Laçyngöz (Hekaýa)
Witaliý WASILÝEWSKIÝ,
rus ýazyjysy
Müň dokuz ýüz kyrk altynjy ýylyň güýzi howurly geldi. Meýdan otlary, agaçlaryň ýapraklary solup, toprakda egrem-bugram jaýryklar emele geldi. Tokaýçy Panteleý Şahtoma — tokaýçylaryň edara jaýyna barýardy. Onuň arkasynda agyr goşhaltasy, egninde bolsa goşa nilli köne aw tüpeňi bardy.
Ol Aýy meýdançasyna çykandan soň, aýaklaryna dynç bermek isledi.
Osina tokaýlygynda gaty ses bilen gara daşdeşen saýraýardy, wagtal-wagtal gök ganatly soýkalar ( Soýka — serçeler maşgalasyndan bolan tokaý guşy.) jürküldeşýärdi. Otuň üstünden çalymtyl-mor reňkli tokaý syçany ylgap geçdi. Harasadyň ýykan bagyna dyrmaşyp çykanda, onuň akja garny Panteleýiň gözüne ildi.
Tokaýçydan o diýen uzak bolmadyk aradaşlykda, pyntyk agajynyň guran pudagynda gyzyl sapak sallanyp durdy. Töwerekde imisalalyk höküm sürensoň, sapak sarsaýynam diýenokdy. Panteleý sapagy eline alyp, ony ünsli synlady — ýüpek sapakdy…
Bärsi diýseň çolady, ýoldan we awçy ýodalaryndan uzakdady.
Şu ýerlerden geologlaryň geçýändigini serhet galasynda Panteleýe duýdurypdylar. Her niçik-de bolsa, ol ätiýaçlygy elden bermek islemän gijelerine ot görse hökman baryp, adamlaryň resminamalaryny barlardy.
Bu ýerden adam geçipdir.
Panteleý topragyň ýüzünde galan insizje aýak yzlaryny synlap, olaryň aýal maşgala degişlidigine düşündi. Ol bu ýerden ýaňyrak geçen borly, çünki onuň depelän ýapraklaryna heniz çaň siňip ýetişmändir, şonuň üçinem olar beýleki ýapraklara garanda açygrak reňkdedi.
Panteleý yz çalyp demirgazyga, Sugun çeşmesine tarap ýöneldi. Birsalymdan ol malinanyň şahalarynda asylyp duran ýene bir gyzyl sapaga gabat geldi. Malina agajy aýak yzynyň iki ädim beýlerägindedi. Diýmek, aýal birneme yraň atypdyr, ol ýadaw bolmaly…
Panteleý ädimini ýygjamlatdy. Ol ýarym sagatdan Sugun çeşmesini kesip geçýän äpet ullakan daş üýşmeklerine baryp ýetdi. Suwuň ortarasyndaky daşy suw basypdyr. Onuň garalyp giden böwri ýaldyrap durdy. Ol yssydan goranmak üçin çeşmede gizlenip ýatan ýabany ýekegapana çalym edýärdi.
Kenarda egni gyzyl köýnekli bir gyz ýaşyl gara harsaňa bürenen daşa arkasyny berip otyrdy. Onuň ýasy çekgeli, sary gözli tegelek ýüzi ýadaw görünýärdi.
Panteleý goşa nilini elinde pugta gysyp durşuna gury şahalary ädigi bilen basyşdyryp, kenara çykdy, soňra ýuwaşja, ýöne azmly sesi bilen:
— Salam, ýoldaş! Ugur hanjak? — diýip sorady.
Geň ýeri, gyz aljyramady, gaýtam, alňasaman bärsine öwrüldi-de, dykgat bilen Panteleýe seretdi. Onuň duýdansyz duşuşyklara öwrendeklidigi mese-mälimdi. Panteleý onuň ýakynragyna baryp:
— Kim bolarsyň? — diýip sorady.
— Geolog. Ongudaýa barýan.
Onuň dyzlarynyň üstünde sapança bardy. Nakysjadan kuwwatly elleri bilen onuň üstüni çalarak ýapyp durdy. Gyzyň Güne ýanyp, garalyp giden bedeninde ýara yzlary agaryp görünýärdi.
— Ýalan aýtma — diýip, Panteleý onuň sapançasyna şübheli garady. — Taýgaň jümmüşine ýeke özüň barýaňmy? Başlygyňa kim diýerler? Ol ýaş gyzy taýga neneň goýberdi?
— Meň özüm gaýtdym.
— Beýle bolsa, resminamalaryňy görkez.
Onuň şahsyýetnamasyny görüp ynjalyk tapan Panteleý, ony yzyna gaýtaryp durşuna:
— Başlyk Nikolaýenkonyň goly maňa mälim — diýdi. — Menem tokaýçy, isleseň, birek-birege ynanar ýaly şahsyýetnamamy görkezeýin.
— Men gyssanýan. Tizden-tiz Ongudaýa barmaly. O ýere daşlaryň nusgalaryny eltmeli. Işçileri Gara köle ýollamaly. Biz gyşa deňeç gözleglerimizi tamamlamaly.
— Säher bilen daglar göm-gök bolup görünýär, diýmek, gyşa çenli wagt kän.
— Siz Gara kölde bolup gördüňizmi?
— Men ähli ýerde boldum — diýip, Panteleý hondanbärsiräp jogap berdi. — Habarowskide-de boldum… Ýogsa-da, seň adyň näme?
— Anýuta.
Panteleý oňa Anýuta diýip ýüzlenip biljek däldi, beýtmek edepsizlik boljakdy.
— Ataň adyny aýtsana!
— Anna Sergeýewna.
— Anna Sergeýewna, birsalym dynç alaly. Ot ýakaýyn. Seň azyk-owkadyň barmy?
Gyz oňa bir gysym kakadylan çörek görkezende, tokaýçy sokduryp sygyryp goýberdi:
— Bujagaz bilen uzaga gitmersiň! Aýaklaňda-da ysgyn-mydar galan däldir…
— Men bahym Ongudaýda bolmaly — diýip, Anna Sergeýewna şol bir sözlerini gaýtalady.
— Saňa ýolbeletlik ederdim welin, beýdip biljek däl. Bagyşla! — diýip, Panteleý müýnli gepledi. — Başlyga şenbe güni dolanyp barjagyma söz berdim. — Birdenkä onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. — Anna Sergeýewna, ýör, Şahtoma gideli! O ýerde dynjyňyzy alarsyňyz.
— Şahtoma uzakdamy?
— Ýok. Bary-ýogy iki günlük ýol. Şenbe güni bararys.
Ol oduň başynda çommalyp otyrdy. Onuň galyň dodaklary pişge ýaly murtunyň astynda çala gymyldaýardy.
— Demiňi-dynjyňy alarsyň, aýagyňy bejerdersiň. Soňra seni Ongudaýa elterin. Başlyk rugsat berer…
Anna Sergeýewna otuň üstünde gyşardy. Ol sürçegi çykan aýakgabyny we jorabyny çykaryp, çäksiz maza bilen aýaklaryny uzatdy.
Onuň dabanyndaky ganjaryp duran sypjyryklara gözi düşen Panteleý:
— Wah-wah, gyzym — diýip, uludan demini aldy. — Taýgada syýahat etmegi başarmaýan ekeniň.
Ol tokaýyň içinden gülleri solgunlaşan bogunly oty tapdy-da, onuň ýogyndan şireli köküni köwläp aldy we owunjak edip bölüşdirdi. Ony gyzyň sypjyrylan dabanyna ýapansoň, arassa mata bilen pugta sarady.
— Sowugam bolsa peýdalydyr.
Ol goşhaltasyndan gaýnadylan towuk, çörek we gant çykardy. Açdygy görnüp duranam bolsa, Anna Sergeýewnanyň alňasaman garbanyşy, dyzlarynyň üstüne düşen nan owuntyklaryny ýere gaçyrman, gysymyna ýygnaýşy tokaýçynyň hoşuna geldi.
Oňa seredip oturyşyna Panteleý uly gyzy Mariýany ýatlady.
Mariýa hem şonuň ýaly berk bedenli, garaýagyzdan alýaňak we ýüzüniň çekge süňkleri sömelip duran gyzdy. Ol Habarowskiniň mugallymçylyk institutynda okap, uçarman ýigide durmuşa çykypdy, uruşdan soňam adamsy bilen Sahaline göçüpdi. Ýazda Panteleý uly gözli, tokarja aýajykly agtyjagynyň suratyny alypdy.
— Taýgada gezmek gorkulymy?
— Ýok-la, nämeden gorkaýyn.
Şeý diýip, Anna Sergeýewna dymdy, birsalymdanam başyny bir silkip aldy-da:
— Men kimi aldaýan-a, gaty gorkýan, aýratynam gijelerine. Uzaklara ýaňlanyp gidensoň, üsgürmäge-de çekinýäň.
— Taýga dymma adamyny halaýar — diýip, Panteleý ynamly gepledi — Siz Gara kölden nähili daşlary tapdyňyz?
Ol Anna Sergeýewnanyň oýa batanyny görüp, dessine sözüniň üstüni ýetirdi:
— Eger gizlin bolsa aýtmaň. Siziň döwlet syryny saklamalydygyňyzy bilýän.
— Hawa, gowusy aýtmaýyn.
— Gaty dogry, menem döwlet gullugynda. Indi iş bilen Taýga gelýän gyzlaram köpelipdir. Olaryň ýek-ýarymy gözsüz batyr. Ötegçi kooperatorlaryň biri maňa gözleg-agtaryş işi bilen meşgullanýan bir gyz barada gürrüň berdi. Ol senden has deşli bolsa gerek. Gaty güýçli gyzmyş, agramy sekiz put dagy barmyş, hamyna syganokmyş. Ýeriň astynda busup ýatan seýrek daşlary hem üç arçyn aradaşlykdan görýärmiş. Şol sebäplem adyna Laçyn Göz diýýäler.
Anna Sergeýewna Panteleýe geň galyp seretdi:
— Laçyn Gözmi?
Onuň sowalyna keýpi göterilen Panteleý:
— Senem eşitdiňmi? — diýip sorady. — Ol zenan tutuş Sibire belli!
— Eý, Hudaý! — diýip, Anna Sergeýewna birgeňsi ýylgyrdy we otuň üstünde jaýlaşykly oturyp, Panteleýi üns bilen diňlemäge durdy.
— Hamala diýersiň, tomus günleri az zähmet çeken ýaly, öňňilki ýylyň gyşynda, şatlama aýazda Laçyn Göz geologlar topary bilen taýga gelipdir. Gyşda olar derýanyň buzuny deşip, suwy doňdurýarlar, soňra-da şurflary ( Şurf — magdan gözleginde çuň bolmadyk dik ýa-da ýapgyt gazylan çukur.) gazýarlar…
Anna Sergeýewna:
— Şeýtseň amatly bolýar — diýdi.
— Ýok, men başga zat diýjek bolýan. Tomusda bent gurulsa gowy boljak, ýöne urşam gidip dur, işsiz adamlary nireden tapjak… Gürrüň bu barada däl. Bir ýola Laçyn Göz lyžaly şähere gidýär. Ol işlerini tamamlap, yzyna dolanmakçy bolýar. Ony uly brigadiriň aýaly gözläp tapýar-da, geologlaryň ýanyna äkitmegi haýyş edýär. Ony nirä äkitmelidir öýdýäňiz? Göni taýga gitmeli. Ýolam ýüz çakrymdanam uzak. Laçyn Göz aýaly bilen perzendi ýanynda bolsa brigadiriň has önjeýli işlejegi hakynda pikir edýär-de, Raýsowetden at alyp, ýola düşýär. Ýoluň birinji güni asuda geçýär. Ikinji gün welin, birden howa bulaşyp, turýar bir harasat. Şuwwuldyly şemal syrgyna sepleşýär. Brigadiriň aýaly: «Sen meniňem, gyzymyňam başyna ýetdiň!» diýip gygyryberýär. Laçyn Gözüň: «Özüň gitjek diýmediňmi» diýip, al-petinden alsa-da haky bar, ýöne ol dilini dişläp, parahatlyk bilen: «Sen maňa bil baglap bilersiň» diýýär. Ýöne ol nämä bil baglasyn? Atyň gözüne çenli gar, syrgyndan ýaňa daş-töwerekde hiç zat görnenok. Brigadiriň aýalyny ysytma tutup, onuň endamy sowap ugraýar. Laçyn Göz ony köşeşdirmek üçin: «Ýüregim syzýar, oba şu golaýda bolmaly» diýýär. Oň gözleri şeýlebir ýiti welin, syrgyn wagtam bir çakrym öňüni görüp bilýär.
— Bu waka Gyzgyn Çeşmäň golaýynda bolupmydy? Obada onuň biraz sagragynda, oýlukda ýerleşýär dälmi? — diýip, Anna Sergeýewna sorady.
— Sözümi bölme-de, aýdýanlaryma gulak as! — diýip, Panteleý buýruk beriji äheňde aýtdy. — Bu wakany maňa ötegçi kooperator gürrüň berdi, oňa bolsa Şahtomadaky inžener aýdypdyr… Laçyn Göz gar arabada oturan brigadiriň aýalynyň üstüne possunyny atýar-da, çagany eline alyp, galyň garyň içi bilen ýöräp gidiberýär. Anna Sergeýewna, onuň ýerinde sen bolanlygyňda, gara gömlüp galardyň. Ýöne Laçyn Gözüň eginleridir döşi, ynha, şunuň ýalymyş — diýip, Panteleý ellerini giňden açyp görkezdi. — Ýaman ýeri, bir möjek bularyň ysyny alyp, söbügine münýär. Emma Laçyn Göz aljyraman-etmän çagany garyň üstünde goýýar-da, möjegiň bokurdagyna ýapyşyp, ony edil güjük ýaly bogup öldürýär. Edil güjük bogan ýaly — diýip, Panteleý dabaraly gaýtalady. — Ol ýarygije oba baryp ýetýär-de, adamlary örüzýär. Erkek kişiler azaşmaz ýaly, billerine ýüp baglap, lyžaly taýga tarap ýola düşýärler… Ir bilen brigadir gözi ýaşly halda Laçyn Göze şeýle diýýär: «Siz meň aýalymy, eziz gyzymy halas etdiňiz. Şeýle edermenligiňiz üçin siz orden bilen sylaglanmaly. Men Mihail Iwanowiç Kalinine hat ýazjak». Ony, hakykatdanam,
sylaglamakçy bolupdyrlar — diýip, Panteleý pyşyrdap gepledi. — Ýöne tapyp bilmändirler. Ýazda Laçyn Göz haýsydyr bir daşlary gözlemek üçin Ýeniseýe gidipdir. Hawa, anyk bir ýaşaýan ýeri bolmaýan adama orden berip bolmaýandygyny özüň bilýänsiň. Hawa, Laçyn Göz häli-häzirem taýgada aýlanyp ýör, onuň bäş sany geologlar topary bar. Ol şolara ýolbaşçylyk edýär. Onuň gazmaly diýen ýerinden, hakykatdanam, magdan ýa-da seýrek duş gelýän daşlar tapylýarmyş…
— Panteleý Timofeýewiç, siz erteki otarýaňyz öýdýän.
— Bu erteki däl, hakykat! — diýip, Panteleý ganygyzgyn gepledi. — Maňa Laçyn Göz hakda ötegçi kooperator gürrüň berdi, ol juda epeý adam, ondan ýalan söz çykmaz…
— Bu aýdýanlaryňyz erteki, Panteleý Timofeýewiç, erteki.
Gaharyna zordan bäs gelen Panteleý:
— Goýsana! — diýdi. — Maňa ynanaý, men diýseň akýürekli adam, hiç haçan hiç kimi aldamadym. Men Laçyn Gözüň hakyky adynam bilýän. Aýdaýynmy?
— Aýdyň hany.
Panteleý ýüzüni çytyp, murtuny towlady-da, bilýän üýtgeşik atlarynyň birini aýdyp goýberdi:
— Kleopatra!
— Baý-bä! Wah, içim gyryldy-la! — diýip, Anna Sergeýewna otuň üstünde ýüzin ýatyp, aýalary bilen ýüzüni ýapyp, gülüp kese ýykyldy.
Öýkelejek ýaly eden Panteleý çaltlyk bilen ýerinden turdy-da, gazanyny alyp, çeşmä ýöneldi.
Tumşugyny ýokary galdyryp, suw alakasy ýüzüp barýardy. Iki sany teneçir Günüň ýagtysyna al-ýaşyl ganatlaryny älemgoşar kimin ýaldyradyşyp uçup barýardylar.
Çeşmäniň boýunda oturmak Panteleýe çäksiz lezzet berdi.
Ol Anna Sergeýewnanyň hem örän dogumly gyzdygy barada oýlandy, ýeke özi Ongudaýa gitmekden çekinmän, tokaýyň içi bilen segsen kilometr ýol aşypdyr. Garga gaýasynyň aňyrsyndan awçy ýodasyna çykdy diýeli, Gazaply obasyndan tekiz ýol başlanýar, onsoň Anna Sergeýewnany magdan känlerinden dolanyp gelýän ýük ulaglary alyp gider.
Panteleý şenbe güni Şahtoma baryp, bugly hammama girjegini, agşam bolsa kooperatiw çaýhanasynda awçylara, altyn gözleýjilere we tokaýçylara, garaz, ähli tanşyna tokaýda Anna Sergeýewna atly batyrgaý gyza gabat gelşi barada gürrüň berjekdigini hyýalyna getirdi.
— Wagt boldy!
Anna Sergeýewna depejigiň golaýynda gyzyl köýneginiň iliklerini ildirip durdy. Panteleýiň onuň ellerindäki ýara yzlaryna ýene bir gezek gözi düşdi. Ol birdenkä: «Eýsem, bu şol bolaýmasyn?» diýip oýlandy.
— Gider wagty boldy — diýip, Anna Sergeýewna sabyrsyzlyk bilen aýtdy.
— Seniň özdiýenlidigiňi, razylaşjak gümanyň ýok. Garaz, işli adam-da. Gidiber…
Panteleý oňa bir tegelek çörek, gaplanan et hemem bir uly bölek ýag kesip berdi.
Anna Sergeýewna her näçe boýun gaçyrjak bolsa-da, tokaýçy azyklary onuň goş haltasyna saldy.
— Garga gaýasynyň ýanynda öýjagaz bardyr, gijäni şonda geçirersiň.
— Bilýän, bilýän!
— Sen diňe ýoly bilýäň, men bolsa tutuş taýga belet — diýip, Panteleý gaharly gürledi. — Birden ýodajykdan çykaýsaň, Garga gaýasynyň aňyrsynda batgalyk bardyr, ondan derýanyň boýy bilen aýlanyp geçseň, göni demirgazyga tarap ýol bardyr.
Olar çeşmeden sag-aman geçip, depä çykdylar.
Anna Sergeýewna Panteleýiň çapyp beren taýagyna söýenip, öňe ynamly gadam urdy.
— Sag boluň, Panteleý Timofeýewiç! Belki, ýene görşeris!
— Bu näme diýdigiň boldy?! Hökman görşeris!
— Beren azyklaryňyz üçin soň hasaplaşarys.
— Biziň aramyzda hasap-hesip bolmaz, men täjir däl.
— Diýmek, Laçyn Göz has dogumly-da?
— Dogumly, dogumly! — diýip, Panteleý mähirli ýylgyrdy. — Ýeri, bolýar…
— Sag boluň, Panteleý Timofeýewiç!
— Sag boluň, Anna Sergeýewna!
Ol hormat bilen gyzyň elini gysdy we gyzyl köýnegi tä ýapraklaryň arasynda gözden gaýyp bolýança, uzak wagtlap arkasyndan seredip durdy.
Soňra ýerde ýatan goşhaltasyny göterip, tokaýyň içi bilen gündogara tarap ýöredi.
Iki sagatdan Panteleý baýra çykdy. Häzir tutuş Rubsow jülgesi onuň eliniň aýasynda ýaly görünýärdi. Dereden öwüsýän sergin şemal ýaşajyk agaçlaryň kümüşsöw depelerini yrgyldadyp, osina tokaýynda şuwlaýardy. Osina agaçlarynyň tolkun atýan ýapraklary öz başlangyjyny çuň köwekden alyp, jülgäniň içi bilen demirgazyga, Anna Sergeýewnanyň yzy bilen Ongudaýa tarap akyp barýan kümüşsöw çeşmä çalym edýärdi.
Rus dilinden terjime eden Myrat GOŞLYÝEW