Leniniň muzeýi
Leniniň muzeýi
Leniniň muzeýi –
Leniniň öýi
Bütin Dünýä dartylmasy mysaly.
Gedalygna, şalygyna garaman,
Adamzat kowmuny dartýar mazaly.
Materikleň, meridianlaň hemmesin
Söküp, oň üstüne okean, deňizi…
Lenin üçin nobata dur adamlar,
Olaryň dili del,
Hatda del ýüzi.
Deň däl düşünjesi ol adamlaryň,
Deň bolmaýşy ýaly materikleriň.
Şonda-da Lenine ymtylýar olar,
Ýere ymtylýan bir meteorit deýin.
Ine, şol dumanly Londondan gelen
Bir hanum näz bilen dişläp lebini,
Agaýana synlaýar bir suraty –
Mähir bilen gözün süzýän Lenini.
Oň görmekçi bu sadaja muzeýde
Nikolaý paşadan galan ak tagty.
Tagtam ýok, täjem ýok, altyn-zerem ýok,
Lenin bolsa Gün deý saçyp dur ýagty.
Ony haýran edýär beýik Leniniň
Tagty inkär eden täçsiz şalygy.
Pariždäki Luwr muzeýi ýaly
Ol görmekçi çenden aşa baýlygy.
A Leniniň muzeýinde
Ok geçen köne palto.
Bir laý köwüş,
Bir laý papak,
Bar bolany ana şo…
Oňa derek şol muzeýde
“Awroranyň” gohy bar.
Işçileriň güýçli goly,
Rewolýusiýaň ruhy bar.
Oňa derek şol muzeýde
Ýaşaýyşyň çäji bar.
Bütin dünýäni sarsdyran
Ulýanowyň güýji bar. Goşgular