Kyn mesele / satiriki hekaýa
Kyn mesele / satiriki hekaýa

Gully aga edaralaryň birine sprawka almaga geldi.
― Ýaşuly, bizden sprawka almalydygyňyz barada sprawkaňyz barmy?! ― diýip, şol edarada işleýän biri ýüzüni gamaşdyrdy.
― Weý-weý, otüki, sprawkasyz gelmen ahyry, oglum. Minara dikelden minara boýly çukur gazar diýen sözem bardyr. ynha, sprawka gerekdigi barada üç sany sprawkam bar ― diýip, Gully aga horjunyň gözeglerini ýazdyrmaga durdy.
― Ýaşuly, bize üç ekzemplýary gerek däl, birem bolsa bes.
― Alyber, oglum, geregiňden artygyny kagyz alynýan ýere tabşyraýarsyň.
― Ýaşuly, ýadyma salanyň gowy bolaýdy. Siz näçe kilogram makulatura, ýagny köne kagyz tabşyrdyňyz? Şony tassyklaýan sprawkaňyzy göreýin ― diýip, edara işgäri elini uzatdy.
― Päheý-de welin, şonuňam gürrüňini edýäň-ow. Ine, bulara, gözüňe söweýin, sprawka diýerler. Ynha, köne kagyz tabşyranlygym hakdaky sprawka. Bu demir bölekleri üçin berildi. Misiň aýratyn sprawkasy bardyr. bu-da garagurumyňky. Süňk, şah, toýnak tabşyranlygym hakda-da sprawka alypdym.
― Ýaşuly, maňa beýle köp sprawka gerek däl.
― Gerek däliňi goý, oglum. Diliň mydyrt etse, edil şu pille nagt ederin.
― Ýaşuly, görýän weli, siz gaharjaňrak ýaly-la. Psihiatordan sprawka getiräýseňiz?!
― Ony getirmeris, han ogul.
― Getirmeseňiz menlik işiňiz-ä bitmez.
― Getirmeris-de, şu ýerde nagt ederis. Ine, dälihanadan alan sprawkam. Muny ýokanç keseller keselhanasyndan aldym. Bu-da analizleriň netijesi. Içimde soguljanyň ýoklugyna pitiwa edýän hat hem aldym.
― Ýaşuly, sizde baý-feodal düşünje ýokdur-da hernä?!
― Nireden bolsun. Ine, aýalymyň külüni çykaryp barýan suratym. Elim taňňyrly kül atmaga barýakam surata düşürdiler. Ynha, bu surata bir seret, sakgalymy daňyp, tamdyra çörek ýapyp durun. Bu-da agtyklarymyň arlygyny ýuwup durkam alnan surat.
Şeýle diýip, ýaşuly bir topar sprawkadyr suratlary býurokratyň stolunyň üstüne dökdi.
― Bize onça kän sprawka-da gerek däldir, biz ol öňki görýän býurokratlaryňdan däldiris ― diýip, çini ownuk adam ýüzüni hasam gamaşdyrdy.
― Ýaşuly, maşynyňyz barmy?
― Ýok, oglum. Pyýadadyryn.
― Beýle bolsa, pyýadalygyňyz hakda sprawkajygyňyz gerek boljak öýdýän?!
― Olam bar. Me, ine, üç ekzemplýar.
― Biri bes. Eger siz pyýada bolsaňyz, köçe düzgünlerini bozmaýanlygyňyz hakda sp…
― Bar, bar, ine, üç ekz.
― Ýolagçy awtobuslardan peýdalanýanlygyňyz barada…
― Ine, me, al-da çataý.
― Awtobusda çilim…
― Bar. Bu çilim, ine, nas, bu-da çigit… Üç sprawka.
― Ýaşuly, awtobusda siz aýallara ýer berýäňizmi?
― Hawa, ýer berýän.
― Hany sprawkaň?
― Ine, üç ekzemplýar. Bu-da suratymyz. Ynha, men dik durun. Aýallar otyrlar.
― Bolýa. Ýaşuly, indi men senden iň soňky sprawkany sorajakdyryn. Şolam bolsa, onsoň işiň bitdigi hasap edäý.
― Soraň.örän taýynlykly gelendirin. Sprawka aljagym gaty çynymdyr. Aýyň üstüniň topragyndan bir gysym getir diýseňem taparyn. Şolam horjunymda bardyr, ätiýaçdan alyp gaýtdym ― diýip, Gully aga ýeňillik bilen dem aldy.
― Ýaşuly, bize şeýle bir sprawka gerek boljak.
― Nähili sprawka? Aýtsaň armanym ýokdur.
― Awtobusda ýaşlaryň saňa hormat goýup, orun berýändikleri hakda sprawka ýa fotosurat bolaýsa?!
―Päheý-de weli, bolmady-ow. Otüki, oglum, bu kyn mesele. Beýle sprawkany hatda weteran, inwalid garrylaram getirip bilmeseler gerek. Satiriki hekaýalar