|

Küteklik

Küteklik

KÜTEKLIK

Durmuş kämil dälmi?
Ýa-da adamlar?!
Ýygnaklarda orta atylsa teklip,
Ähli ýitilikleň örküne
agzy
Synan palta bolup urýar küteklik.

Haýran galaýmaly!
Nirede bolsun,—
Ol ýitilik bilen geçir sözüni.
Ýok. Küteklik kesip bilmäni üçin,
Ýykyp-ýumrup, ykrar eder özüni.

Ol şeýle başarjaň, şeýle bir
ussat, —
Umuman, öňünde durmak juda kyn,
Walla, gür tokaýa taşlaýsaň,
Şonam
Kütekligi bilen çapmagy mümkin.

Öňde-soňda düşünmeli ahyry!
(Muny wagtal-wagtal boýnam alýarys).
Ýitiligi ulanmaly wagtymyz
Kütekligi aýlap-aýlap salýarys.

Ol saňňy dişlerin syrtardyp çala,
Haýbat atanynda kötekli güne,
Oturanlar duýman elini çarpar
Onuň örän ýiti kütekligine.

Ol özüniň kütekligin bilmez hiç,
Bar bolsa-da şu gürrüň bar tarapda.
Mundan uran kütek gyljynyň ujy
Nämüçindir şaňlar durar arapda.

Emma kütekligiň bir täleýi bar:
Ol sapyndan sypar gider iru-giç.
Ýöne hyjuw bilen kütekligini
Ykrar eder ýere düşerne deňiç.

Gurbannazar EZIZOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle