|

Leniniñ diriligi

Leniniñ diriligi LENINIÑ DIRILIGI

Çary aganyñ aýdanlaryndan

«Näçe gezek boldum Moskwada men,
Onmuka ýa on bäşmikä, bilmedim.
Ýene Aşgabatdan uçýaryn ertir,
Samolýota alyngy meñ biletim.

Näçe gezek boldum Moswkada men,
Men Lenini görmekçidim her ýola.
Nobatyndan çekinmedim sähelçe
Mawzoleýe barýan uzyn mähelläñ…

Ynanýanym üçin diriligine.
Ynanamok onuñ ýoklugyna men.
Bu ynammy hiç kes üýtgedip bilmez —
Ynanşym deý garyñ aklygyna meñ.

Ölen däldir Lenin, ol bolup bilmez,
Aýlanyp ýörendir daşymyzda ol.
Şeýle diýmeklige esas berip dur,
Öwreden pähimi başymyzda oñ.

Belki-de Çilide rewolýusiýany,
Galkyndyryp ýörendir ol täzeden.
Belki owgan daýhanlarna şu günler
Ýer bölüp berýändir geljek ýaza çen.

Belki Liwandadyr. Goramak gerek,
Oña ok degmegi mümkin ahyry.
Nirede-de bolsa soralyñ ony,
Özümizden geçip goralyñ ony,

Belki Kremlde diñläp durandyr
Sowet Soýuzynyñ beýik Gimnini.
Ýa-da Baýkal-Amur magristralyn
Aýlanyp ýörendir işçi geýminde.

Belki hut özüniñ ady dakylan
Türkmen kanalynyñ uza boýunda»
Diýip, Çary aga beýik Lenini
Ýaşadyp ýör hyýalynda, oýunda.

…Näçe gezek boldy Moskwada ol,
Bir zady hiç boýun alyp bilmeýär:
Ynanmaýar Leniniñ ölümine ol,
Ynanýany üçin diriligine.

Şadurdy ÇARYGULYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle