|

Kysasyl enbiýa -5: Perişdeleriň Allatagalanyň emrine boýun sunman, günäkär bolmaklarynyň beýany

Kysasyl enbiýa -5: Perişdeleriň Allatagalanyň emrine boýun sunman, günäkär bolmaklarynyň beýany ÜÇÜNJI PASYL

Kysasyl enbiýa -5: Perişdeleriň Allatagalanyň emrine boýun sunman, günäkär bolmaklarynyň beýany

PERIŞDELERIŇ ALLATAGALANYŇ EMRINE BOÝUN SUNMAN, GÜNÄKÄR BOLMAKLARYNYŇ BEÝANY

Bir wagt gelip ýetdi. Ol wagtda perişdeleriň käbirleri bendediklerini unutdylar we günä işlere ýüz urdular. Allatagaladan olara: «Eý, perişdeler! Sizden günä işleri edip, meniň öňümde günäkär bolanlar, günälerine puşman bolup toba etseler, men olary günälerinden päklärin» di‎ýen owaz geldi. Perişdeler: «Eý, Taňrymyz! Biz ýalňyşyp günäkärlerden bolduk» diýdiler.
Musannif (goý, Allatagala oňa rehmet etsin!) şeýle nazm aýtdy:

Toba otdur, barça günäler odun,
Oda odun düşse, galarmy bütin?

Perişdeler: «Bu nesibe soň olara bolarmy, ýa-da bize?» diýip, günälerinden dändiler.
Buzurg alymlar şeile beýt aýdypdyrlar:

Diliňni taýa tut, dişiň synmasyn,
Bu duran halaýyk saňa gülmesin.

Köp kişiler bendidiklerini unutmaklary sebäpli günäkär boldular. Musa alaýhyssalam birnäçe gezek Allatagala bilen sözleşdi. Ol hem bendeligini unudyp, asy boldy. Ol günäsinden toba etmek bilen halas boldy. Hezreti Nuh alaýhyssalam hem unutmak sebäpli günä iş etdi. Ol: «Men oglum bilen hatynymy suwda gark etdirip, asy boldum» di‎ýdi. Ol näçe ýyllar ýyglap toba etdi, şonuň üçin hem oňa Nuh diýip at berdiler. Hezreti Adam ata hem unutmaklyk sebäpli asy boldy. Ol üç ýüz ýyllap: «Eý, biziň belent Taňrymyz! Biz öz janymyza zulum etdik. Eger sen biziň günämizi geçmeseň we bize rehmet etmeseň, elbetde biz heläk bolujylardan bolarys» diýip, ýyglap toba etdi we günälerinden päklendi.
Elkyssa, bu perişdeler günäleriniň şumlugyndan asy bolup, haýran we sergezdan bolup, umydygärlik bilen Kürse baryp, onuň töwereginden aýlanyp, ýetmiş müň gezek ötünç sorap, günäleriniň geçilmegini haýyş etdiler. Ondan soň olar Arşy mejide gelip, oňa togap edip, Allatagala ýalbardylar. Allatagala bularyň ötünçlerini kabul etdi. Allatagalanyň olara rehmeti we şepagaty boldy. Allatagaladan: «Eý, perişdeler! Siz meniň razylygymy dileýärsiňizmi?» di‎ýen owaz geldi. Perişdeler: «Eý, Taňrymyz! Biz biçäreleriň janyna aman berseňiz we bize rehim etseňiz, beren sowalymyz üçin bizi mundan beter ýüzügara etmeseňiz!» di‎ýdiler. Allatagaladan: «Eý, perişdeler! Siz Arşyň astyna baryň. Ol ýerde bir derýa bardyr. Siz şol derýadan täret kylyň» di‎ýen bir owaz geldi. Ol wagt perişdeler täret kylmagyň ugruny bilmeýärdiler. Allatagala: «Siz ýüzüňizi we iki eliňizi tirsegiňiz bilen ýuwuň, başyňyza mesh tartyň, iki aýagyňyzy topugyňyz bilen ýuwuň» di‎ýdi. Perişdeler ýüzlerini ýuwdular, olaryň ýüzi agardy. Olar gollaryny tirsekleri bilen ýuwdular, olaryň gollary agardy. Olar başlaryna mesh tartdylar, olaryň başlary agardy. Olar aýaklaryny topuklary bilen ýuwdular, olaryň aýaklary agardy. Elgaraz, perişdeler päkize boldular. Ondan soň olar täretiň şükranasyna iki rekagat namaz okadylar. Olaryň hemme agzalaryndan garalyk aýryldy. Olar günälerinden halas boldular. Perişdeler Allatagaladan: «Eý, Taňrymyz! Bu rehmeti diňe biziň üçin etdiňizmi? Seniň rehimdarlygyň bizden özgelere hem degişlimi?» diýip soradylar. Allatagaladan: «Men mähribanlygymy we merhemetimi Muhammet pygamberiň ummatyna bagyş ederin. Olar günä edendikleri sebäpli alawda bolarlar. Men onuň pygamber we ýagşy adamdygynyň hatyrasyna olaryň hemme günälerini bagyşlaryn. Her kim maňa şükür edip, iki rekagat namaz okasa, men ol bendeden razy bolaryn» di‎ýen owaz geldi. Allatagala olara ýüzlenip ýene: «Men siziň bilmeýän zatlaryňyzy bilýärin» di‎ýdi. Emma bu ýerde birnäçe many bardyr.
Birinji söz: Allatagala: «Men bilýärin, başga biri bilmeýär» diýdi.
Ikinji söz: «Sizde amal bardyr, emma ylym ýokdur. Siz bir amal kylsaňyz, ony ylymsyz kylýarsyňyz. Emma adamlarda ylym hem bardyr, amal hem bardyr. Ylym bilen edilen amal ylymsyz edilen amaldan ýagşyrakdyr. Adamlar günä edip, onuň yzyndan toba edýärler».
Üçünji söz: «Eý, perişdeler! Men sizi ýaradanymdan soňra, özümiň birnäçe sypatymyň kemalyny size bildirdim. Beýleki bir sypatlarymy size bildirmedim. Olary bilmekligi adamlara goýdum».
Hyradyň piri Hoja Abdylla Ensary: «Allatagala özüni äşgär etmek isledi, şonuň üçin ol Adamy ýaratdy» di‎ýip aýdypdyr.
Dördünji söz: «Eý, perişdeler! Siz hiç bir päsgelçiliksiz tagat-ybadat edýärsiňiz. Meselem, şeýtana uýmaýarsyňyz, hatyna höwesiňiz ýok, perzent hem dost-ýar aladasyny çekmeýärsiňiz. Emma adamlaryň bulara meňzeş dürli päsgelçilikleri bardyr. Şonuň üçin siziň köp tagatyňyzdan olaryň az tagaty maňa ýagşyrakdyr».
Bäşinji söz: «Siz buýsanç bilen tagat edýärsiňiz, olar bolsa ötünç we ýazyk bilen tagat edýärler».
Altynjy söz: «Siziň günäden saklanmagyňyz meniň päklik netijämdendir. Olaryň günä işleri etmekden gorkmaklary meniň rehmetimiň äşgär bolmagyndandyr».
Ýedinji söz: «Siz olaryň aýyplaryny gördüňiz, emma özüňiziň aýyplaryňyzy görmediňiz. Siz özüňiziň tesbihu-tehlilleriňizi kemsiz bildiňiz. Olaryň tagatu-ybadatdaky aýyplaryny bildiňiz. Özüňiziň tagatu-ybadatyňyzdaky aýyplaryňyzy bilmediňiz. Olaryň günälerini maňa aýdýarsyňyz, emma meniň günä geçýändigimi aýtmaýarsyňyz. Siz olaryň dogry ýoldan azaşmaklaryny bildiňiz, emma olaryň yrfanyny bilmediňiz. Olaryň nebis isleglerini bildiňiz, emma olaryň maňa bildirýän yşgu-muhabbetini bilmediňiz. Siz maňa edýän dostluklaryňyzy bildiňiz, emma meniň olara edýän dostlugymy bilmediňiz. Eý, perişdeler! Eger kabul etmesem, eden ybadatyňyzdan size näme peýda bar? Men azap bermesem, olaryň günälerinden size näme zyýan bar?» Perişdeler: «Eý, Taňrymyz! Munça ýazgarar ýaly biziň günämiz nämedir? Adama dünýäniň soltanlygyny berer ýaly, onuň işi nämedir?» di‎ýdiler. Allatagaladan: «Eý, perişdeler! Siz ýokarky älemde Maňa tesbih aýdardyňyz. Olar pany dünýäde namaz okap, maňa ýalbararlar» diýen bir owaz geldi. Onsoň perişdeler ümsüm boldular. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle