| |

Kysasyl enbiýa -11: Adam ata-How enäniň şeýtanyň delalaty bilen jennetden çykarylmagynyň beýany

Kysasyl enbiýa -11: Adam ata-How enäniň şeýtanyň delalaty bilen jennetden çykarylmagynyň beýany DOKUZYNJY PASYL

Kysasyl enbiýa -11: Adam ata-How enäniň şeýtanyň delalaty bilen jennetden çykarylmagynyň beýany

HEZRETI ADAMYŇ WE HEZRETI HOWANYŇ ŞEÝTANYŇ DELALATY BILEN BUGDAÝ IÝIP, JENNETDEN ÇYKARYLMAGYNYŇ BEÝANY

Perişdeler Adam ata sežde etdiler. Azazyl şeýtan boldy. Perişdeler hezreti Adamy jennete alyp girdiler. Oňa ýetmiş müň hülle geýdirip, tagtda oturtdylar. Onuň başyna keramat täjini geýdirdiler, goluna häkimlik hasasyny berdiler. Onuň hüllesiniň nagşyna: «Lä ilähe illalla, Muhammet resulalla» diýip ýazylgydy. Adam ata tagtyň üstünde oturdy. Onuň arkasynda ýetmiş müň perişde ýagşy salawatlary aýtdylar. Munadylar: «Eý, Mälik Ryzwan! Jennetiň işiklerini açyp goýuň. Hemme jennete bezeg beriň. Bezegleri eýwanlaryň diňleri bilen deň ediň. Hemme daragtlaryň miweleri bişip dursun. Jennetde rehmet şemaly öwsüp dursun. Eý, hüýrler! Özüňizi bezäp duruň. Halylary arassalaň. Baldan şirin, buzdan sowuk, süýtden ak suwlar akyp dursun. Hoş owazly we nagmaly bilbiller ýagşy sesler bilen saýrasyn. Perişdeler bagt tagtynyň gapdalyndan tizlik bilen ýöresinler» di‎ýdiler.

Nazm

Suw saçyňyz ýoluna, kim ýagşy nigär gelgisi,
Mužda beriň, bu bag era buýy bahar gelgisi.

Ýol beriňiz ol ýara, şol miweli çarbaga,
Bir rahy nur ýagşydan görki bahar gelgisi.

Rownak bagymyz içre haşym çyragymyz ýanar,
Gussa kenaryna gider, gözi humar gelgisi.

Ýagşy iseň ki hüýrler, hoş göteriň kusurlar,
Bolsa lebi sururlar, elwan reň lälezar gelgisi.

Nur-zyýaýy älemi hak syrrynyň mähremi,
Läle ýüzünde şebnemi, berki çynar gelgisi.

Buý alyban gülapdan, atry anbar tabyndan,
Saky içip şerabyndan, gözi humar gelgisi.

Elkyssa, perişdeler şatlyk bilen geldiler. Hüýr-u, gulman-u-wildan hemmeleri özlerine zib-u-zynat berip, kabulhana tarap ýörediler. Perişdeler tagty göterip, hezzet-hormat bilen jennetiň işigine alyp geldiler. Allatagala: «Eý, Adam! Men seni gudrat golum bilen ýaratdym. Ruhuňa özümden jan girizdim. Saňa zatlaryň adyny öwretmek bilen keramat görkezdim. Perişdeleri saňa sežde etdirdim. Azazyly seniň üçin şeýtanir-rajym edip, ondan asmanlaryň täjini alyp, oňa towky näleti saldym. Ondan jennetiň hüllelerini alyp, peläket lybasyny geýdirdim. Ol saňa ebedi duşman boldy. Sen hiç haçan onuň sözüne girme. Onuň bilen söhbetdeş bolma. Bir daragt bardyr, onuň adyna Şejeraten memnuga diýilýändir. Sen oňa ýakyn bolma. Özüňi şeýtan şerinden sakla». Hezreti Adam alaýhyssalam bu sözi kabul etdi. Allatagala bu söze perişdeleriň hemmesini güwä etdi. Hezreti Jebraýyl alaýhyssalam ähtnama ýazdy. Ondan soň perişdeler hezreti Adam alaýhyssalamy jennete alyp girdiler. Perişdeleriň hemmesi ýagşy salawatlary aýtdylar. Olar Adam ata köp tagzym etdiler. Hezreti Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Perişdeler meniň arkamda köp tagzym edýärler. Bu nämäniň alamatydyr?» di‎ýdi. Allatagaladan: «Eý, Adam! Meniň seni ýaratmagymyň sebäbi, habybym Muhammet alaýhyssalam zerarlydyr. Onuň nury seniň puşt kemeriňdedir. Perişdeler oňa tagzym edýärler» diýen owaz geldi. Hezreti Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Men şol nury görsem, ol nurdan garaňky gözümi röwşen etsem» di‎ýdi. Allatagalanyň permany bilen ol kämil şatlygyň nury hezreti Adamyň sag barmaklaryna geldi. Ol barmaga Şahadat barmagy diýip, at berdiler. Ol dyrnak¬laryna durud aýdyp, «teberruken we teýemmumen» diýip, şahadat barmagyny gözlerine sürdi. Bu iş hem Adam alaýhyssalama sünnet boldy. Muhammet alaýhyssalamyň nury onuň puşt kemerinden baş barmagyna gelende çaryýarlaryň nurlary galdy. Ol ýene birnäçe perişdeleriň tagzym edýänini gördi. Hezreti Adam alaýhyssalam: «Bular kimleriň nuruna tagzym edýärler?» di‎ýip sorady. Allatagaladan: «Meniň habybymyň nury göçdi. Ol dört çaryýaryň nurudyr» diýip bir owaz geldi. Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Ol dört çaryýaryň nury hem meniň elime gelsedi!» di‎ýdi. Bu dört çaryýaryň nury onuň barmaklaryna geldi. Hezreti Adam ony hem gözlerine sürtüp, posa kyldy. Ol bu işi her gün özüne adat edindi. Ol nur onuň elinde, tä, günäkär bolýança durdy. Ol günäkär bolansoň bu nur onuň puşt kemerine bardy.
Jennetde köp kürsüler goýlan eken. Olaryň her haýsy bir pygambere niýetlenilipdir. Hezreti Adam alaýhyssalam haýsy kürsüde otursa, şol pygamberiň mertebesi we derejesi oňa mälim bolar eken.
Ol bir gün bir kürsüde oturypdyr. Şol wagt oňa ýetmiş ylym nurundan paý ýetdi. Bu ylymlaryň hemmesiniň nury hemme asmanlary, Arşy, Kürsi, Lowhy, Galamy, hemme jennetleri ýüz esse nurly we röwşen etdi. Hezreti Adam: «Bu kimiň kürsüsi» diýip, Allatagaladan sorady. Perişdeler gelip oňa: «Bu Taňrynyň dosty, dert-günälere şepagatçy hezreti Muhammet Mustapa sallallahu alaýhy wesellemiň kürsüsidir» di‎ýdiler. Hezreti Adam alaýhyssalam kürsüde oturyp, hurma, üzüm we başga dürli-dümen tagamlardan, şire-şerbetlerden iýdi-içdi. Jennetiň howasy hem höwesi özüne çekijidi. Onuň köňlüne: «Käşgä, meniň jübütim bolsady?! Men onuň bilen dost we mährem bolsam, döwlet hezzetini görüp, aýşy-eşreti iki bolup sürsek» di‎ýen höwes düşdi. Hezreti Adam şunuň ýaly süýji arzuw etdi. Şol wagt duş wagtydy. Onuň ukusy üstün gelip, uklady. Ol bir salym uklady. Ol uklar-uklamaz arasynda Allatagala hezreti Jebraýyla: «Adamyň çep gapyrgasyndan alyp, özi dek bir surat ýasa. Ol oňa lazym bolar. Adamyň hemme zürýatlary ondan peýda bolar» di‎ýip buýurdy. Hezreti Jebraýyl alaýhyssalam Allatagalanyň permanlaryny derhal berjaý etdi. Ol ony Adam alaýhyssalamyň katdy-kamatyna we gurluşyna laýyk ýasady. Onuň derisi ýuka, reňki sap, bedenleri ýumşak boldy. Allatagala hezreti Howa öz ruhundan dem berdi. Ol şol wagt direldi.
Sowal: Allatagalanyň hezreti Howany uky bilen oýalyk arasynda ýaratmagynda näme hikmet bar?
Jogap: Hezreti Adam oýa bolsa, onuň bedeni agyrardy. Ol sebäpli hezreti Adam Howany duşman tutup, oňa mähriban bolmazdy. Eger ol süýji ukuda bolsa, onuň özünden ýaradylandygyny bilmezdi. Eger ony başga bir zatdan ýaradan bolsa, Adam alaýhyssalam ony ýagşy görmezdi. Her ýerde bolsa hem ot bilen suw, Adam bilen haýwan, musulman bilen kapyr biri-birine hiç laýyk gelmez. Allatagala hezreti Howany egri gapyrgadan ýaradany üçin onuň hatyny egri häsiýetlidir.
Habarda şeýle aýdylypdyr: Hezreti Adamdan: «Näme üçin saňa «Adam» diýip at berdiler?» di‎ýip soradylar. Ol: «Men Ýeriň derisinden ýaradyldym» diýip jogap berdi. Arap dilinde «edim» sözi derini aňladýandyr. Hezreti Howadan: «Saňa näme üçin «Howa» diýip at berildi?» di‎ýip soraldy. Ol: «Men hem diriden ýaradyldym» di‎ýip jogap berdi. Arap dilinde dirä «haýý» diýilýändir. Adam alaýhyssalam Ýerden peýda boldy, Ýer durdugyça ýagşy bolar. Hezreti Howa etden ýaradyldy, şonuň üçin hatyn garranda betsypat bolar. Garaz, Ýer durdugyça görklener, et-süňk bolsa durdugyça zaýalanar.
Elkyssa, Hezreti Howa özünden ýaradylandygy üçin, hezreti Adamyň oňa mähri-muhabbeti düşdi. Hezreti Howa örän owadandy. Onuň husny-jemaly hiç peride ýokdy. Hudaýtagala görki ýüz bölege bölüpdi. Ol onuň togsan dokuz bölegini hezreti Howa berdi, galan bir bölegini ýüz bölege böldi. Onuň togsan dokuz bölegini Ýusup alaýhyssalama, ondan galan bir bölegini bolsa ýüz bölege bölüp, onuň togsan dokuz bölegini hezreti Muhammet alaýhyssalama we hezreti Hatyja berdi. Galan bir bölegini hemme älemdäkilere berdi.
Emma Adam alaýhyssalam hezreti Howanyň özüne meňzeşdigini görüp, oňa köňli köp höwes etdi. Hezreti Adam oňa: «Maňa ýakyn gel» diýdi. Hezreti Howa ony kabul etmedi. Ahyrynda hezreti Adamyň özi ýerinden turup, onuň ýanyna geldi. Kişiniň hatynyň ýanyna ilki bolup barmaklygy Adam atadan galdy. Emma kyýamat güni hatynlar erkekleriň ýanyna bararlar. Haçan hezreti Adam hezreti Howa meýil edende, Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Adam! Howa seniňkidir. Sen howlukma, bu işi etmek nika gyýylýança rowa bolmaz» di‎ýip aýtdy.
Ibn Apbasdan (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) şe‎ýle rowaýat edilipdir: Adam alaýhyssalam uklady. Ol oýanyp görse, ýanynda bir zat otyr. Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Bu niçik zatdyr? Maňa ony mälim et!» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Adam! Bu meniň kenizimdir. Saňa Adam, oňa Howa diýip at goýdum» di‎ýip owaz geldi. Adam alaýhyssalam: «Meniň pikir-hyýalym, janym-jigerim onuň tarapyndan üzülmeýär. Ol bolmasa, men hiç sabyr-takat kylmaryn. Eý, Taňrym! Sen maňa niçiksi hal berdiň?» diýdi. Allatagala: «Eý, Adam! Men ony saňa jübüt edip ýaratdym. Men seniň köňlüňi onuň didary-jemaly bilen hoş ederin. Sen onuň bilen bir ýerde bolanyňdan soň seniň köňlüňde sabyr, aram we karar hasyl bolar» di‎ýdi. Häzir hem şu sözüň sebäbinden aşyk magşugyň wysalyna ýetmese, onuň şondan başga höwesi ýokdur.
Elkyssa, Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Maňa buýruň, goý, maňa ondan aram we sabru-takat hasyl bolsun» di‎ýdi. Allatagaladan: «Eý, Adam! Oňa köp zatlar lazymdyr» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Men seniň guluň bolandygym üçin iki älemiň nagdy-nukudy meniňki dälmidir?» di‎ýdi. Adam alaýhyssalamyň bu sözi Allatagala hoş geldi. Ol perişdelere: «Eý, perişdeler! Arşu-Kürs, Lowhu-Galam, ýokarky we aşaky älemlerdäkiler, hemmäňiz jemleniň. Behişde aýna baglap, ony arassa ediň» di‎ýip buýurdy. Jarçy perişdeler: «Eý, perişdeler, hemmäňiz jemleniň!» diýip, jar çekdiler.
Hemme perişdeler ýygnandylar. Perişdelere täzeden-täze halat berildi. Allatagala bu waka sebäpli olary sap-sap edip duruzdy. Hüýr gyzlar çeň çaldylar. Adam alaýhyssalama gat-gat hülle geýdirdiler. Ol hülleleriň her biri bir reňkdedi. Başyna göwher çaýylan täç geýdirdiler. Şeýle hezzet-hormat hiç haçan bolmandy. Allatagala özüniň samady bilen başlap, Adam alaýhyssalamyň nikasynyň hutbasyny okady.
Hutbanyň manysy:
Bismillähi-r-rahmany-r-rahym. Meniň senam-tehmiddir. Meniň lybasym – beýiklikdir. Meniň köýnegim – ululykdyr. Ýaradylan zatlaryň hemmesi Meniň bendelerim we kenizeklerimdir. Muhammet – meniň dostumdyr. Onuň ummaty iň gowy ummatdyr. Meniň özümiň ýeke-täkligime delil edip, hemme zatlary jübüt edip ýaratdym. Eý, perişdeler! Eý, asmanlarymyň ýaşaýjylary, Meniň Arşymy göteriji perişdeler! Howa Meniň ýaradan ajaýyp zadymdyr. Ol meniň gudrat golum bilen ýasan zadymdyr. Siz muhabbetim, ülpetim, şepagatym, tesbihim, tehlilim, päkligim bilen ýaradan Adama ony jübüt edendigime şaýat boluň! Allatagaladan başga Hudaý ýokdugynyň (Meniň ýekeligime şärik ýokdur), Muhammediň onuň bendesidiginiň we ilçisidiginiň şahadaty bilen siz muňa güwä boluň! «Eý, Adam we Howa! Siz ikiňiz jennetime giriň, behiştiň miwelerinden iýiň we şu agaja özüňize zulum etmezligi üçin ýakynlaşmaň. Siz ikiňize salam gönderýärin. Adam atanyň ogulla¬rynyň we Howanyň gyzlarynyň kalplaryna Meniň mähribanlygym hem rehmetim bolsun! Älemleriň hökümdary bolan Taňry öwgi-tarypa mynasypdyr!»
Ondan soň bu ikisi biri-birine ýakynlyk etdiler. Olar jen-netde sahyby Ryzwan, ruhy reýhan, hüýr-gulman bilen aýşy-eşretde ýüz müň hezzet-hormat bilen ýördüler. Olar «Şejereten memnuga» asla ýakyn barmadylar. Bir rowaýatda bäş ýüz ýyl, ýene bir rowaýatda üç ýüz ýyl olar bu ýagdaýda durdular diýilýär. Ýene bir hekaýatda Allatagala perişdelere perman beripdir: «Eý, perişdeler! Eger siz Adamdan alym bolsaňyz, ondan her hili zatlary soraň». Perişdeler sowal berdiler. Hezreti Adam alaýhyssalam olara laýyk jogap gaýtardy. Hezreti Adam alaýhyssalam perişdelerden sowal sorady. Olar jogap bermekden ejiz geldiler. Bu ýerden Allatagalanyň: «Men siziň bilmeýän zatlaryňyzy bilýärin» diýen sözüniň bir manysy mälim boldy: «Adam sizlerden alymdyr, siz abytsyňyz. Emma meniň üçin müň abytdan bir alym ýagşyrakdyr. Nirede alym bolsa, abytlara onuň hyzmatyny etmek lazymdyr. Siz sajyd boluň, ol mesjud bolsun. Baryň, oňa sežde ediň». Hemme perişdeler oňa sežde etdiler. Aýat: «Jemi perişdeleriň hemmesi jemlenip, sežde etdiler».
Sowal: «Sežde etdiler» diýdi, «hemmesi» diýdi, «jemle-nip», «jemi» diýdi. Mundan näme peýda bardyr?
Jogap: Peýda şudur: «Perişdeler» sözünden soň «hemmesi» diýen söz getirilmese, ondan «Birnäçesi sežde etdi, birnäçesi bolsa sežde etmedi» diýen manynyň çykmagynyň ähtimallygy bardyr. «Ejma‘un» («jemlenip») sözi getirilmese, «perişdeler öň sežde etdiler» diýen ähtimallyk bardyr. Perişdeleriň bary bir gezek sežde etdiler. «Ýalňyz Azazyl sežde etmedi. Ol boýun sunmady. Ol tekepbirlik etdi. Ol kapyrlaryň jümlesinden boldy».
Perişdeler seždeden başlaryny göterip görseler Iblis sežde kylman, onuň gerdenine towky nälet düşüpdir. Perişdeler söýenenden soň ýene sežde kyldylar. Şondan soň namazda birinji sežde parz, ikinji sežde wajyp boldy. Ondan soň onuň Azazyl adyny aýryp, Iblis adyny berdiler. «Iblis» diýmek «näumyt» diýmekdir, ýagny ol Hudaýtagalanyň rehmetinden näumyt boldy.
Abu Yshagyň aýdan rowaýatyna görä, Iblisiň boýnuna nälet duzagyny salanlarynda ol: «Hudaýtagalanyň perişdeleri köp. Meniň olar bilen jedel tutmaga kuwwatym ýok. Haçan diriler we perişdeler ölüp, Hudaýtagalanyň ýeke özi galsa, şol wagt men uruş kylaryn» di‎ýdi. Şu niýet bilen ol uzak ömür diledi (goý, onuň ömrüne nälet bolsun!). Onuň bu niýeti Allatagala mälimdi. Şonuň üçin Allatagala oňa: «Tä belli wagta çenli sen uzak ömürli» diýdi.
Sowal: Azazyl şeýtan bolandan soňra, onuň jennete girmeginiň sebäbi nämedir?
Jogap: Hudaýtagala: «Eý, melgun! Saňa Adam perzentlerini ýeňmäge ýardam berdim» di‎ýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Adam perzentleriniň damarlarynda gan nähili ýörese, şeýtan hem şonuň ýaly ýörär» diýdi.
Sowal: Adam alaýhyssalam bilen hezreti Howa şejereten memnugadan gadagan edilmegine sebäp nämedi?
Jogap: Bugdaý hezreti Pygamber alaýhyssalamyň nesibesidi. Biriniň nesibesini kesekiniň iýmegi dürs däldir. Häzir hem biriniň nesibesini başga biri iýse günäkär bolar.
Sowal: Adam alaýhyssalamyň jennete girmeginde nähili hikmet bar?
Jogap: Allatagala jenneti Adam perzentleri üçin ýaradyp-dyr. Bu ýerde ol perzentleriniň ornuny görsün, dünýäde köp tagat-ybadat etsin diýen hikmet bardyr.
Sowal: Mömin perzentleri öz orunlaryny görmäge girseler, kapyr perzentleri olaryň arkalarynda eken. Olar hem jenneti gördüler, muňa sebäp nämedir?
Jogap: Bu ýerde kapyrlar dowzaha girenlerinde jenneti ýatlap hesretu-ökünç kylsynlar diýen hikmet bardyr.
Başga bir jogap: Hudaýtagala Adam alaýhyssalamy jennete girizende perzentleri onuň oňurgasyndady. Olary jennete girizmeginiň sebäbi şeýledir: Olar jenneti görsünler, mallaryny hem tenlerini satyp, jenneti satyn alsynlar. Çünki şerigatda görülmedik zady satmak rowa däldir. Allatagala olary: «Bu söwda dürs bolsun» diýip jennete girizdi. Dellaly hem getirdiler. Aýat: «Elbetde, Allatagala möminleriň janlaryny we mallaryny olara jenneti berip satyn aldy».

Bir şahyr şeýle aýdypdyr:

Satylýan zat – jany takwanyň,
Alyjysy özi Allanyň.

Bahasy – jennetidir Onuň,
Dellaly – Resuly Hudanyň.

Muňa güwälikdir sözleri,
Töwrat, Injil, Zebur, Gurhanyň.

Satan Allatagala, satyn alan Allatagala, satylýan zat mömin, onuň dellaly Muhammet alaýhyssalam.
Adam alaýhyssalam zürýatynyň oňurgasyndan çykandygyny nirede gördi? Alymlar bu sowalyň jogaby barada dürli pikirlere geldiler. Olaryň bagzysy: «Ol olary jennete girmezinden eşnu gördi» di‎ýip aýdypdyr. Beýleki birleri: «Ol olary jennetde gördi» diýip aýdypdyr. Başgalar: «Ol olary jennetden çykanda gördi» di‎ýipdirler. Hudaýtagala Adam alaýhyssalamyň perzentlerini oňurgasyndan adamyň suraty ýaly, emma garynja ýaly uşak edip çykardy. Olar mömin hem däl, kapyr hem däldiler. Taňrydan: «Men siziň Taňryňyzmydyryn?» di‎ýen owaz geldi. Olar: «Hawa, sen biziň Taňrymyzsyň» diýdiler. Adam alaýhyssalam olary görüp: «Eý, Taňrym! Bular kimlerdir?» di‎ýip sorady. Taňrydan: «Bular seniň, tä, kyýamat gününe çenli dünýä injek nesliňdir» di‎ýen owaz geldi. Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Bular ýer ýüzüne nähili sygarlar?» di‎ýdi. Taňrydan: «Eý, Adam! Men bulary dört ülüş ederin: bir ülüşi atalaryň oňurgasynda, bir ülüşi eneleriň garnynda, bir ülüşi ýeriň ýüzünde, bir ülüşi ýeriň goýnunda bolarlar» di‎ýen owaz geldi. Adam alaýhyssalam olara bakdy. Görse, kimsiniň garagy kör, kimsi agsak, kimsi dertli. Ol: «Eý, Taňrym! Sen bulary näme üçin deň ýaratmadyň?» di‎ýdi. Taňrydan: «Eý, Adam! Men uçmahy oňa girijiler üçin ýaratdym. Men dowzahy hem oňa girijiler üçin ýaratdym. Men uçmahy we tamugy olaryň maňa şükür etmekleri üçin ýaratdym. Eger körleri ýaratmadyk bolsam, gözlüler maňa şükür etmezdiler» di‎ýen owaz geldi.
Päklik we ýardam bermeklik diňe Allatagalanyň öz erki bilendir! Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle