Kyýamata goýlan goşgy
Kyýamata goýlan goşgy

Aňýan, durmarsyň sen aýtman,
Hiç neneňem görmänligiň.
Mümkin aýdarsyňam hökman,
Kän görşübem ýörmänligiň.
Diýäýmegňem mümkin hatda,
Duşan çagyň kä öňüňde,
Tolgunyp duruşym hakda.
Başga zadam diýmersiňem,
Ne ýamandan, ne ýagşydan,
Soralanda men barada,
Kyýamat güni goňşudan.
Diýerin hem menem, belki,
Seni juda halanlygym.
Hakym bolman, etmän erki,
Ne özüňe, ne-de özgä
Bu hakda dil ýaranlygym.
Diýerin: — orta, görmegeý,
Asylly, ajap zenandy.
Ady kalbymda senamdy.
Ömrüm ötdi hyýalynda,
Nätjek, bardy aýalym-da.
Zadam diýmen, başga şundan,
Soralanda sen barada,
Kyýamat güni goňşudan.
Bilmenem, sen bilen bagly,
Buda geň-taň söýgimidi?!
Oý-pikirim dumanladan,
Ýa gaýgyly duýgymydy?!
Durmuşymda yz-a goýdy.
Näme diýrkäm, nämedi bi —
Ömrümiň salyn gowşadan?!
Soralanda geň görmäwer,
Kyýamat güni, goňşudan!
2011 ý. Goşgular