Küýseg
Küýseg
Bilýän,
Seniň meni göresiň geler,
Takat tapman gyz kalbyňa, janyňa.
Söýgä teşne bolup,
Gelesiň geler
Meniň ýanyma.
Islärsiň-de
Bir süýji söz aýdarym,
Bagry girýan
Dolarsyň sen gujagma.
Towlanarsyň,
Diňläp söýgi aýdymyn,
Erksiz ellem inçe biliň guçanda.
Bilýän,
Seniň meni göresiň geler,
Unudyp ýyllaryň dagy-hijranyn.
Kalbyňy ýanlyk deý seresiň geler,
Huzurynda şol garypja hüjrämiň.
Ýalbararsyň: «Goşgy okap bersene,
Iň bolmanda birje bent bir aýdaý-da!
Indi bildim,
Giç düşündim,
Görsene,
Gudrat bar ekeni yşky aýdymda…»
Başyň goýup gursagyma, döşüme,
Eljiräp hem aýnap,
Gülesiň geler.
Bir pursat dolanyp juwan ýaşyňa,
Seň meni şeýlebir göresiň geler.
Bäşim ATAÝEW. Goşgular