Lenin obamda
Lenin obamda
Ýüzünde Leniniň suraty bolan
Owadan nyşana mähirli bakdym.
Jigim dilän çagy, ýuwaşlyk bilen
Serdaryň suratyn döşüne dakdym.
— Lenin! Lenin! — diýdi, bir az daýanyp,
Soňra ylgap hemmelere görkezdi.
Göwnüme şu demde Lenin oýanyp,
Jigim bilen bütin obany gezdi.
Nazar GULLAÝEW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 1958 ý. Goşgular