|

Leniniñ syýasaty

Leniniñ syýasaty LENINIÑ SYÝASATY

Asuda oturan iliñ
Üstüne duşman öwürse top nilin,
Depelese bossanyny,
Hem otlasa dessanyny,
Sepelese ol harteçjal
Diñe ajal, diñe ajal
Şonda «Eliñi çek» diýip bilýän
Bir ýurt bar. Bar onuñ bir syýasaty.

Ýyl gurak gelip birden,
Hasyl önmese ýerden,
Şonda desserhanyndan
Gyýylman hem gynanman
Bölüşip bilýän
Bir ýurt bar. Bar onuñ bir syýasaty.

Ilat bary öý-öwzarsyz galanda,
Ene nalaç elin serip nalanda,
Ýürekleriñ awusyny azaldyp,
Alys ýoldan gollaryny uzadyp,
Ýüreklere mydam şatlyk paýlaýan
Bir ýurt bar. Bar onuñ bir syýasaty.

Hasratyña hasrat goşmaly dälkä,
Dogan Aý bimahal ýaşmaly dälkä,
Asuda şemala bugdaý ygşyldap,
Berýozañ aýdymy ýañlanmalyka,
Deñiz tolkunlary ursa pagşyldap,
Ähli oñat zatlar oñlanmalyka,
Bu giñ jahanda
Bilýän, gaýtalanar ähli dahanda
Ol ýurduñ ady
Hem oñ adalatly bir syýasaty!

Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle