Lapetmeşekler
Lapetmeşekler

• BIZIÑ DÜÝÄMIZ
— Düýe diýip, biziň düýä diýäýseň,
Başy gökde bulutlary bekleýär.
Çaly bilen diňe biziň oba däl,
Hatda goňşy obany hem ekleýär!
— Düýe diýip, biziň düýä diýäýseň,
Ýüňüni ýapynýas, hem eşik geýýäs!
Bir aýlap gyrkybam gutaryp bilmän,
Özümiz surnugyp, özümiz goýýas!
— Düýe diýip, biziň düýä diýäýseň,
Üstünde obamyz ýerleşen depe —
Biziň çöküp ýatan düýämizdir şol,
Gerek wagty göçüp gidýäris, çepe!

• BIZIŇ HORAZYMYZ
— Biziň horazymyz horaz dagy däl,
Gygyrsa, owazy gulagňy gapjak!
Ganatyny gerse, saýawan bolup,
Hersi bir obanyň üstüni ýapjak!
— Biziň horazymyz horaz dagy däl,
Münseňem göterjek bedewe derek!
Gaçyp galan ýelegini ýükleseň,
Düýeleriň bili çatlasa gerek!
— Biziň horazymyz horaz dagy däl,
Ynam edeňokmy, çyk-da daşary,
Synla horazmyzyň äpet guýrugyn —
Al-ýaşyl öwüsýän älemgoşary!

• MENIŇ BIR JÜWIM BAR
— Meniň bir jüwim bar, gowuja jüwim,
Tapýan ondan ähli iýjek zadymy.
Şonuň üçin göterýärin ýanymda
Ol ullakan azyk skladymy!
— Meniň bir jüwim bar, gowuja jüwim,
Jübüleriň mekdebine gatnaýar.
Tämiz gezýär, mydam "bäşlik" okaýar,
Jübüsine hapa-hupa atmaýar!
— Meniň bir jübim bar, gowuja jübim,
Örän çuň ol, ýöne öwüp ýöremok.
Bir ýyl bäri elim sokýanam bolsam,
Heniz aňyrsyna ýetip göremok!

• BIZIŇ ÖKÜZIMIZ
— Biziň öküzimiz öküzleň zory,
Burnundan syçran ot tokaýy ýakjak!
Bardy-geldi parowozy döwläýse,
Otlyny emgenmän bir özi çekjek!
— Biziň öküzimiz öküzleň zory,
Suwsan wagty sokga sorjak derýany!
Biz obada şahlarynyň bir ujy,
Siz obada şahlarynyň bir ýany!
— Biziň öküzimiz öküzleň zory,
Zynjyr ýok dünýäde ony baglara!
Bir süsende dinozawry tükgertjek,
Bir süsende çat açdyrjak daglara! Çagalar edebiýaty