|

Kyn ekeni sensizlik

Kyn ekeni sensizlik KYN EKENI SENSIZLIK

Kyn ekeni sensizlik

Dem almaga howam ýok,
Kyn ekeni sensizlik.
Alawlaýar gyzyl ot,
Kyn ekeni sensizlik.

Çagalykda aladasyz,
Ýaşap ýördük, hezillik.
Gelen ýaly gyş pasyl,
Kyn ekeni sensizlik

Ýagyş ýagsa damja-da,
Hezil edip ezildik.
Gezek geldi göz damja,
Kyn ekeni sensizlik.

Pirmiňe düşmezden,
Ýar keşbinden çekildik.
Gyş güni deý üşmezden,
Kyn ekeni sensizlik.

Günäm boldy iň uly,
Islegiňi bilmezlik.
Hiç bolmajak zat diýdim…
Mümkin eken sensizlik.

✍ Amangözel GURBANOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle