“Dostuňyzyň” duşmanyny
Tanandan bolýarsyňyz.
Tanap bolýar biriňizi birbada,
Biriňizi tanap bilmez Huda-da.
Sizi “ýeňdim” diýen ýokdyr hiç mahal.
Sizi alyp bilmez gazapdyr gahar.
Ah, siz, loly erkekler, loly erkekler,
Pyragy aýtmyşlaý, …. erkekler…
06-07.02.2010 ý. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.