Liwan ot içinde
Liwan ot içinde
Liwanly dost, ýanýar liwan topragy,
Ondan däriň ajy ysy kükeýär.
Garry ataň öpüp al-gan topragy,
Maňlaýyna sürtüp, kasam okaýar.
Nebtiň ysyn alyp, çozuşyp gelen —
Aktamyň iberen gajargeldisin
Garşylaýaň liwn güllesi bilen,
Azatlyk ýa ölüm! Edýäň bellisin.
Liwanyň ýolundan gara möý ýaly
Zäherli maşynlar süýşüp barýarlar.
Olar seniň dik başyňy ýaý ýaly
Egmek üçin üýşüp-üýşüp barýarlar.
Seret, näme diýýär, syrtardyp dişin
Amrikanyň ýaňra harby jenaby*:
«Ýazarys, Liwana düşürip goşun,
Watan taryhyna täze bir baby».
Hawa, Amerikanyň taryhynda ol
Gara möhür bolup, müdirmi galar.
Emma ol täze däl, gaty kän ozal
Şeýle sahypalar, şeýle gowgalar.
Koreýa düzünde gan akan wagty,
Dünýä şol sahypaň birin okady…
Ýok, galňamaz beýle taryhyň gaty,
Biz goýarys oňa soňky nokady.
Gulçulyk döwrüniň çüýrän nogtasyn
Olar seň başyňa saljak bolýarlar.
Yragyň nebtini, yrak pagtasyn,
Seniň üstüň bilen aljak bolýarlar.
Biz bile urarys garakçy ýady,
Gadymy dostumsyň, köne şepesiň.
Bermeris biz oda gözel Bagdady —
Wasp eden şäherin Mollanapesiň.
Krylowyň gülen Žužuwy ýaly,
Jenabyna guýrugyny bulaýan
Şamunlar toparynyň gowşady saly,
Dynar dönüklerden, azat bor Liwan.
saňa uzan duşman topunyň nili
Döwüler, kül bolar, tapmaz deregin.
Seniň tarapyňda sowetler ili,
dagdan arkaň bardyr, daşdan ýüregiň.
Mämmet SEÝIDOW.
* Amerikanyñ harby-deñiz güýçleriniñ ştabynyñ naçalnigi Berk polkownik Hedduwa iberen telegrammasynda şeýle ýazýar.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 1958 ý. Goşgular